Psihogenetika


Чтобы посмотреть этот PDF файл с форматированием и разметкой, скачайте его и откройте на своем компьютере.



TÜRKMENISTANYŇ BIL
IM MINISTRLIGI


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti





JANABAÝ ŞYHYÝEW

SAPARGÜL GELDIÝEWA





PSIHO
GENETIKA







Ýokary mekdepleri üç
in okuw gollanmasy


T
ürkmenistanyň Bilim ministrligi

tarapyndan hödürlenildi







A
Ş
GABAT

2010


6


Ş
yhy
ý
ew

J
.
, Geldiýewa S.

Psihogenetika
.
Ý
okary

okuw

mekdepleri

üç
in

okuw

gollanmasy
.


A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy,
2010. 1
28

sah.































7

Sözbaşy


Hormatly Pre
zidentimiz Gurbanguly Berdimuha
medow
döwlet başyna geçen gününden döw
letimiziň geljegi bolan ýaş
nes
le bilim
-
terbiýe bermeklik meselesine aýratyn
ü
ns berýär.
2007
-
nji ýylyň Mart aýynyň 4
-
ne “
Bilim
-
terbiýeçilik
edaralarynyň işini kämilleşdirmek” hakyndaky Karara gol
çekilmegi bilim ulgamynda alnyp barylýan okuw
-
terbiýeçilik
işleriniň hilini ýokarlandyrmaga, mugallymlaryň terbiýeçilik
işlerini netijeli guramaga esas döretdi.

Gollanmada

psih
ogenetikanyň esasy düşünjeleri, usullary, psihologiýa bilen
genetika ylymlarynyň arabaglan
yşyg
y, nesle geçijilik we
üýtgeýjilik kanunlary barada
maglumat

hödürlenýär. Beýik
özgermeler eýýamynda
,

Türkmenistanda durmuş
-
ykdysady
özgermeler milli döwründe hem
-
de Galkynyşlar eýýamynda
adamyň tebigaty dogrusyndaky pikirlerinden ugur alyp,
psihikanyň kemala gelşinde beden
-
fiziologik we gurşaw

si
rleriniň orny dinamiki mazmu
nda yzarlanýar.


Özüňi alyp barşyň nesle geçýän esaslaryna gyzyklanma
XX asyryň ort
alaryn
da döreýär. Ondan öň özüňi alyp baryş

diňe daşky gurşaw bilen şertlenen diýip hasaplanylýardy. Bu
garaýyş
özüňi alyp baryşyň

üýtgeýjiligne we ýagdaýlylygyna
syn etmek netijesinde döredi. Genetikanyň ösüş döwründe
barlagçylary janly organizmleriň aňsat ýüz
e çykarylýan
morfologiki tapawutlar gyzyklandyrýardy.
Özüňi alyp baryşyň
alamatlaryny hasaba almak we seljermek kynçylyklar bilen
baglanyşykly bolup, adatça
özüňi alyp baryşda
genetiki düzüji
inkär edilýärdi.



Ö
züňi alyp baryşy,
aýratyn hem
,

adamlaryň öz
ün
i alyp
baryşy
seljer
i
lende, genet
iki çemeleşmäni ulanmak pikiri k
abul
edi
lmesiz hasaplanylýardy. Genetikler

ýaşaýyş
-
durmuşyň
dowamynda üýtgemeýän we ş
onuň üçin genetiki seljermä

amatly bolan alamatlary öwrenýärdiler. Alamat däl
-
de, onuň
kemala gelmek uky
by nesilden
-
nesle geçýär diýen düşünje soň

8

döreýär.
Özüňi alyp baryş
daşky täsirlere jogap reaksiýasy
bolup durýar.
Munuň bilen baglanyşykda ol çäksiz we genotipe
garaşsyz üýtgeýär diýen duýgy döreýär. Haýwanlarda geçirilen
genetiki barlaglar
özüňi alyp ba
ryşyň
nesle geçijilige
baglylygyny subut etdiler. Haýwanlaryň
özüni
alyp bar
şynda

genetiki düzüji hökmany suratda gatnaşýandyr.
Esasy mesele
bolsa, dürli

görnüşlerde aýry
-
aýry özüňi alyp baryş
ýagdaýlarynda

nesle

geçijiligiň ornuny kesgitlemek bolup
durýar
.


Adamyň
özüni alyp baryşynyň
nesle geçiji esaslary
amalyýet gatnaşykda örän wajypdyr. Döwrebap raýatyň
ýaşaýan şertleri döreýän täze hünärler işgärleriň biologiki we
psihologiki aýratynlyklaryna uly talaplary bildirýär.


Daşky şertl
ere dogry jogap berip
bilmeklik

köp derejede
adamyň durmuş üstünligini kesgitleýär. Adam özüniň nesle
geçýän öňden berilmelerini bilip, oňaýsyz täsirlere getirip
bilýän ýagdaýlardan gaça durmak mümkinçiligine eýe bolýar.
Adamyň nesle geçijiligi öwrenilende
,

barlagçy bir hatar
meselelere duş gelýär. Olar bir topar çäklendirmeler bilen
baglanyşyklydyr. Aýratyn hem
,

adamyň
özüni alyp baryşy
genetiki taýdan seljerlende, köp kynçylyklar döreýär. Adam
diňe ewolýusiýanyň gidişinde biologiki aýratynlyklara we
indiwidual ösüşe eýe bo
lmak arkaly däl
-
de, tehnologiýan
y
kämilleşdirmegiň, ýagny, medeni ösüşiň üsti bilen hem daşky
gurşawa uýgunlaşýar. Biologiki aýratynlyklar
-
genetiki
kanunlara laýyklykda nesle geçýär. Medeniýetiň nesle geçmegi
bolsa, tejribäniň geçirilmegi hökmünde amala aş
yrylýar.
Özüňi
alyp baryşyň
genetiki esaslaryny öwrenýän psihologlar hem
klassiki, hem täze usullary ulanýarlar.

Özüňi alyp baryşyň
alamatlary genetiki seljerme üçin çylşyrymlydyr. Sebäbi olar
ýokary derejede daşky gurşawyň şertleri bilen üý
tgedilýär.
Nusg
awy obýektler
ulanylanda

hem, tejribäniň şertlerine

gözegçilik etmek kyndyr. Tejribeden öň haýwanlaryň toplan
durmuş tejribeleriniň tapawutlary barlag döwründe
özüňi alyp

9

baryşa
täsir edýär. Adamyň
özüni alyp baryşy
seljerlende bolsa,
barlagçy psihologiki

hyzmatlaryň köp alamatlylygy we
toplumlaýynlygy bilen gabat gelýär. Ähli agzalan kynçylyklar
täze ylmy ugruň
-
psihogenetikanyň dersi bolup durýa
r
.


Bap I. Psiho
genetikanyň dersi we wezipeleri


1.1. Psihogenetika
nyň dersi, ýüze çykyşy we ösüşi






Psihogenetika
-
aýratyn ylym hökmünde psihologiýa
bilen genetikanyň aralygynda dörän ylym bolup, esasy wezipesi
adamyň indiwidual (özboluşly) psihologik aýratynlyklarynyň
esaslarynyň kemala gelişiniň genotipini (gr. genos
-
gelip çykyş
,
tip
-
nusga) we daşky gurşawyň ornyny anyklamakdan
ybaratdyr. Onuň dersi hökmünde seredip geçýän meselesi
-
neslegeçijilik görkezijileriniň we şol bir wagtyň özünde daşky
gurşawyň psihologik, psihofizologik özboluşlyklarynyň kemala
gelmegini derňemek bolup
durýar. Soňky ýyllarda
psihogenetik barlaglaryň obýekti hökmünde adamyň özboluşly
ösüşiň mehanizmlerini döwürlere bölüp öwrenmeklik hem
girizildi.
Genotip


organizmiň ata
-
eneden alan genleriniň
(nesil birlikleriniň) toplumyny öwrenýär.


Psiholo
giýada indiwiduallyk meseleleri adamlaryň
psihologik keşbiniň gaýtalanmazlygy, biziň psihikamyzyň şol
göze görünmeýän fenomenleriň biridir. Adamalar psihologik
taýdan bir
-
birine meňzeş däldirler. Şu dürlülügiň gelip
çykyşyny düşündirmek käbir indiwidual ba
şlangyjyň biri
bolup, ol özboluşly professional seçgiden alyp gaýdýar.
Ýewropa ýurtlarynda neşir edilýän edebiýatlarda psihogenetika
diýlende, “özüňi alyp barşyň genetikasy” degişli diýip
belleýärler. Rus edebiýatynda, esasanam, D.S. Wygodskiý
“özüňi alyp

barşyň ösüşi” diýen pikiri öňe sürýär. S.L.
Rubinşteýn 1946
-
njy ýylda “işjeňlik” we “özüňi alyp baryş”
diýen düşünjeleri deňeşdirmek arkaly adamyň meýilleriniň zat,

10

predmet meselelerinden şahsy
-
jemgyýetçil
i
k gatnaşyklaryna
geçirilende, hakyky sözüň doly
manysyna eýe bolýar diýip
belleýär. Adamyň özüni alyp baryşy ahlak talaplara gabat
gelmelidir.


B.G. Ananýew bu meselä seredip geçen wagtynda
adamy haýsy tarapdan öwernilýändigine üns bermelidigini
belleýär. D.N. Uznadze adamlaryň özüni alyp ba
ryşlaryny
toparlara bölmekligi teklip edýär. Meselem, işde, oýunda, çeper
döredijilikde we beýlekiler. Golaýda çapdan çykan “Psihologik
sözlükde”(1996) özüňi alyp baryş
-
janly bedenleriň hereketi
bilen baglanşygy bolup, özüniň düzüminde hereketsiz, emma
şol

bir wagtyň özünde daşky gurşaw bilen aragatnaşygy ýola
goýýar diýlip bellenilýär. Emma bu kesgitleme haýwanat
dünýäsi üçin kabul ederliklidir. Adamyň hereketleri hemişe
jemgyýetçilik taýdan şertlenen bolup, jemgyýetçilik,
toparlaýyn, maksada okgunlylyk,er
kli we döredijilikli häsiýete
eýedir. Başgaça aýdanyňda,adamyň özüni alyp barşy onuň
jemgyýetiň agzalaryna, beýleki adamlara, daş
-
töweregimizi
gurşap alan zatlara, ahlak gatnaşyklaryna daýanýar.


S.L. Rubinşteýniň pikirine görä, özüňi alyp barşyň
“bi
rligi”
-

adamyň beýleki adamlara we jemgyýet tarapyndan
kesgitlenen talaplara bolan gatnaşygynda kesgitlenýär.


Haýwanlaryň özüni alyp baryşlaryny öwrenmek bu
meseläni ylmy esasda alyp barmaklyga gönükdirlendir.
Adamda genotipiň we daşky gurşawy
ň täsiri netijesinde özüňi
alyp baryşynda düýpli özgerişlikler bolup geçýär:


1. Haýwana haýsy
-
da bolsa bir hereketler öwredilende,
ol aýdylan hereketi ýerine ýetirýär, adamda bolsa öwretmek,
mesele çözmek, uýgunlaşmak esasy orun tutýar.



2. Adamda öňden bäri dowam edip gelýän jemgyýetçilik
tejribesini kabul etmek,däpler
-
dessurlary, adatlary saklamak
meselesi ýüze çykýar.


3. Adamda dil aragatnaşygy ýola goýulýar.


11


Psihogenetika
-

aýratyn ders hökmünde 1982
-
nji ýylda MGU
-
ny
ň psihologiýa kafedarsynda okadylyp başlandy.


1.2. Psihologiýada indiwiduallyk
-
özboluşlylyk meselesi


Adamyň psihologiýasynda şahsy tapawutlyklary
öwrenmekligiň birnäçe ýollary bar. Meselem, adamyň şahsy
ösüş derejesini kesgitlemek meselesini alyp göreliň
. Olary
sosial, biologik aýratynlyklar, hyjuwy, kognitiw
-
akyl ýetiriş
hadysalaryň güýjüne gözegçilik etmek arkaly ýüze çykaryp
bolar.


Ýewropa ýurtlarynyň alymlarynyň pikiriçe,
indiwiduallygy kemala getirmek üçin psihologiki we sosial
-
psihologik
i görkezijileriniň ähmiýetine üns bermeli. Adamyň
psihiki özboluşlylygynyň mazmuny biziň genlerimizde
belgilenendir. H.P.Dubiniň “Sosial nesle

geçijilik” atly işinde
medeni yzygiderlilik kanunlary yzarlanýarlar. Dünýä inen çaga
adamzadyň gazanan maddy, r
uhy baýlyklaryndan peýdalanýar,
özi şahsyýet derejesine ýetenden soňra özboluşly goşandyny
goşýar.


Tebigy taýdan her bir ynsanyň psihiki özboluşlylygy,
gaýtalanmazlygy aýratyn ylmy esasda öwernmekligi talap
edýär. Gadymy döwürden bäri her bir
adamyň psihiki
özboluşlylygynyň barlygy ýüze çykarylypdyr. Şol döwürden
başlap, onuň düýp sebäbini anyklamaga çalyşypdyrlar. B.S.
Awanesowyň ýazmagyna görä, baryp b.e öňki III asyrda
Gadymy Wawilonda kätip bolmak üçin ýörite synag
geçiripdirler. Mundan baş
ga
-
da Gadymy Ýegipetde ruhany,
Gadymy Hytaýda
-
häkim bolmak üçin adamlary synagdan
geçiripdirler. Bu ýerde esasy mesele synag edilýäniň bilim
derejesi we başarnygy bolman, onuň dürli durmuş
ýagdaýlarynda özüni alyp barşynyň özboluşlylygy göz öňünde
tutulyp
dyr. Meselem, emosional
-
duýgusy, başarnyklarynyň
kämilligi, durmuşda ýüze çykyp biläýjek ýagda
ý
larda özüni

12

alyp barmaga bolan ukyby, ugurtapyjylygy we
beýlekiler.Pifagor öz mekdebine okuwçy kabul edende,
emosional dartgynly ýagdaýda adamyň özüni alyp barş
yny
derňemegi teklip edýär (üstünden gülnen wagtynda özüni
saklap bilişi). Onuň pikiriçe, adamyň häsiýeti ýöreýişinde we
gülküsinde has aýdyň duýulýar diýip nygtaýar.


Gadymy döwürlerden başlap adamlaryň özüni alyp
baryşlaryny aýratyn toparla
ra bölm
äge synanşyk
edilipdir.Meselem
, Aristoteliň döwürdeşi Teofrast “Ahlak
häs
i
ýetler”diýen işinde 30
-
dan gowrak häs
iýetleri
tapawutlandyrýar

we olaryň ýüze çykyşlaryny öwrenýär.


Abu Aly Ibn Sin
anyň
, Al Berunynyň, Gippokratyň,
Ari
stoteliň işleri
nde özüňi

alyp baryş meselesine aýratyn ü
ns
berilý
är
.

XVII asyryň

ortalarynda italýan lukmany K. Baldo grafologiýa
(hat
-
ýazuwyň özboluşlylyg
y
) bilen baglanyşykly “Haty ýazan
adamyň häs
i
ýetini kesgitlemegiň özboluşlylygy” diýen işinde
adamyň

hatyny öw
ren
m
egiň ze
rurlygyny belleýär.

XIX asyryň

ortalarynda ýüze çykan
tejribe

psihologiýa
-

adamyň özüni alyp barşyny öwrenmeklige aýratyn üns berýär.
Adamyň indiwidual özbol
uşlylygyny ylmy esasda öwernmek
l
ik

iňlis alymy Frensis Galtona (1822
-
1911) we nemes alymy
Wi
lýam Şterne (1871
-
1938) degişlidir.
Galton ilkinji bolup
,

adamla
ryň özboluşly aýratynlyklaryna ü
ns berýär we olary
takyk kesgitlemek maksady bilen ö
lçeg gurallaryny
we hasaba
alyş apparatyny döredýär. Onuň toplan maglumatlary
-
fiziologiýa, psihologiýa bil
en baglanyşykly bolup
,

i
n
diwiduallygy ýüze çykarmaga gönükdirlendir.


G. Ebbingauzyň okuwçysy bolan W. Ştern 1900
-
nji ýylda
“Indiwidual özboluşlylygyň psihol
ogiýasy hakynda” diýen
işinde “d
ifferensial
-
tapawutlandyryjy

psihologiýa” diýen
düşünjäni g
irizýär. Bu mesele bilen ba
glanyşykly kliniki
esasda ýazyl
an işler
hökmünde
E. Krepelina
nyň
(1856
-
1921),
A. Bine(1857
-
1912), A.F. Lazurskiý
niň

(1874
-
1917) ýazan

13

işlerini görkezmek bolar. Psihogenetikanyň şu ýyllarda kämil
ösmegine 2 sany ugur düýpli täsir
etdi:



1. Psi
hologik diagnostika
-
anyklaýyş
. 2. Statistika. Olar
yzygiderli, takyk netijeleri kesgitlemäge esas döretdiler.

Häzirki zaman psihogenetikasy 2 meseläni

öz içine alýar: 1.
Genetiki mesele
.


2. Sosial gurşaw gatnaşykla
ryny öwrenmek mese
lesi
.

Genetiki psihologiýa


haýwanlaryň özlerini alyp barşyny we
adamyň psihiki ösüşini öwrenýän psihologiýanyň aýratyn
ugrydyr.

Onuň e
sasy wezipeleri
:


1.Adamyň we haýwan
laryň psihik
asyny öwrenmek.


2.Dürli toparlara degişli haýwanlary
ň psihikasyny
öwrenmek.


3.Çaganyň ýokary nerw işjeňliginiň
, özüni alyp
barşynyň
,psihikasynyň



ösüşiniň kanunalaýyklyklaryny

öwrenmek.



4.Ýaş aýratynlyklaryny öwrenmekden ybaratdyr.



Genetikanyň esasy düşünjelerine

indikiler degişlidir:



Gen


DNK
-
nyň bölegi, ol başga genyň işjeňligine
gözegçilik edýär we haýsydyr bir belogyň öýjüginiň üsti bilen
sintezi kesgitleýär.


Nesle geçijilik


bu organizmiň haýsydyr bir alamaty ene


atadan nesle geçirmek we sakl
amak ukybydyr. Nesle geçijiligi
öwrenmeklik ilkinji nobatda genetikanyň biologiki
düzgünlerine, daşky gurşawyň täsirlerine, bu iki görkezijileriň
özaratäsirine esaslanýar.


Üýtgeýjilik


bu ata


eneden tapawutlanýan, organizmiň
haýsydyr bir täze alamat
lara eýe bolmak ukybydyr.


Allel


seredilýän geniň bir ýa
-
da birnäçe görnüşi bolup, ol
hromosomanyň kesgitli böleginde ýerleşýär. Eger
-
de gen iki
allelden ybarat bolsa, onda oňa diallel ulgam diýilýär. Eger
-
de
gen birnäçe allelerden düzülen bolsa, onda

oňa mukdarlaýyn

14

allelizm diýilýär. Düzgün bolşy ýaly, alleler latyn harpy ýa
-
da
bir belgi
-
simwol bilen belgilenýär. Agdyklyk edýän uly harp,
gowşak bolsa kiçi harp bilen belgilenýär. Meselem, A a.

Eger
-
de birnäçe mutant ýagdaýlar bolsa, onda belginiň üstü
nde
ýörite alamat goýulýar: I
A
we I
B
. Kadaly alamat hökmünde
ýaýraýyşda ähli osoblara mahsus bolan alamat kabul edilýär.


Gomozigota


seredilýän geny
ň meňzeş nusgasy bolan
organizm.


Geterozigota


seredilýän geny
ň dürli nusgalary bolan
organizm.


Genotip


organizmiň ähli genleriniň toplumy. Grekçeden
terjime edilende, “genos”


gelip çykyş, “typos”


görnüş,nusga diýmekligi aňladýar. Bu adalga 1903
-
nji ýylda
biolog B.Iogannsen tarapyndan girizilýär. Janly tebigatyň her
bir görnüşi özüne mahsus bol
an genotipe eýedir. Ýöne munuň
bilen bir hatarda her bir
görnüşiň içinde subýekt diňe özü
ne
mahsus bolan indiwidual genler toplumyna eýedir. Genotip
nesle geçýän görkezijileri öz içine alýar. Bu alamatlar berlen
indiwidde ýüze çykmasa
-
da nesilden
-
nesle geç
ýär.


Fenotip


genotipiň daşky ýüze çykmasy,ýagny, kesgitli
şertlerde çylşyrymly we dowamly ösüş ýoluny geçen kämil
organizmiň alamatlarynyň häsiýetnamasydyr. Genotipiň
esasynda, öwredilmäniň netijesinde özüňi alyp barşyň
görnüşleri, alamatlary we häsiý
etleri ýüze çykýar. Eger
-
de
kesgitli adam alynsa, fenotip


bu indiwidual ösüş netijesinde
dörän organizmiň ähli alamatlarynyň we häsiýetleriniň jemidir.
Fenotip genotipiň we daşky gurşawyň bilelikdäki täsiriniň
netijesi bolup durýar.


Autosoma


jynsy h
romosomadan başga adamyň islendik
hromosomasy.


Jynsy hromosomalar


dürli jynslaryň wekillerinde
tapawutlandyrylýan hromosomalaryň jübüti.


Autosom alamat


bu hromosomada jemlenen alamat bolup,
oňa gen jogap berýär.


15


Kariotip


bu hromosom toplum
ydyr. Kadaly ýagdaýda
adamyň kariotipine 44 autosoma we 2 jynsy hromosoma girýär.


Hromosom toplumynyň görnüşleri:



Gaploid toplumy


adamlarda hromosomlaryň gaploid
toplumy 23 deň. Olaryň 22
-
si autosoma we 1
-
i jynsy
hromosomadyr. Gaploid toplumy ýumur
tgalyklara we
tohumlyklara mahsusdyr.


Diploid toplumy


46 hromosoma deň. Olaryň 44
-
si
autosoma we 2
-
si jynsy hromosomadyr. Hromosomlaryň
diploid toplumy somatiki (jynsy däl) öýjüklere mahsusdyr.


1.3. Psihogenetikanyň usullary



Beýleki ylymlarda bo
lşy ýaly, psihogenetikanyň hem birnäçe
usullary bardyr. Olaryň käbirleri bilen tanyşalyň.


Genealogik usul


nesil daragtyň kömegi bilen adamyň nesle
geçijiligini öwrenýär. Bu usul F.Galton tarapyndan işlenildi.
Genealogiýa


bu adamyň nesil daragty bara
daky ylymdyr.
Maşgala näçe uly bolsa, nesil daragty hem şonça
-
da köp
maglumaty özünde jemleýär. 1876
-
njy ýylda persiýaly şanyň
maşgalasy beýan edilýär. Onuň 66 ogly, 53 durmuşa çykan
gyzy, 241 ogul agtygy we 1 gyz agtygy bolupdyr. Şanyň 80 ýaş
toýuna maşga
lasynda 800 adam bolupdyr.

Alamatyň nesle geçijilik häsiýetini kesgitlemek üçin çagalaryň
köplügi aýratyn ähmiýete eýedir.


XV asyrdan başlap adamlar maşgala içindäki gatnaşyklary
çyzgy görnüşinde beýan edip başlaýarlar. Nesil daragty fransuz
“pre de gr
ue” sözünden gelip çykyp, sözüň göni manysynda
“durnanyň aýagy” diýmekligi aňladýar. Sebäbi daragtda ene


atalary we çagalary birleşdirýän çyzyklar guşuň penjesine
meňzeş bolupdyr.


16

XX asyra çenli nesil daragtlary diňe garyndaşlyk gatnaşyklary
beýan etmek
üçin ulanylypdyr. XX asyrda daragtlar genetikada
alamatlary yzarlamak üçin ulanylyp başlanýar.Genetiki
seljerme üçin maglumatyň toplanmagy 2 usul boýunça amala
aşyrylýar:

1.

Proband usuly


seýrek duş gelýän alamaty öwrenmek.
Meselem, psihiki



kesel.

2.

Toplumlaýyn usul


her bir adamda bar bolan
alamatyň tebigatyny


öwrenmek. Meselem, akyl derejesi.

Nesil daragty düzülende kynçylyklar ýüze çykyp bilýär. Ata


eneler we çagalar özeni maşga
lany düzýärler. Nesil daragty
birnäçe özeni maşgalalardan ybarat. Ene


atalar we çagalar,
gany bir doganlar we uýalar birinji derejeli garyndaşlygy
düzýärler. Olarda umumy genleriň ýarysy bar. Ikinji derejeli
garyndaşlara mama


babalar, agtyklar, daýy


daýzalar,
ýegenler degişlidir. Olarda umumy genleriň ¼ bölegi bardyr.
Üçünji derejeli garyndaşlara doganoglanlar degişlidir. Olarda
umumy genleriň 1/8 bölegi bardyr.


Ekizler usuly


adamyň nesle geçijiligini öwrenmek üçin
ekizleri ulanmaklygy hem F.Gal
ton teklip edýär. Bu usul
köplenç psihologiki genetikada ulanylýar. Genetikler üçin
ekizler birnäçe sebäpler boýunça gyzyklanma döredýär: olaryň
käbirleri genetiki nusga bolup durýar,ähli synag geçirilýän
adamlar üçin meňzeş şertleri döredip bilmek mümkinç
iligi bar
we beýlekiler.

Genetiki barlaglar üçin islendik ekizler däl


de, diňe olaryň
kesgitli derejeleri ulanylýar. Bu bile we aýralykda ösen
monozigot ekizlerdir. Dizigot ekizlerden genetiki barlaglar üçin
diňe bir jynsly we meňzeş şertlerde ösen ekizl
er
saýlanylýar.Ekizler usulynda monozigot ekizle
r

dizigot ekizler
bilen deňeşdirilýär. Ekizler genetiki nusga bolup, olarda

17

alamatyň kemala gelmegine täsir edýän genetiki we gurşaw
görkezijilerini hasaba almak bolýar.


Monozigot ekizler


bu birmeňzeş

genotipli, meňzeş
gurşawda ösen indiwidlerdir. Aýrylyşdyrylan monozigot
ekizleri seljerip, meňzeş genotipleriň dürli şertlerde ösüşini
öwrenmek bolýar.Meňzeş şertlerde ösen dizigot ekizler bolsa,
dürli genotipli indiwidlerde alamatyň kemala gelişine gurşa
wyň
edýän täsirini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ekizlerdäki
barlaglar birnäçe döwürden ybarat:

1.

Ekizleri saýlamak.

2.

Ekiz jübütleriň tohumlanyşyny kesgitlemek (monozigot,
dizigot).

3.

Öwrenilýän alamat boýunça jübütleri we toparlary
deňeşdirmek (proband we topl
umlaýyn usullary
ulanmaklyk).


Bap II. Jandarlaryň öýjük gurluşy.


2.
1.
Öýjük taglymaty barada düşünje
.




Öýjügi öwrenýän ylym
a sitologiýa (grekçe “s
ytos

-
öýjük,

logos

-
ylym)
d
iýilýär
.
.
Özbaşdak ylym hökmünde sitologi
ý
a
XIX asyryň ahyrynda ýüze çyka
n hem bolsa, öýjügi öwrenmek
boýunça işler has öň başlady.
Öýjügiň açylyşy we öwrenilişi
ulaldyjy gurallary oýlanyp tapylmagy bilen berk baglanyşykly .
Şeýle gurallaryň biri bolan mikroskopy 1610
-
njy ýylda italiýaly
alym we
astronom Galileo Galileý

oýlap tapýar

. Emma ilki
başda mikroskop biologiki barlaglarda ulanylmandyr.


Öýjügi ilkinji bolup 1665
-
nji ýylda iňlis tebigaty

öwreniji

Robert Gu
k açdy we onuň gurluşyny beýan etdi
. Ol
özüniň kämilleşdiren mikroskopynda dykynyň

ýuka kesimine
seredip , onuň öýjükli gurluşyny gördi we

öýjük


diýen
adalgany ylyma girizdi.


18


Bu açyş şol döwrüň alymlaryny gyzyklandyrdy we
öýjügi öwrenmek boýunça alynyp barylýan işleri has
ýaýbaňlanmagyna hem
-
de mikroskopyň kämilleşmegine
getirdi. It
aliýaly Marçello Malpigi (1675ý.) we iňlis Neemiýa
Grýu (1673ý.,1682ý.) R.Guguň barlaglaryny gaýtaladylar we
başgada birnäçe ösümlik organlaryny mikroskopda öwrenip,
olaryň öýjükli gurluşyna göz ýetir
-
diler. Olar ösümlikleriň
anotomiýasynyň düýbüni tutan
alymlar hasaplanýarlar.


Gollandiýal
y mikroskopçy alym Antoni wan Lewenguk
(1632
-
1725) ilkinji

b
olup
,

haýwan
öýjüklerine gözegçilik etdi (eri
trositlere ,
spermatozoidlere)
. Ol

suw damjasynda hereket edip ýören
jandarlary

(infuzoriýalary) we adamlaryň
agy
z boşlugunda
ýaşaýan bakteriýalary mikroskop astynda gördi.


XVII asyrda alymlaryň öýjüge bolan garaýşy örän sada
bolupdyr. Öýjüge janly organizimleriň düzüm bolegi
hökmünde garalmandyr we ony içi boş ketek diýip
hasaplapdyrlar. Sebäbi R.Guguň ilkinji gö
ren öýjükleri gury
dyky böleginiň öli öýjükleri bolupdyr. Ondan soň janly
öýjükleri öwrenen alymlar hem olaryň içki gurluşyna üns
bermän, öýjüge içi

suwukly
kdan doly haltajyk hökmünde
seredipdirler. Bu garaýyşlar XVII
-

XVIII asyrlarda öýjügi
öwren
-
mekde b
ökdençilikleriň bolmagyna getiripdir.


Diňe XIX asyryň başlarynda alymlar

öýjügiň içki
düzüm böleklerine ünş berip başladylar we olaryň öýjügiň
gurluşynyň wajyp hem
-
de aýyrlmaz bölekleridigine göz
ýetirdiler. Netijede öýjügiň zerur d
üzüm bölekleri hökmünd
e
onuň ýad
rosy, protoplazmasy we beýleki düzüjiler açyldy .
XIX asyryň 30
-
njy ýyllaryna çenli ösümlik we haýwan
öýjükleriniň gurluşy barada köp sanly anyk maglumatlar
toplandy. Olaryň esasynda alymlaryň köpüsi öýjügiň
ösümlikleriň we haýwanlaryň gurluşynyň

esasydygyna göz
ýetirip başladylar. Öz garaýyşlaryny anyk esaslandyryp

19

bilmeseler hem
,

olaryň ylm
y umumylaşdyrmalary öýjük
taglymatynyň

döredilmegine uly goşant goşdy.


1838
-
1839
-
njy ýyllarda öýjük barada toplanan
maglumatlaryň esasynda germaniýaly alym
lar
-
botanik Mattias
Şleýden we zoolog Teodor Şwann öýjük
taglymatyny

esasladyr
dy
lar. Ol ösümlikleriň we haýwanlaryň öýjükleriniň
biri
-
birine meňzeşdigini, ýagny gomologikdigini, ynamly subut
etdi. Bu alymlaryň watandaşy Rudolf Wirhow (1858ý.) hem
öýjük
teoriýasynyň ösmegine goşant goşan alymdyr. Ol öz
işlerinde öýjükleriň diňe öýjüklerden emele gelýändigini
düşündirdi.


Öýjük

taglymatynyň
esasy maz
muny şulardan ybarat :


1.Ö
ýjük
-
ähli jandarlaryň elementar gurluş birligidir;


2
.Dü
rli organizmle
riň öýjükleri biri
-
birine meňzeşdirler;


3

ýjükleriň köpelmegi başlangyç öýj
ügiň bölünmegi
arkaly amala aşýa
r, ýagny
,

öýjük
-

öýjükdendir.


Öýjük
taglymatyny
ň esaslandyrmagy biologiýa
ylmynda we umuman tebigaty

öwrenmekde iňnän uly

wakadyr
. Onuň esas
ynda öý
jügiň ähli jandarlaryň ýönekeý

gurluş
birligidigi, ösümlikleriň we öýjükleriň , şol sanda ýaşaý
y
şyň
hem başga ýol bilen däl
-
de, diňe öýjükden öz başlangyj
yny

alýandygyny subut edildi. Alymlar öýjük
taglymatyny

XIX
asyrda tebigaty öwrenmek boýunça ed
ilen uly açyşl
aryň

bir
i
hasaplap, ony energiýanyň öwrü
lmek kanuny we Ç. Darwiniň
ewolý
u
sion taglymaty bilen bir hatarda goýdular. Bu
taglymat
ýaşa
ý
y
şyň gelip çykyşyna we janly tebigatyn

kanunalaýyklyklaryna düşün
mäge mümkinçilik berdi.


Sitologiýa ylm
ynyň soňky ösüşi öýjük
taglymatynyň

esasy düzgünleriniň dogrydygyny doly subut etdi. Öýjügiň
düzüm bölekleri açyldy we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleri
öwrenildi. Häzirki zamanda öýjük iňnän kämilleşen micros
-
koplaryň we beýleki gurallaryň kömegi bilen ö
wrenilýär.
Öýjügi öwrenmekde ulanylýan häzirki zaman adaty ýagtylyk
mikroskopy sered
ýän bölekleri müňlerçe esse ulaltmaga

20

müm
kinçilik berýär. 1933
-
nji ýylda germaniýaly alymlar Maks
Knollyň we Ernst Ruskanyň oýlap tapan elektron mikroskopy
öýjügi öwrenmekd
e köp mümkinçilikler açdy. Elektron
mikroskopynyň häzirki zaman görnüşleri gö
-
zegçilik edilýän
bölejikleri 500 000
-
1000 000 esse ulaltmaga ukyply.

Öýjügi öwrenmekde gazanylýan üstünlikler we edilen
açyşlar täze özbaşdak ylymlaryň birnäçesiniň döremegine
s
ebäp boldy (gistologiýa, biohimiýa,biofizika, molekulýar
biologiýasy, sitogenetika, mikrohirurgiýa we ş.m).


2.2.Öýjük organ
o
idleri

we olaryň häs
i
ýetnamasy


Endoplazmatik tor.

Endoplazmatik t
or euka
riot
öýjüklere mahsus bolan organoid. Oňa başgaça endop
lazmatik
re
tikulum hem diýilýär. Bu organo
id

1945
-
nji ýylda Keýt
Po
rter tarapyndan açyldy. Onuň daşy öz
başdak membrana bilen
gurşalan
bolup, ol

öýjükde kanaljyklaryň çylşyrymly toruny
emile getirýär

Kanaljyklaryň ugrunda düwmejikler ýa
-
da wakumlar
bolý
ar. Membrananyň galyňlygyny 5
-
7nm, kanaljyklaryň kese
kesimi 50
-
100nm
deňdir
.
Endoplazmatik toru
nyň iki görnüşi
duş gelýär: üsti büdür
-
südür
-
granul
ýar we üsti tekiz, ýylmanak
-
agra
nulýar görnüşleri. Granulýar endoplazmatik torunyň
üstüniň büdür
-
südürligini
onuň membranasynyň da
şynda
ýerleşýän ribosoma toga
-
la
jyklary emele getirýärler.

Öýjügiň ýaşaýşynda endoplazmatik tor örän wajyp
wezipeleri ýerine yeti
-
rýär. Onuň üsti bilen öýjügiň lipidl
eri
emele getirilýär, käbir poli
saharidleriň (glikoginiň ) çalşygy
amala aşyrýarlar, öýjükden zäherli maddalar çykarylýar we
steroid gormonlar sintezlenýär. Bu wezipeler endo
plazmatik
torunyň iki görnüşin
e hem degişli. Bulardan başga
-
da,
granulýar endopl
azmatik torunyň membranalarynyň

üstünde
ribosoma
laryň barlygy sebäpl
i öýjükde belogyň sintezi amala
aşy
rylýar.


21

Ribosomalar.

Ribosomalar keseligine ölçegi 15
-
35 nm
töweregi bolan to
-
ga
lajyk bedenjiklerdir. Olar proka
r
i
on

we
eukarion öýjükleriň ikisine

hem degişli. Ribosomalar iki sany
deň mukdarda beloklary we ribonuklei
n kislotasy
ny

(RNK
-
ny) saklaýarlar. Ribosomalar RNK (fRNK) hromosomalaryň
birini
ň

gatnaşmagynda ýadronyň DNK (dizoksiribonuklein
kislotasy) molekulasynda sintezlenýär. Sol ýerde hem kemala
gelişiň dürli döwürler
in
de ýerleşýän ribosomalaryň jemlenen
ýer
ine ýadrojyk diýilýär.

Öýjügiň sitoplazmasynda ribosomomalar ýa erkin
ýagdaýda ýerleşýärler, ýa
-
da granulýar endoplazmatik torunyň
daşyndaky membrana berkleşen görnüşde bolýarlar.

Goljiniň kompleksi.
Bu organoid 1898
-
nji ýylda
italiýaly alym Kamillo G
ol
ji tarapyndan açyldy
. Oňa başgaça
Goljiniň apparaty hem diýilýär. Goljiniň kompleksi eukariot
öýjükleriň ählisinde saklanylýar. Dürli öýjüklerde onuň örän
köp dürli görnüşleri duş gelýär. Bu organoidiň esasy gurluş
birligini dikti
os
oma düzýär. Öýjükde 2
0
-
ä golaý diktiosoma
saklanyp
,

olar sitoplazmada ýa özbaşdak, ýa
-
da umumy tora
birigip ýerleşýärler. Öýjükler bölünende goljiniň kompleksi
aýry
-
aýry diktiosomalara dargaýar we olar täze öýjüklere
tötänleýin mukdarda paýlanylýar.

Granulýar endoplazmatik to
runyň membranasynda
emele gelýän beloklar, polisaharidler, lipidler we ýaglar
soňundan goljiniň kompleksine geçirilýärler, ol ýerde bölüp
çykaryljak madda görnüşinde toplanýarlar ýa
-
da öýjügiň
ýaşaýyş işjeňliginde peýdalanylýarlar. Goljiniň kompleksiniň
öz
i hem polisaharidleri we lipidleri emele getirýär.

Mitohondriýalar.

Mitohondriýalar (grekçe

mitos

-
sapak, ýüplük we
“chon
droin

-
dänejik, bölejik) eukariot
öýjükleriň ählisinde duş gelýän organoidler
dir.
Mi
tohondriýalar
y

18
84
-
nji ýylda bioblastlar ady bil
en
germaniýaly anatom we gistolog Rihard Altman açdy, 1897
-
nji
ýylda bolsa
,

onuň watandaşy gistolog Karl Benda

22

mitohondriýalar diýip atlandyrdy. Olaryň köp dürli görnüşleri
duş gelýär (togalak, ýasy, sapak, däne, böwrek we ş.m)
,

uzynlygy 1
0 mkm töweregi,
ýogynlygy 0,2
-
1 mkm gola
ý
bolýar. Öýjüklerdäki sany 1
-
100 000 deňdir
. Mitohondriýalar


içini onuň esasy maddasy
-

matreksi eýeleýär. Daşy bolsa iki
gat
membrana bilen gurşalan. Membrananyň gatlaklarynyň
arasynda membranara boşlugy ýerleşýär. Daşky gatlak
ý
ylmanak we tekiz bolýar, içki gatlak bolsa
,

kekeç ýa
-
da
turbajyk görnüşinde çykyntgalaryň
-

kristleriň birnäçesini
emele getitýär.

Mitohondriýalara öýjügiň energiýa çeşmesi diýseň hem
bolar, sebäbi olaryň esasy wezipesi öýjükde ATF
-
iň we
energiýa üpjünçil
igi bilen baglanşykly ferment
-
leriň sintezini
amala aşyrmakdyr. Şol sebäpli mitohondriýalar ýaş, güýçli
depgin bilen bölünýän we energiýany köp harçlaýan öýjüklerde
has köp mukdarda duş gelýär (ösümlikleriň baldaklarynyň we
kökleriniň uçlaryndaky emele get
iriji dolu
-
manyň öýjüklerinde
myşsa dokumasynyň öýjüklerinde we ş. m).

Lizosomalar.

Lizosomalar (grekçe
“lizo
s

-
eretmek,
dargatmak we

soma

-
bedenjik) esasan haýwanlaryň we
kömelekleriň öýjüklerinde duş gelýär. Olar daşynda 0,2
-

0,8
mkm galyňlykdaky memb
ranasy bolan düwmejik görnüşli
bedenjiklerdir.

Lizosomalar öýjükleriň "sanitarlarydyr
-
arassalaýjylarydyr
", sebäbi olaryň esasy maddasynda we
membranalarynda örän köp mukdarda ferme
ntler saklanýar.
Fermetleriň kö
megi bilen lizosomalar ölen öýjuk
organo
idle
riniň membranalaryny we mad
dalaryny hem
-
de
beýleki gaty bölejikl
eri eredýärler we dargadýar.




2.3.
Öýjük merkezi

we hromosomalar

Öýjük merkezi silindr görnüşli, bir
-
birine göniburçlyk
boýunça garşylykly ýerleşen iki sany maýdajyk be
denjiklerden
durýarlar.
Bu bedenjiklere sentriollar diýilýär. Sentriollaryň

23

diwary üç
-
üçden düzülen mikro turbajyklaryň 9 sany
dessesinden ybarat. Organoidiň esasy okuny bolsa merkezi
mikro turbajyklaryň jübti düzýär. Olaryň ýogynlygy 24 nm
töweregidir.
Öý
jük merkezi öýjigiň bölünişine gatnaşýar sebäbi
bölüniş ýumagynyň (ehromatin ýumagynyň) ösüşi sentriollarda
başlanýar.

Plastidler.

Plastidler ösümlik öýjüklerine mahsus bolan
organoidlerdir. Olaryň 3 görnüşi bolýar we bu görnüşler biri
-
birinden reňki hem
-
d
e ýerine ýetirýän wezipesi boýunça
tapawu
tlanýarlar: ýaşyl
-
hloropastlar;
sary, gyzyl,


mämişi

reňkli
-

hromoplastlar we reňksiz
-
leýkoplastlar.

Hloroplastlar

ösümlikleri
ň

ýaşyl organlarynda
(ýapraklarynda, baldaklaryň ýaşyl ýerlerinde, ýapraklaryň,
miweler
iň we gülleriň sapajyklarynda we ş.m) saklanýar.
Olaryň wezipesi fotosintezi amala aşyrmakdyr.

Hromoplastlar

gül ýapraklarynda, miwelerde saralan
ýapraklarda we ş.m ýerlerde bolýarlar. Bu plastidleriň esasy
wezipesi dürli reňkdäki pigmentleri sin
-
tezlemekd
ir.

Leýkoplastlar

ösümlikleri köp mukdarda madda
toplanýan ýerlerinde (to
-
humlarda, ýerasty we ýerüsti gömüşini
özgerden madda toplaýjy organlarda we ş.m ) jemlenendir.
Olaryň esasy wezipesi ýokumly maddalary sintezlemekdir.


Ýadro
-
eukariot öýjükle
riň ählisiniň hökmany düzüm
bölegidir. Prokariotlar diýip atlandyrylýan bakteriýalaryň we
gök
-
ýaşyl suwot
y
laryň öýjüklerinde kemala gelen ýadro
bolmaýar, emma olarda hem öýjügiň nesle geçijilik
alamatlaryny, häsiýetlerini özlerinde jemleýän hromosomalar
b
ardyr.


Ýadro şiresi
-

ýadronyň düzüm bölekleriniň arasyny
dolduryp duran ýarym suwuklyk halyndaky maddadyr. Ýadro
şiresiniň düzümine dürli beloklar, şol sanda ýadro fermentleri
,

erkin nukleotidler, aminokislotalar hem
-
de ýadrojyklaryň we
hroma
tiniň işjeňliginiň ýadrodan sitoplazma geçirilýän
önümleri girýärler. Sitoplazma suwuklygy bilen

24

deňeşdireniňde
,

ýadro şiresiniň turşylygy ýokary bolýar, sebäbi
nukleoplazm
a
da dürli kislotalar köpdür.


Ýadrojyklar
-

öz fiziki häsiýeti boýunça ýadronyň iň
d
ykyz bölegidir. Himiki düzümi boýunça bolsa olar ýadro
şiresinden RNK
-
ny köp saklaýanlygy bilen tapa
-
wutlanýarlar.
Ýadrojyklaryň esasy düzujileri fosfoprotein görnüşli beloklar
we RNK

dyr.


Hromosomalar
. Yadroda özboluşly beloklar


gistonlar
bilen birleşe
n DNK sakla
n
ýar. Öýjügiň mitoz bölünşinde bu
nukleoproteidler spirallaşýarlar we dy
-
kyzlaşyp, hromosomalar
(gr
ekçeden, hromosom


reňkleýän, boýa
ýan, soma


beden )
görnüşe girýärler. Olary mitoz wagtynda ýagtylyk
mikroskopynda hem görmek bolýar.


Interfa
zada (öyjugiň bölünmeýän, dynçlyk döwründe )
hromosomalar dykyz spiral görnüşini ýitirýärler we ýüplüge
meňzeş bolýarlar. Hromosomalaryň bu ýag
-
daýdaky görnüşine
hromotin diýilýär. Hromotiniň (hromosomalaryň hem)
düzümine DNK (30


45 %), giston beloklary
(30


50%)
registon däl beloklar (4


33%) girýärler.


25


Adamlaryň hromosom toplumy.



Hromosomalaryň DNK

sy öýjügiň ähli alamatlary, häsiýetleri
baradaky maglumatlary özünde jemleýär we öýjükde haýsy
hadysalaryň amala aşmalydygyny (mysal üçin,beloklaryň
sintezi) kesgitleýär. Mundan başga ýadroda
maglumat

RNK

nyň (iRNK) sintezi amala aşýar. Soňundan iRNK sitoplazma
geçip , belok molekulalarynyň sintezlenmegi üçin
maglumatlary berýär.






26

III Bap.
Nesle geçijiligiň maddy göterijileri




Dünýäde iki b
irmeňzeş adam ýok. Bu dürli
-
dürlülik,
indiwidual tapawutlar we başga düşünjeler bilen düşündirilýär.


Nesil yzarlaýjylygyň

esasynda genetiki
maglumatlaryň

ikilenme we birleşme, paýlanma
hadysalary

bolup geçýär.
Adatça nes
le geç
ijilige au
tosom
a
lar (n
esil yza
rlaýan genler
au
tosom
hromosomlarda ýerleşýär) we jyns hromosomalar
gözegçilik edýär
. Ondan başga
-
da domina
nt (doly we agal
yk
ediji ýagdaý) we resesiw nes
le geçijilik tapawutlandyrylýar.


Nes
le geçijilik


genleriň üsti bilen
amala
aşyrylýar.
Adam or
ganizminiň ösüşinde nesle geçijilik bilen
baglanyşykly käbir fiz
i
ologik, psihologik
kemçilikler hem

gabat gelýär. Olar
oňaýsyz

şertleriň täsiri netijesinde ýüze
çykýar (durmuşy, terbiýe)
.


Nesle geçijiligiň maddy göterijisi DNK bolup durýar.
Genler D
NK molekulasynyň meýdanlary bolup durýar. DNK
-
nyň

gurluşy i
ňlis alymy J.Motson


we F.Krik tarapyndan
1953
-
nji ýylda açyldy. DNK
-
nyň
molekulasynda belogyň molekulasyndaky aminokislotalaryň
yzygiderliligi barada maglumat bardyr. DNK
-
nyň
nukleotidleriň we
belogyň molekulasyndaky aminokislotalaryň
yzygiderliliginiň arasynda gabat gelmeklik bar. Oňa genetiki
kod diýilýär. Genetiki kod organizme mahsus bolan alamatlary
geçirýär. Genetiki kod 64 tripleti öz içine alýar. Olara kodonlar
diýilýär.

Triplet
-
bu DNK
-
nyň zynjyrynda yzygiderli ýerleşen 3
sany nukliotidlerdir.


27


DNK molekulasynyň dürli toplum derejeleri.


Nesle geçýän maglumatyň amala aşyrylmagy birnäçe
biohimiki reaksiýalardan geçýär. Käbir alamatlar bu ýoly
jikme
-
jik geçýär. Genetiki maglumatyň amala a
şyrylmagynyň
başlangyç döwürleri


transkripsiýa we translýasiýa.

Transkripsiýa döwründe maglumat DNK
-
nyň
molekulasyndan RNK molekulasyna geçýär. RNK molekulasy
bir zynjyrdan ybarat. RNK
-
nyň üsti bilen DNK
-
dan beloga
maglumatyň geçirilmegi genetiki koda b
aglylykda amala
aşyrylýar. Adamyň öýjükleri dürli beloklary (100 müňe golaý)
sintezlemäge ukyply bolýar. Beloklaryň hyzmatlary hem dürli
-
dürlidir. Gurluşyk beloklary organizmiň dürli gurluşlaryny

kemala getirýärler we olaryň an
atomo
-
morfologik we
funksiona
l aýratynlyklaryny kesgitleýärler.

Fermentleriň gözegçiliginde organizmde ähli biohimiki
hadysalar bolup geçýär. Reaksiýanyň görnüşi we tizligi bu
beloklaryň aýratynlyklaryna baglydyr.


3.1. Genl
i mutasiýalar we dogabitdi kemçilikler.



Her gen köp s
anly nukliotidlerden ybaratdyr. DNK
-
nyň
molekularynyň nusgalary alnanda ýalňyşlyklar ýüze çykyp
bilýär. Olar nukliotidleriň yzygiderliligini üýtgedýärler. Bu

28

hadysany nädogry terjime edilende döreýän ýalňyşlar bilen
deňeşdirip bolýar.


Mutasiýalar



bu
nesle geçýän maglumatyň üýtgemegidir.
Olarda bir ýa


da birnäçe nukliotidleriň ýitmegi, üýtgemegi
ýüze çykyp bilýär. DNK
-
daky üýtgemeler DNK
molekulasynyň himiki tebigaty esasynda ýa
-
da ýöriteleşen
görkezijileriň täsirinde ýüze çykyp bilýär. Şeýle görkezi
jilere
mutagen täsirler diýilýär. Olara ultramelewşe şöhleleriň täsiri,
dürli himiki birleşmeler (azot kislotasy, käbir reňkleýjiler,
hojalyk himiýanyň serişdeleri, derman serişdeleri) we
beýlekiler degişlidir. DNK molekulasy derejesindäki hadysalar
genet
iki maglumatyň mazmunyny üýtgedip bilýär.


Adamyň nesle geçijiligini öwrenýän genetikler antisipasiýa
hadysasyna aýratyn üns berýärler. Bu hadysada käbir nesle
geçýän keseller soňky nesilde has irki döwürde ýüze çykýar we
ata


enesine garanyňda has agy
r geçýär. Uzak wagtyň
dowamynda antisipasiýa hadysasyna genealogiki maglumatyň
toplanmagynyň aýratynlyklary bilen şertlenen statistiki


hasabat ýalňyşlygy hökmünde garalýardy. Bu ýagdaýy
barlamak üçin usulyýet ýalňyşlyklary aradan aýyrýan ýörite
barlagla
r geçirildi. Barlaglaryň görkezişi ýaly, antisipasiýa
ýalňyş hasabatyň netijesi däl
-
de, hakykatda geçýän hadysa
bolup durýar. Molekulýar


genetiki usullaryň kömegi bilen
nesle geçýän keselleriň täze topary açylandan soňra,
antisipasiýa hadysasy düşündiril
işini aldy. Käbir nesle geçýän
keselleriň esasynda “dinamiki
-
güýçli mutasiýalaryň”
ýatýandygy bellik edildi.


Dinamiki
-
güýçli mutasiýa



bu nesle geçýän maglumatyň
nesilden


nesle geçende güýçli özgermesidir. Şeýle
mutasiýalaryň netijesinde trinuklioti
d zynjyrlaryň gaýtalanma
sany azalýar ýa
-
da köpelýär.





29

Dogabitdi kemçilikler.

Dogabitdi kemçilikleriň 2/3 bölegi embrional döwürde ösüşiň
bozulmagyndan döreýär (düwünçegiň içindäki ösüş 3 aýa
çenli). Has ýüzleý def
f
ektler
-
kemçilikler

diňe çaganyň ösüşind
e
ýüze çykyp, olar düwünçekde bolup geçýän bozulmalara bagly
( 3 aýdan soňra). Meselem: beýniniň ösüşine täsir edýän himiki
maddalaryň ulanmagy.

Dogabitdi kemçilikleriň köpüsi göwrelilik döwründe ulanylan
toksiki maddalaryň täsiri netijesinde döreýär. Şeý
le görnüşli
bozulmalar nesil boýunça geçmeýär. Bu keselleri döredýän
faktorlara teratogenler diýilýär. Grekçeden “bedroýlygy ýüze
çykarýan” diýmekdir. Olara dürli derman serişdeleri, spirtli
içgiler, neşe serişdeleri we beýlekiler degişlidir.


3.2. Autosom

we jynsy hromosomalaryň alamatlary.



1866
-
njy ýylda iňlis alymy J.L.Daun akyl taýdan yza
galýan çagalary öwrenýär we beýan edýär. Ol öz barlaglaryny
psihiatriki keselhanada geçirýär. Ol ilki başda keselli çagalarda
bellik eden keseline “mongol
izm” diýip at berýär. Sebäbi
keselli çagalar mongoloid jynsyna meňzeş daşky keşbe eýe
bolupdyrlar. Şeýle keselli çagalarda kiçi we tegelek kelle, dili
çykyp duran agyz, aşakda ýerleşen gulaklar, uly maňlaý, el
aýasynda ýekeje çyzyk, aýaklarynyň birinji we
ikinji
barmaklarynyň arasynda uly aralyk we kiçi beýni bellik edilýär.


30


Daun sindromynyň käbir daşky alamatlary.



XX asyryň birinji ýarymynda Daun sindromynyň
sebäpleri dogrusynda çekişmeler döreýär. 1959
-
njy ýylda
J.Ležen we P.Žakob Daun sindr
omynyň sebäpleriniň
hromosom bozulmalara esaslanýandygyny kesgitleýärler. Daun
alamatly çagalar köplenç terbiýe esasynda jemgyýetde öz
ornuny tapyp bilýär. Olara gürlemek, ýazmak, okamak ýaly

31

endikleri öwredip bolýar. Olar abstrakt pikirlenmä ukypsyz
bolan
y sebäpli şeýle çagalara sanamagy öwredip bolmaýar.
Daun alamatly çagalar asuda, hoşniýetli, sabyrly bolýarlar.
Merkezi nerw ulgamynyň hyzmatyny kemala getirmäge
gönükdirilen türgenleşikleriň esasynda şeýle çagalary durmuşa
uýgunlaşdyryp bolýar.



Patau al
amaty.



Bu alamatyň ýygylygy 5000
-
15000
-
den bir çaga deňdir.
Şeýle çagalarda agyz boşlugynyň kentlewiginiň we dodagynyň
“jaýrylmagy” syn edilýär. Olaryň kellesi kiçi, maňlaýy uly,
burunlary uly we üçburç, gözleri ýapyk ýa
-
da düýbünden ýok
bolýar.
Olaryň ellerinde we aýaklarynda goşmaça barmaklar
bolup bilýär. Mundan başga
-
da berlen alamatly çagalarda
goşmaça dalak, bagryň, içege aýlawlarynyň we aşgazanasty
mäziniň bozulmalary syn edilýär.

















Patau sindromy.


32



Adatça kese
lli çagalaryň ösüşi alty aýlyk döwürden
geçmeýär. Olaryň ýaşaýşynyň dowamlylygy bolsa bir ýaşdan
artyk bolmaýar. Şeýle alamatly çagalar köplenç ýürek we
böwrek kesellerinden aradan çykýarlar.


Edwards alamaty.



Bu alamat ösüşiň bir hatar bozulm
alarynyň toplumynda
ýüze çykyp, letal


ölüm soňuna getirýär. Bu keseliň daşky
alamatlary: çukur şekilli äň, nädogry görnüşli gulaklar, kiçi
gözler we gysylan barmaklar.




Edwards sindromly çaganyň ýüz
-
keşbi we eli.


Edwards almatly çagalaryň dogu
lyş ýygylygy: takmynan
4000
-
8000
-
den 1 çaga.


X
-
hromosoma boýunça monosomiýa (Terner alamaty).



33

1983
-
nji ýylda amerikan endokrinology G.Terner kiçi boýly,
çaga dogurmaga ukypsyz aýallar baradaky hasabaty çap edýär.
Şol döwürde olaryň jynsy ösüşiniň togtama
gynyň sebäpleri
ýüze çykarylmady. Häzirki wagtda bu mesele aýdyňlaşdyryldy,
ýagny, Terneriň beýan eden keselli aýallaryň hromosom
toplumynda iki däl
-
de
,

d
iňe bir X
-
hromosomanyň barlygy ý
üze
çykaryldy. Bu alamat köplenç ýaňy dünýä inen çagalarda syn
edilýär
. Keselli bäbekleriň boýunlarynyň derisi gatlak
-
gatlak
(“swinks boýny”), elleri we aýaklary çişen we örän az agramly
bolýar. Gyz bäbekleriň arasynda Terner alamatynyň ýygylygy:
2000
-
den 1 çaga. Bu alamatda intellekt
-
akyl hemişe diýen ýaly
kadanyň çäklerind
e bolýar.

Triplo
-
X alamaty.


Aýallarda bu alamatyň ýygylygy 1000
-
2000
-
den biri. Bu
alamatly aýallar daşky keşbi boýunça kadaly hromosom
toplumly aýallardan tapawutlanm
aýar diýen ýaly, olaryň diňe
boýlary

adatydan uzyn bolýar. Bu aýallaryň akyl derejesi
kad
anyň çäklerinde bolýar,ýöne ol maşgalanyň beýleki
agzalarynyňkydan pes bolup bilýär. Berlen alamatly aýallaryň
köpüsi çaga dogurmaga ukyplydyrlar.


Žakob alamaty.


1965
-
nji ýylda Patrisiýa Žakob psihiki näsag adamlar üçin
niýetlenen ýapyk edaralarda geçire
n barlaglarynyň netijelerini
çap edýär. Barlag geçirilen 197 sany erkekleriň 12
-
sinde
hromosom toplumlarynda bozulmalar ýüze çykaryldy.Olaryň 7
-
sinde goşmaça Y
-
hromosoma bellik edildi. Žakobyň pikiriçe,
goşmaça Y
-
hromosomanyň barlygy erkekleriň ýokary
agre
ssiwligi
-
gaharjaňlygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle
tejribeler beýleki sagaldyş edaralarynda geçirilende meňzeş
netij
eler alyndy. Bu bolsa jemgyýetde

“dogabitdi jenaýatçylar”
keşbiniň döremegine getirdi. Fransiýada we Awstraliýada

34

aklawjylar öz müşderlerini

akl
a
mak üçin “Žakob alamatyny”

ulanýarlar. Sosial işgärler we psihologlar şeýle hromosom
toplumly çagalar bilen nähili özaragatnaşykda bolmalydygy
dogrusynda ene
-
atalar bilen ýörite söhbetdeşlikler geçirýärler.


3.3. Kabul edişiň genetiki gözegçiligi.


Adamyň özüni alyp barşy köp de
r
ejede onuň daşky barlygy
kabul edip bilmek ukyby bilen kesgitlenýär. Duýgy organlary
daşky dünýä baradaky ilkinji maglumatlary berýärler.
Maglumatyň haýsy görnüşde kelle beýnä barýandygyna
garaşlylykda indiwidiň ol ýa
-
da be
ýleki ýagdaýdaky özüni alyp
barşy üýtgeýär. Görüş, eşidiş, tagam biliş we beýleki
analizatorlaryň gurluşy genetiki gözegçilikde bolýar.

Görüş kabul edişiň genetiki gözegçiligi.


Görüş organy köp sanly genleriň gözegçiliginde kemala gelýär.
Olaryň mutasiýa
sy


üýtgemesi ol ýa
-
da beýleki bozulmalara
getirýär. Bu bozulmalar görüşiň anomaliýalary hökmünde ýüze
çykýar. Kadaly görüşde ýagtylyk şöhleleri göze düşüp
hrustalikde
-
merjenjikde döwülýärler we setçatkada
-
torjagazda

belli bir nokatda jemlenýärler. Netije
de
,

adam zatlaryň şekilini
aýdyň kabul edýär. Eger
-
de şöhleler setçatkada jemlenmese,
keşp aýdyň däl kabul edilýär. Görüşiň bu bozulmalaryna
refraksiýa bozulmalary diýilýär. Olara diňe ýakyndan ýa
-
da
diňe daşdan gowy görmeklik degişlidir. Sagdyn adamlar 3
esasy öwşgüni garyşdyrmak arkaly reňkleri saýgarmaga ukyply
bolýarlar: gyzyl, ýaşyl, gök. Eger
-
de gözüň setçatkasynda bu
öwşgünleri kabul edýän haýsydyr bir duýgur düzüji bolmasa,
bu ýagdaýda görüşiň bozulmalary ýüze çykýar. Bu bozulma
dihromaziýa diýilýär
. Onuň iki görnüşi bar:

1.

Protanopiýa


gyzyl reňki saýgaryp bilmezlik.

2.

Deýteranopiýa


ýaşyl reňki saýgaryp bilmezlik.


35

Reňleri kabul etmekde döreýän bozulmalary iňlis lukmany
Dalton beýan edýär. Şonuň üçin bu bozulmalara
daltonizm

(gyzyl we ýaşyl reňkleri s
aýgaryp bilmezlik) diýilýär. Reňkli
görüşiň bozulmalary örän seýrek duş gelýär. Oňa
monohromaziýa

diýilýär. Bu ýagdaýda ähli reňkleriň kabul
edilişi bozulýar,adam diňe ýagtylyk derejesini tapawutlandyryp
bilýär.


Eşidiş ka
bul edişiň genetiki gözegçiligi


Eşidişiň dogabitdi kemçilikleriniň sebäpleri bellidir. Esasy
sebäpleriň biri hem embriona teratogen (dürli ýaramaz
serişdeleriň täsiri) görkezijileriň täsiridir. Eşidiş organynyň
kemala gelmegine bir topar genler gatnaşýar. Olaryň islendik
biriniň mutasiýa
sy bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär.



Tagam biliş duýgurlylygy



Tagam biliş
-
iýmiti saýlamaklygyň esasy görkezijisi bolup
durýar. 1931
-
nji ýylda himik A.Foks çäge şekilli maddany
garyp,tötänleýin onuň az mukdaryny dökýär. Bu bölejikler
howanyň
üsti bilen Foksyň we onuň işgärleriniň agyz
boşlugyna düşýär. Foks ony tagamsyz,işgärleri bolsa ajy
görýärler. Foksyň bu maddasy feniltiokarbamid (FTK) adyna
eýe bolup,tagam biliş duýgurlylygynda tapawutlary ýüze
çykarmak üçin ulanylýar. Bu ýagdaýdan soňra

geçirilen
barlaglaryň görkezişi ýaly, FTK duýgurlylygyň esasynda genler
ýatandyr. 70 ýyldan soňra ýedinji hromosomada FTK
maddasyna bolan duýgurlylyga jogap berýän geniň
jemlenendigi ýüze çykaryldy.


Ajy maddalary tapawutlandyryp bilmek we inkär etm
ek
ukyby ewolýusion gazanma bolup durýar. Adamda 40
-
80
-
ne
golaý ajyny duýýan dürli tagam biliş reseptorlary bar. Süýji

36

tagamy duýmaklyk has ýönekeý bolup geçýär. Adamlarda
süýjini tapawutlandyrýan 2
-
3 sany reseptor bar. Ýaglara bolan
islegler hem ýaşaýyşyň

irki döwürlerinde kemala gelýär.
Ýaglar we süýjiler şokoladyň, tortlaryň,doňdurmanyň we ş.m.
esasy düzüjileri bolup durýar. Süýjiniň we ýagyň birleşmesi
energiýanyň çeşmesi bolup durýar. Bu maddalara ýykgynlyk
dogabitdi we genetiki şertlenen bolýar,olar ä
hli
taýpalarda,halklarda,ýaş toparlarynda duş gelýär.

Meselem: çig süýde bolan gatnaşyk. Süýdüň süýjisine laktoza
diýilýär. Inçe


içegede işlenilýän ferment


belok laktaza bolup,ol
laktozany dargadýar.


Bu madda bir geni
ň jübüt alleli bilen gözegçilik
edilýär.

L


dominant
-
agdyklyk edýän allel


adam ýaşaýyşynyň
dowamynda saklanýar

l


diňe çagalyk döwründe bolýar.

LL

we

LI

genotipli adamlarda laktaza ýaşaýyşyň tutuş
dowamynda işlenilýär.

ll

genotipli adamlarda bolsa,

diňe irki çagalykda işlenilýär.
Soňra laktaza ýitip, adam süýtdäki süýjini dargadyp bilmeýär.
Bu bolsa dürli içege kesellerine getirip bilýär. Şeýle genotipli
adamlar süýdi arassa görnüşde kabul edip bilmeýärler. Bu
aýratynlyk nesilden


nesle geçip bilýä
r.

Ys alyş kabul edişi



Yslary tapawutlandyryp bilmek ukyby uýgunlaşma
ähmiýetine eýedir. Adamlar dürli maddalaryň yslaryny
aýratynlaşdyryp bilmek ukuby boýunça bir


birlerinden
tapawutlanýarlar. Ys alyş uýgunlaşma ähmiýetli alamat
hökmünde g
enetiki gözegçilikde saklanýar. Adamlarda ys alyşa
jogap berýän genler köp hromosomalarda ýerleşendir.


Meselem,käbir adamlar sinil kislotasyna
duýgur,beýlekileri duýgur däl bolýar. Duýgur däl admlaryň

37

köpüsi erkeklerdir.Sebäbi bu alamata jogap

berýän gen X
hromosomada ýerleşendir.

Syçanlarda geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, feromonlary
(gapma


garşy jynsly osoblary bir


birine çekýän madda)
ýüze çykarýan genleriň reseptorlary beýleki yslary kesgitleýän
genleriň reseptorlaryndan tapawutla
nýar. Aýallara olar
atalaryndan geçýär.



IV Bap.

Adamyň genetikasynda ekizler


4.1. Ekizleriň
öwreniliş taryhy



Ekizleriň dünýä inmegi hemişe gyzyklanma dörederdi
we hekaýalary, mifleri döretmek üçin uly maglumat bererdi.
Ekizlere adatdan daşary güýç mah
sus edilýärdi, olar
betbagtçylygyň sebäpkärleri, durmuşdaky we tebigatdaky
wakalaryň habarçylary hasaplanýardylar. Köplenç ekizleriň
gapma
-
garşylygy tapawutlandyrylýardy. Olaryň biri söýginiň,
oňaýly başlangyjyň, beýlekisi bolsa, erbetligiň, oňaýsyz
başlan
gyjyň alamaty hasaplanylýardy. Ekizleriň dünýä inmegi
bolsa düşündirilmän galýardy: adatça bir erkek diňe bir çagany
tohumlandyrýan bolsa, onda olar iki bolsa, tohumlandyrma
jynlar, ruhlar, haýwanlar gatnaşýar diýip hasaplapdyrlar.


Dinleriň köpüsinde hud
aýlar ekizler bolup durýardy.
Antiki mifologiýalarda haýwanlaryň emdiren we adamlaryň
halas eden ekizleri duş gelýär. Olaryň iň bellisi Romul we Rem
bolup durýar. Olar ene
-
möjek tarapyndan emdirilip, çopanlar
tarapyndan terbiýelenipdirler. Hekaýa laýyklykd
a, 753
-
nji
ýylda b.e.öň, olaryň tapylan ýerinde, olar tarapyndan şäher
esaslandyrylýar. Romul özbaşdak höküm sürmäge ymtylyp, öz
doganyny Remy öldürýär we Rimyň ilkinji patyşasy bolýar.
Rimyň şäher tugrasynda ekizler ýerleşdirilendir.


Ekizler bilen bagla
nyşykly duýgylar örän köpdürlidir
we gapma
-
garşylyklydyr: hormatlamakdan gorka çenli. Hatda,

38

goňşy taýpalaryň arasynda hem ekizlere bolan gatnaşykda
gapma
-
garşylyk görmek bolýar. Käbir taýpalarda ekizleriň
dünýä inmegi uly toý
-
dabara, beýlekilerinde bolsa,

olary
yzarlamak we ýok etmek bilen utgaşýar. Döwrebap Perunyň
territoriýasynda ýaşan inki taýpasynda erkek jynsly ekizler
Ýyldyrym hudaýyň ogullary hasaplanylýar. Demirgazyk
Amerikanyň dakota taýpasynda hem ekizler bagt getirýän
adatdan daşary jandarlar h
asaplanypdyrlar. Noatka taýpasynyň
indeýesleri bolsa, ekizleriň dünýä inmeginde gowy alamat
görüp, ony balyklaryň
bol bolmagy

bilen baglanyşdyrypdyrlar.
Ekizleriň ata
-
eneleri obadan daşda, derýanyň kenarynda kiçijek
öý ýasap, onuň daşynda agaçdan ýasalan ş
ekilleri we nikaplary
goýupdyrlar. Bu ýerde öz taýpadaşlaryndan daşda, olar iki ýyl
ýaşamalydylar. Atasy bir ýylyň dowamynda suwa düşüp
arassalanýardy we ýüzüni gyzyl reňke reňkleýärdi. Suwa düşen
wagty ol balyklary taryplaýan we olary ekizleri görmäge
çag
yrýan däp
-
dessur aýdymlary aýtmalydy. Eger
-
de balyk
gelmese, ekizlere we olaryň ata
-
enesine jeza berilýärdi. Kongo
derýasynyň ýokarky akymlarynda ekizleriň enesi indiki däpleri
doly berjaý etmelidi: birinji dogulan çagany ol hemişe sag
elinde, ikinjisini b
olsa, çep elinde götermelidi. Eger
-
de oňa
salam bilen ýüzlenseler, ol iki gezek jogap bermelidi (her çaga
üçin aýratyn). Eger
-
de onuň özi kimdir birine ýüzlense,
ýüzlenmäni hem iki gezek gaýtalamalydy. Çagalaryň agramy
deň bolmagy üçin ol iki eli bilen iým
elidi.


Ýöne hakykatdanam, zulum däp
-
dessurlar hem bardy.
Günorta Amerikanyň aborigenlerinde ekizleriň dünýä inmegi
erbet alamat hökmünde kabul edilip, aýalyň ruhlar bilen
gatnaşygynyň subutnamasy hasaplanypdyr. Şonuň üçin
ekizleriň ejelerine jeza beripdir
ler, käwagt hatda öldüripdirler.
Ýapon adalarynyň ýerli ilatynyň aýn taýpasynda ekizleri dünýä
indiren aýallar taýpadan çykarylypdyr. Olar beýleki aýallara
ekiz dünýä indirmegi “ýokuşdyrar” diýip gorkupdyrlar.
Ekizleriň özlerinden hem gaça durupdyrlar, köp
lenç ikinji

39

dogulan çagany öldüripdirler ýa
-
da garyndaşlary ony gizläp,
soňra tokaýda taşlapdyrlar. Ekizleriň dünýä inmegine är
-
aýal
biwepalygyň netijesi hökmünde garapdyrlar we olar “gara
maňlaý” hasaplanypdyrlar. Assiriýadaky, Ýegipitdaky,
Abissiniýadaky

gadymy hindilerde bu garaýyş giňden
ýaýrapdyr. Gadymy Peruda ekizleriň ata
-
enesine oraza
tutdyrypdyrlar. Oraza wagtynda olar nobat boýunça bir
dyzlaryny epläp ýatmaly bolupdyrlar. Dyzyň aşagyna goýlan
nohut ýylylygyň we deriň täsirinde gülläp başlandan so
ňra, är
-
aýal jübütiň boýnuna ýüp atyp aýlapdyrlar. Ýewropada orta
asyrlara çenli ekizleriň ejelerini şeýtan bilen gatnaşykda
aýyplap, çagalary bilen birlikde otda ýakypdyrlar.


Ekizler baradaky takyk maglumatlar soňky döwürlerde
alyndy.



4.2.
Ekizleriň g
örnüşleri



Ekizler
-
bu köpdüwünçekli göwrelilikden dünýä inen
çagalardyr. Olar bir jyns
l
y (oglanlar ýa
-
da gyzlar) we dürli
jyns
l
y (hem oglanlar, hem gyzlar) bolup bilýär. Bir wagtda
dünýä inen ekizleriň sanyna görä, olara ekizler, üçem
ler,
dördemler we ş.m
.

diýilýär. Biologiki gelip çykyşy boýunça
ekizler monozigot we dizigot görnüşlere bölünýärler.


40


Monozigot ekizler.



Monozigot ekizler bir tohumlandyrylan ýumurtda
öýjüginden
-
zigotadan gelip çykýarlar. Monozigot jübütleriň
mukdary zigotanyň bölünme mukd
ary bilen kesgitlenýär. Eger
-
de zigotanyň birinji bölünmesinden soňra, gyz öýjükleriň
-
blastomerleriň her biri aýratyn düwünçege başlangyç berýän
bolsa, onda monozigot ekizler kemala gelýär. Eger
-
de iki sany
bölünmeden soňra, blastomerleriň biri özbaşdak ke
mala
gelmäge başlap, beýlekisi ýene
-
de bir gezek bölünse we
olardan aýry
-
aýry embr
ionlar kemala gelse, onda mono
z
ig
ot
üçem döreýär. Monozigot ekizleri genetiki nusgalar bolup
durýar. Bu 100% umumy genleri bolan garyndaşlaryň ýeke
-
täk
görnüşidir. Kadaly mon
ozigot ekizler hemişe bir jyn
slydyr
.

Monozigot ekizleriň iki görnüşi bardyr


monohorion
we dihorion. Monohorion monozigot ekizler ýagdaýynda


zigota örtülenden (plasenta geçenden) soňra ol bölünýär we
ekizlerde umumy horion (düwünçek örtügi) bolýar. Dih
orion
monozigot ekizler ýagdaýynda bolsa, zigota
tohumlandyrmadan soň ilkinji bäş günüň dowamynda bölünýär
we her bir jübütde öz horiony bolýar. Monozigot ekizleriň
takmynan ⅔ bölegi monohorion we ⅓ bölegi dihorion

41

bolýandyr. “Siam” ekizler ýagdaýynda bols
a, zigota
tohumlandyrmadan soň takmynan 2 hepde geçenden soňra
bölünýär. Bu bolsa olaryň bedenleriniň bölekleý
in birleşmegine
getirýär
.


“Siam” ekizler



Dizigot ekizler başgaça döreýär. Olaryň mukdary aýalda
şol bir wagtda kemala gelen ýumurtgalyk öýjükl
eriň sany bilen
kesgitlenýär. Tohumlandyrylan ýumurtgalyk öýjüklerinden
aýry
-
aýry embrionlar kemala gelýär. Genetiki taýdan olar adaty
doganlar ýaly meňzeşdirler we bir jynsly hem
-
de dürli jynsly
bolup bilýärler.

Käbir barlaglarda monohorion ekizleriň dih
orion
ekizlere garanyňda şahsy häsiýetleri we kognitiw
-
akyl ýetiriş
ukyplary boýunça bir
-
birine has meňzeýändikleri ýüze
çykaryldy, ýöne başga barlaglarda bu aýratynlyklar bellik

42

edimedi. Dizigot ekizler hemişe dihorion bolup durýar.
Şeýlelikde, monozigot
ekizlerde meňzeşlikleriň köplügi


meňzeş prenatal gurşawy bilen düşündirilýär.

Düzgün bolşy ýaly, ekizler adaty bäbeklere garanyňda ir
dogulýar we agramy az bolýar. Şeýle hem, postnatal döwürde
ata
-
eneler bir wagtda iki çaga ýeterlik üns berip bilmeýärle
r,
şonuň üçin ekizlerde sözleýiş giç kemala gelýär we olar söz üsti
sowalnamalary biraz gowşak ýerine ýetirýärler. Şeýle
tapawutlar, şol sanda söz baýlygyň pesligi mekdep ýyllaryň irki
döwürlerinde ýüze çykarylýar.

Wagtyň geçmegi bilen monozigot ekizleriň

fiziki
häsiýetleri boýunça meňzeşlikleri azalyp, olar söz üsti we
matematiki sowalnamalarda şöhlelendirilýän ukyplary boýunça
bir
-
birine has meňzeýärler. Muňa gapma
-
garşylykda, dizigot
ekizler wagtyň geçmegi bilen kognitiw
-
akyl ýetiriş ukyplary
boýunça ta
pawutlanyp başlaýarlar. Monozigot ekizler
takmynan birmeňzeş ýaşa çenli ýaşaýarlar, dizigot ekizleri
bolsa, köplenç ýaşaýyş
-
durmuşyň tapawutly dowamlylygyna
eýedirler.

Käbir maşgalalarda ortaça populýasiýa garanyňda,
ekizleriň ýygy
-
ýygydan dünýä inmegi be
llik edildi. Bu hem
monozigot, hem dizigot ekizlere degişlidir.

Eger
-
de monozigot ekizleri dünýä indirmeklige
ýykgynlygyň tebigaty aýdyň däl bolsa, dizigot ekizlere
ýykgynlygyň tebigaty has düşnüklidir. Meselem: eger
-
de
aýalda dizigot ekizleri dünýä indire
n aýal dogany bar bolsa,
onda onuň özi üçin dizigot ekizleri dünýä indirmek
ähtimallygy, ortaça populýasiýadaka garanyňda, 1,7 esse
ýokarydyr. Eger
-
de aýalyň ejesi dizigot ekiz bolsa, onda dizigot
ekizleriň dogulmak ähtimallygy 2,5 esse ýokarlanýar.






43

4
.3.
Ekizleriň dogulmak ýygylygy


Ekizleriň dünýä inmegi


seýrek duş gelýän hadysadyr:
ýekelikde dogulan her ýüz çaga
-
bir ekizler, her ýüz ekizlere


bir üçem, her ýüz üçem
e


bir dördem we ş.m.

gabat gelýär.
Emma dürli populýasiýalar üçin dürli maglumatla
r bar. Şeýdip,
ABŞ
-
da ortaça her 60 nesliň içinde biri ekizleriň döremegine
getirýär. Soňky 50 ýylyň içinde ABŞ
-
da ekizleriň mukdary
takmynan 28.000 köpeldi.

Monozigot we dizigot ekizleriň dogulmak ýygylygyny
ekizek görkezijisi
-
koeffisiýenti bilen aňladýa
rlar (1000 nesle
ekiz jübütleriň sany). Dizigot ekizleri üçin bu görkeziji d
(dizigot görkezijisi) indiki formula bilen kesgitlenýär:


d=u/1000N

Bu ýerde:

u
-
dürli jynsly ekiz jübütleriň sany;

N
-
öwrenilen nesliň umumy sany
.

Monozigot görkezijisi m bolsa, indiki formula boýunça
tapylýar:


m=(ά
-
24)/1000N

Bu ýerde:

L
-
ö
wrenilen saýlawda ekiz jübütleriň umumy sany;

u we N ýokarda görkezilen aňlatmalary öz içine alýar.

Indiki mysala ýüzleneliň
. Ýaponiýanyň oba
populýasiýalarynda ekizleri ýüze çykarýarlar. Bir ýylda 1420
golaý jübüt bellik edilýär. Olaryň 598
-
niň jübüti iki oglan, 547
jübütinde diňe iki gyz we 275 jübütinde oglan bilen gyz
bolupdyr. Bu maglumatlardan peýdalanyp, barlanan
populýa
siýanyň paýyna düşýän mono
-

we dizigot ekizleriň
takmynan sanyny kesgitlemeli. Şeýdip, dizigot ekizleriň dünýä
inmegini iki sibsleriň dogulmagy hökmünde göz öňüne
getirmek bolar. Iki çaganyň ikisem oglan, ikisem gyz we oglan
bilen gyz bolup biler.


44

Konkor
dantlyk.

Hil alamatlary üçin konkordantlyk,
mukdar alamatlary üçin bolsa jübüt içindäki meňzeşlikler
görkezijisi ulanylýar. Eger
-
de öwrenilýän alamat jübütleriň
ikisinde hem bar bolsa, bu ekiz jübüti konkordant
hasaplanylýar. Eger
-
de alamat olaryň diňe bir
inde bar bolsa,
onda bu jübüt disko
nko
rdantdyr. Konkordantlygyň derejesi


seljerilýän alamat gabat gelýän jübütleriň göterimi (%) bilen
aňladylýar. Konkordantlyk alamatlary nesle geçijilik
görkezijisini ýüze çykarmak üçin ulanylýar. Mono we dizigot
ekizle
rde konkordantlygyň deňeşdirilmegi

seljerilýän alamatyň
kemala gelmeginde nesle geçýän we daşky gurşaw
tapawutlaryň täsirini takmynan kesgitlemäge mümkinçilik
berýär.



4.4.
Ekizleriň maşgalalary


Monozigot ekizleriň maşgalalary genetikler üçin
aýratyn gy
zyklanma döredýär. Şeýle maşgalalaryň iki
görnüşine seredip geçeliň.

Birinji görnüşi


bu ata
-
enesi garyndaşlykda bolmadyk
ekizleriň maşgalasy. Bu är
-
aýal jübütleriň çagalary re
smi
taýdan doganoglan sibsler
-
doganlar (olar hakyky doganlaryň
çagalary) hasap
lanylýar. Genetiki taýdan bolsa, olar ýarym
sibsler


hakyky doganlar hökmünde kabul edilýär. Sebäbi,
olarda umumy genleriň ¼ bölegi bar. Monozigot ekiz


aýal
doganlaryň nesli, ekiz


erkek doganlaryň nesline garanyňda
genetiki taýdan has meňzeş bolýarlar
. Aýal doganlaryň
çagalary birmeňzeş sitoplazmatiki nesle geçijiligi we ¼
-
e deň
bolan özeni


esasy genler boýunça genetiki meňzeşlige
eýedirler. Erkek doganlaryň çagalary bolsa, aýry
-
aýry
sitoplazmatiki nesle geçijilige eýedirler. Mundan başga
-
da aýal
dog
anlaryň çagalary birmeňzeş düwünçek içindäki gurşawa
eýedirler. Enelik täsiri bolsa, çaga dünýä inenden soňra, aýal

45

doganlaryň çagalarynyň fenotipiki meňzeşligini güýçlendirip
biler.

Monozigot aýal doganlar we monozigot erkek
doganlaryň nika eden birnäçe
ýagdaýlary beýan edilýär. Şeýle
nikalaryň çagalary resmi taýdan doganoglan sibsler


doganlar
hasaplanylýar, ýöne genetiki taýdan olar hakyky doganlar ýaly
meňzeşdirler: olarda umumy genleriň 50% bar. Mundan başga
-
da, olar hakyky doganlar ýaly birmeňzeş si
toplazmatiki nesle
geçijilige eýedirler. Bu çagalaryň şahsyýet hökmünde kemala
gelýän gurşawy hem meňzeşdir diýip hasaplamaga esas bar: ol
eneleriň we atalaryň özlerini alyp baryşlarynyň meňzeşligi
bilen kesgitlenýär. Ekizleriň maşgalalary, ýene
-
de bir jäh
tde
gyzyklanma döredýändir, ýagny, nika jübüti saýlananda,
indiwidiň genotipiniň näderejede täsir edýändigini
öwrenmeklik bolup durýar.


V B
ap. Jynsy we gender tapawutlar



Aýallaryň we erkekleriň arasyndaky tapawutlar barada
gürrüň edilende 2
sany düşünjäni ulanýarlar: jyns we gender.


Jyns adalgasy
-
bedeniň anatomiki we fiziologiki
tapawutlaryna degişlidir. Gender bolsa, psihologiki, sosial we
medeni aýratynlyklary öz içine alýar. Jynsy we genderi
araçäklendirmeklik zerurdyr. Sebäbi aýal
lar we erkekler
arasyndaky tapawutlaryň käbirleri biologiki sebäpler bilen
şertlendirilýär, beýlekileri bolsa öz tebigaty boýunça biologiki
däl bolup durýar. Meselem: aýallaryň we erkekleriň hünärleri,
däp
-
dessurlar, moda.


Erkekleriň we aýallaryň öz
lerini alyp barşyndaky
tapawutlar näderejed
e biologiki tapawutlar bilen kes
gitlenýär?
Başgaça aýdanyňda, jyns we gender haýsy gatnaşykda bolýar?
Alymlarda belli bir pikir ýok.


Käbirleriň pikiriçe, aýallaryň we erkekleriň özlerini alyp
baryşlarynda d
ogabitdi (biologiki) tapawutlar bolup, olar ähli

46

me
deniýetlerde ol ýa
-
da beýleki gö
rnüşde ýüze çykýarlar.
Subutnama hökmünde giň antropologiki maglumat getirilýär,
ýagny, ähli halklarda erkekler aýallara garanyňda ýygy
-
ýygydan awa gidýärdiler. Diýmek, olar

has gaharjaň bolupdyr.
Aýallar bolsa wagtyň köp bölegini çagany terbiýelemek bilen
meşgullanypdyrlar.


Soňky 10 ýyllyklaryň içinde erkekleriň we aýallaryň
arasyndaky kognitin
-
akyl

ýetiriş

tapawutlarynyň azalandygyny
görkezýän maglumatlar döredi.


Bu aýallaryň ýokary motiwasiýasy bilen düşündirilýär.
Aýallaryň we erkekleriň akyl ukyplarynyň meňzeşligi bellik
edilýär. Köp alymlaryň pikiriçe, bu meňzeşlikler tapawutlardan
üstün çykýar. Iki jyns hem IQ
-
akyl derejesini kesgitleýän
sowalnamalary

meňzeş ýerine ýetirýärler. Şol bir wagtyň
özünde her bir jynsyň çäklerinde tapawutlar bellik edilýär.

Döwrebap eýýamda taryhy deňsizlik aradan aýrylsa
-
da, käbir
halklarda häzirki döwürde
-
de

hem dowam edýär.





5.1.

Jynsyň hromosom kesgitlenilişi



Adamda 2 jynsyň wekilleri hem birmeňzeş autosom
toplumyna eýedir, ýöne erkeklerde bir X we bir Y
-
hromosoma,
aýallarda bolsa, 2 X hromosoma bar. Dürli jynsy hromosomaly

jynsa

geterogameta, birmeňzeş jynsy hromosomaly jynsa bolsa
gomogameta diýilýär. Diýmek,

erkek jynsy
-
geterogamet, aýal
jynsy bolsa
-
gomogamet. Adamda X
-
hromosoma Y
-
hromosomadan uly bolup, has köp genlere eýedir. Erkek jynsyň
kemala gelmegine Y
-
hromosoma has uly täsir edýär. Erkek
jynsy kesgitleýän Y
-
hromosomanyň meýdany ýüze çykaryldy.



Adamda erkek we aýal jynsyň arasyndaky tapawutlar çaga
dogulandan soňra görünýär. Oglanlar we gyzlar ulaldygyça,
olaryň özlerini alyp baryşlarynda hem tapawutlar ýüze çykýar.

47

Bu tapawutlar jynsy gormonlaryň täsiri bilen düşündirilýär.
Jynsy alamatlaryň

ilkinji we ikinji, içki we daşky jynsy
organlary tapawutlandyrylýar.

Ilkinji j
ynsy alamatlar (jynsy organlar)


nesil

öndürijiligi bilen
gös
-
göni baglanyşyklydyr.


Ikinji jynsy alamatlar
-
nesli ösdürip ýetişdirmek bilen
baglanyşyklydyr.


Içki
jynsy organlar
-
bu jynsy mäzler (ýumurtgalyklar,
tohumlyklar).


Daşky jynsy organlar
-
aýal we erkek organlary.


Embrionyň kemala gelmegi jynsy mäzleriň tapawutlanmaýan
jübütlerinden başlanýar. Y
-
hromosomanyň barlygy jynsy
mäzleri tohumlyklara öwürýä
r, Y
-
hromosoma ýok bolsa,
olar ýymyrtgalyklara öwrülýär. Tohumlyklar erkek jynsy
gormonlary
-
androgenleri, ýumurtgalyklar bolsa aýal jynsyň
gormonlaryny
-
estrogenleri we progesterony işläp çykarýarlar.
Androgenler
-
genital dokumalaryň daşky jy
nsy org
anlaryna
kemala gelmegini

şertlendirýär. Androgen gormonsyz bu
dokumalar aýal genitaliýalaryna öwrülýär. Jynsyň kadaly ösüşi
diňe hromosomalara we gormonlara bagly däl.



Aýallarda we erkeklerde jyns

mäzleri “aýallaryň” estrogen
gormonlaryny bölüp çy
karýarlar, ýöne olar aýallarda has köp
bolýar. Estrogenler gös
-
göni genleriň önümi bolup
durmaýarlar. Sebäbi olar belok däl. Ýöne olar ferment
-
beloklaryň kömegi bilen sintezlenýär. Aýallar hem erkekler bu
fermentleri belgilenýän genlere eýedirler we iki jy
nsda hem
olar işjeňdir.


Erkek jynsyň gormony
-
testosteron iki jynsyň
wekillerinde hem sintezlenýär, ýöne aýallarda has az mukdarda
bolýar. Testosteronyň täsirinde genital dokumalary erkek
jynsyň organlaryna kemala gelýär.






48

5.2. Akyl ýetirişiň

we şahsy
häsiýetleriň gender tapawutlary



Dürli barlaglar erkekleriň we aýallaryň akyl ukyplarynyň
arasynda tapawutlaryň bardygyny görkezdi. Döwrebap
psihologiýa akyl ukyplarynda 3 sany esasy tapawudy ýüze
çykarýarlar:

1.

Werbal
-
söz üsti ukyplar
-
aýall
arda ösen.

2.

Matematiki ukyplar
-
erkeklerde has ýüze çykarylan.

3.

Giňişlik
-
keşp hyýaly
-
erkeklere has mahsus.


Jynslaryň intellektual aýrat
ynlyklary arasyndaky
tapawutlar

käbir ýöriteleşen akyl ukyplarynda ýüze çykýar.
Ünsüň we kabul edişiň aýratynlyklar
y jynsy tapawutlaryna
eýedirler. Meselem: bäbeklik döwründäki gyzjagaz görüş
gyjyndyryjysynda ünsüni has dowamly jemleýär.

Käbir alymlaryň pikiriçe kabul edişdäki tapawutlar diňe görüş
kabul edişine däl
-
de, ähli beýleki sensor
-
duýgy ulgamlaryna
hem mahsusd
yr. Meselem: erkeklere “wagt duýgusy” has
mahsusdyr, ýagny olar wagtyň geçişini kesgitleýärler. Aýallar
bolsa yslara, tagamlara, seslere has duýgur bolýarlar.


Suratda werbal
-
söz üsti sowalnamanyň mysallary
getirilen. Ondan görnüşi ýaly, her sözüň

birinji hödürlenen
harpy boýunça sözlem düzmeli:

1.

M_ _ _ _ _ _ _ W _ _ _ _ _ _ _
S _ _ _ _ _ _ _ A _ _ _ _
.

2.

C _ _ _ _ _ _ _ F _ _ _ _ _ _ _ J
_ _ _ _ _ _ _ K _ _ _
.

3.

Z_ _ _ _ _ _ _ O _ _ _ _ _ _ _ E

_ _ _ _ _ _ _ B _ _ _
.


Werbal däl
-
söz üsti däl s
owalnama bolsa giňişlik
-
keşp
ukyplaryny barlaýar, synag geçirilýän a
dama açylan
dörtburçlyga
gabat gelýän dörtburçlygyny saýlamak teklip
edilýär:


49




Şeýle tapawutlaryň sebäbini düşündirýän ewolýusion
taglymat hödürlenýär, ýagny, jemgyýetde ýaşaýyş
ugrundaky
göreşde awçylyk we toplaýjylyk döwründe, erkekler nätanyş
territoriýa
lary özleşdirende, aýallar
köp wagtyny miweleri
toplamaga sarp edenlerinde, berlen ukyplar kemala gelipdir we
şol esasda tapawutlar ýüze çykypdyr.

Magnit
-
rezonans usullarynyň kö
megi bilen kelle beýni
seljerilende
,

erkekleriň we aýallaryň sözleýişe jogap berýän
kelle beýniniň zolaklarynyň işleýşinde tapawutlaryň barlygy
ýüze çykaryldy. Aýallarda erkeklere garanyňda ýadyň kemala
gelişine gatnaşýan düzüjiler has gowy işleýär.


5.3.
Gender tap
awutlarda daşky gurşawyň täsiri



Gender tapawutlar jemg
yýet, medeniýet we ýörite
türge
nleşikler bilen şertlenip bilner. Meselem, eskimoslarda
giňişlik
-
keşp hyýaly boýunça erkekleriň we aýallaryň
arasyndaky tapawut kiçidir, sebäbi arktiki
gurşaw birinjiden,
ýaşamak üçin giňişlikde gowy ugrukmany talap edýär (jynsa
garamazdan). Ikinjiden, ene
-
atalar hem gyzlara, hem oglanlara
özbaşdaklygy berýärler. Ýewr
opalylarda ýörite giňişlik

50

türge
nleşikleri giňişlik hyýalyň kemala gelmegi boýunça
oglanl
aryň we gyzlaryň arasyndaky tapawutlary düýbünden
aýyrýar (başlangyç synplarda).


Ýigitler we gyzlar hünär saýlanlarynda işiň dürli
görnüşlerine deň däl isleg bildirýärler. Aýallarda werbal
-
söz
üsti, erkeklerde bolsa matematiki we giňişlik hyýaly t
alap
edýän ylymlar has ýeňil düşýär. Şonuň üçin olar degişli
hünärleri saýlaýarlar. Käbir nukdaý nazarlara görä, hünär
saýlawy belli bir derejede biologiki şertlenen bolýar. Ýöne bu
ýagdaýda aýallaryň we erkekleriň arasynda hünär orunlaryň
paýlanylyşyna so
sial
-
medeni gönükmeleriň we jemgyýetiň
gymmatlyk ugrukmalaryň uly täsir edýändigini hasaba
almalydyr. 70
-
nji ýyllarda ABŞ
-
da ýokary bilimli adamlaryň
arasynda aýallar 6% tutýardy, Welikobritaniýada
-
16%, SSR
-
de
-
75%. Sosial
-
medeni gönükmeleriň ähmiýetini Täz
e
Gwineýadaky taýpalaryň mysalynda görmek bolýar. Bu
taýpanyň aýallary jemgyýetde agalyk ediji orny tutýarlar, olar
işjeň bolup, aýgytly we güýçli häsiýete eýedirler.

5.4. Te
rbiýe we jynsy
-
orun gönükmeleri




Gender alamaty boýunça tapawutlar

nähili kemala gelýär.
Ene bilen çaganyň özaragatnaşyklary öwrenilip, ene
-
atalaryň
oglanlar we gyzlar bilen özlerini dürliçe alyp barýandyk
lary
ýüze çykaryldy. Syn etmeleriň

görkezişi ýaly, eger
-
de daş
-
töwerekdäkiler çagany

oglan hökmünde kabul etseler,
ol

hem
özüni oglan hasaplaýar. Bu sebäp boýunça onda degişli jynsy
-
orun gönükmeleri kemala gelýär.

Edil şonuň ýaly ýagdaý aýal jynsyna hem mahsusdyr. Çaga
berilýän at, egin
-
eşigi onda öz jynsyna degişlidigini
aňlamaklygynyň kemala gelmegine getirýär. Terbiýe

çagada
aýal ýa
-
da erkek häsiýetleri kemala getirýär.


Şeýle mysal bellidir. 1967
-
nji ýylda sünnete ýatyrylan
kanadaly monozigot ekiz oglanlaryň biri ýalňyşlyk net
ijesinde
daşky jyns organyndan

mahrum edilýär. Psiholog J. Mani çaga

51

3 ýaşa çenli isl
endik gender orny öwredip bolýar diýip
hasaplaýar we ony gyz ýaly terbiýelemegi maslahat berýär. Bäş
ýaşynda bu ekizler özlerini alyp baryşynda aýdyň tapawutlary
ýüze çykarýardylar. Umuman, terbiýe üstünlikli geçdi, ýöne
gyz ýaly terbiýelenen çagada wagtyň

geçmegi bilen işjeň erkek
temperamenti ýüze çykyp başlady. Ol köýnekleri ýyrtyp
başlady, gurjagyny inkär etdi we oýnawaç tüpeňi satyn almak
üçin pul ýygnap başlady. Operasiýa çaga 17 aýlyk bolanda
giçirilse
-
de, onuň aýal gurluşy boýunça durmuşa uýgunlaşma
sy
çylşyrymlaşýardy. Jy
nsy kämillik döwründe ene
-
ata ir
ki
çagalykda bolup geçen ýagdaýy oňa gürrüň berdiler. Ol erkek
kişiniň durmuşyny saýlady we ýene
-
de hirurgiki operasiýany
başdan geçirdi. Görnüşi ýaly, diňe terbi
ýe bilen ol ýa
-
da
beýleki jynsy
-
orun


nükmäni döretmek mümkin däl.



VI Bap.

Populýasiýanyň (ýaýraýyşyň) gurl
uşy we genetiki
hadysalar



Janly jandaryň islendik görnüşi eýeleýän meýdany boýunça
deň ýaýramaýar. Olar ol ýa
-
da beýleki derejede aýratyn toparlar
bolup, bu toparlara populýasiý
alar diýilýär. Janly organizmleriň
şeýle ýaýraýyşy arealyň dürli ýerlerinde ýaşaýyş şertleriň deň
däldigi bilen şertlenip, osoblar has amatly bolan ýerlerde
jemlenýärler. Ýöne islendik aýratynlaşdyrylan topar
populýasiýany emele getirmeýär. Populýasiýanyň
has takyk
k
esgitlemesini jynsy ýol bilen kö
pelýän görnüşler üçin bermek
bolýar. Şeýle görnüşlerde populýasiýa bu
-
erkin çaknyşýan
osoblaryň jemi bolup, olar köp nesliň dowamynda kesgitli
giňişlikde ýaýraýarlar. Aýdylan zatlar biologiki görnüş
hökmünde adama

hem degişlidir. Adamlarda populýasiýalar
diýip, kesgitli aýratyn ilatly nokatlara, etniki toparlara, dini
toplanmalara we jemagatyň beýleki görn
üşlerine düşünilýär.

52

Adamzady bü
tewilikde uly göwrümli populýasiýa hökmünde
kabul etmek bolýar.


Islendik p
opulýasiýa genetiki taýdan dürli bolan osoblaryň
jemi bolup durýar we öz hususy genofondy bilen häsiýetlenýär.
Genofond
-
bu populýasiýanyň ähli genleriniň toplumydyr.
Populýasion genetikada genyň (alleliň) ýygylygy, genotipiň,
fenotipiň ýygylygy ýaly düşünj
eler wajyp hasaplanylýar.
Populýasion genetikanyň çözýän ýumuşlarynyň arasynda
-
dürli
populýasiýalaryň genetiki gurluşyny, şeýle hem, onda bolup
geçýän genetiki hadysalary öwrenmeklik wajyp hasaplanylýar.





6.1.
Alleleriň ýygylygyny tapmak.


Genotip
lerde dürli alleleriň gabat gelmeklik ähtimallygy
populýasiýada kemala gelen çaknyşma ulgamy bilen
şertlenendir. Genotipe bagly bolmadyk ata
-
ene jübütleriň
tötänleýin döremegine panmiksiýa diýilýär. Ata
-
ene
jübütlerinde genotipiň haýsydyr bir görnüşiniň ha
s ýygy
-
ýygydan gabat gelmek hadysasyna assortatiwlik diýilýär.


Populýasiýanyň gurluşyny beýan etmeklik
-
bu alleleriň
ýygylygyny we çaknyşdyrmanyň dürli görnüşleriniň
ähtimallygyny tapmaklygy aňladýar (adamda nikanyň dürli
görnüşleri). Meselem: adamda

MN ulgamyň gan toparynda
monogen alamatyna syn edeliň. Bu ulgamda ol ýa
-
da beýleki
topara degişlilik L autosom bilen kesgitlenýär. Ol iki allel
ýagdaýlarda bolýar: L
M

we L
N
. L
M

alleli M eritrosit
görkezijiniň işlenilişini üpjün edýär, L
N

allel bolsa N
gör
kezijini üpjün edýär. Populýasiýada L
M

L
M
, L
N

L
N

we L
M

L
N

genotipli indiwidler bar, olara M, N we MN fenotipler (gan
toparlary) mahsusdyr. Kesgitli populýasiýadan tötänleýin
tertipde alnan 1000 adamyň 361
-
inde M topary, 159
-
synda N,
480
-
sinde bolsa MN topa
ry bar diýeliň. Fenotip boýunça her bir

53

adamyň genotipini kesgitläp bolýar. 361
-
si L
M

L
M
, 159
-
sy L
N

L
N

we 480
-
si L
M
L
N

genotipine eýe boldylar. Bu toparda jemi
2000 gen bolupdyr. Indi, L
M

we L
N

alleleriň tutýan göwrümini
kesgitläliň.


Alternatiw alle
leriň ýygylygy p we q harpy (p+q=1) bilen
belgilenýär. Gomozigot indiwidi genofonda iki meňzeş alleli,
geterozigot bolsa iki dürli alleli goşýar. L
M
L
M
genotipli
indiwidleriň mukdaryny D harpy, L
N

L
N

genotipli indiwidleri
R, L
M

L
N

genotipli indiwidleri bol
sa H bilen belgiläliň.
Alleleriň ýygylygyny ýönekeý arifmetiki hereketleriň kömegi
bilen taparys:



p=(2D+H)/2(D+R+H)=(2*361+480)/2(360+159+480)=0,6



Edil şu görnüşde ikinji alleliň ýygylygyny tapýarys:



q=(2R+H)/2(
D+R+H)=(2*159+480)/2(361+159+480)=0.4



Hasaplamalaryň takyklygy goşmak alamatyň kömegi bilen
barlanylýar:


p+q=0,6+0,4=1


6.2.
Genleriň üýtgeýjiligi



Genleriň üýtgeýjilik taglymaty 1930
-
njy ýyllarda ameri
kan
alymy S.Raýt tarapyndan işlenildi. Genleriň üýtgeýjiligi ýa
-
da
Raýt täsiri
-
bu kiçi göwrümli populýasiýalarda nesilden
-
nesle
geçýän genleriň ýygylygynyň tötänleýin üýtgemegidir.
Populýasiýanyň çäkli täsir
-
öndürijilik göwrümi sebäpli, täze
nesliň genofon
dy ata
-
ene nesliň genofondyndan ähmiýetli
tapawutlanyp biler.


54


Kiçi göwrümli populýasyýalarda käbir alleler, şol sanda
zyýanly alleler hem tötänleýin köpelip bilýär, beýlekileri bolsa
ýitip bilýär. Genleriň üýtgeýjiligi genetiki dürlüliligiň
peselmegi
ne getirip, populýasiýanyň genofondyny gowşadýar.
Aýratyn hem, uruşlar, epidemiýalar, heläkçilikler döwründe
genleriň üýtgeýjiligi güýçli ýüze çykýar. Genleriň üýtgeýjiligi
indiki formula boýunça bahalandyrylýar:



σ = √p (
1
-
p)/2N


Bu ýerde:


σ
-
kwadrat gyşarma;


p
-
alleliň ýygylygy;


N
-
populýasiýanyň göwrümi.


Genyň üýtgeýjiligine, dankerleriň populýasiýasy mysal
bolup

biler. Dankerler populýasiýasy


Pensilwaniýada


(ABŞ)
XVlll asyrda Germaniýadan göçen 27 maşgala tarapyndan
esaslandyryldy. Olar ýapyk jemgyýetde ýaşap, diňe öz
toparlarynyň arasynda nikalaşypdyrlar. Döwrebap populýasion
-
genetiki barlaglaryň görkezişi ýaly Germaniýa ilatynyň we
amerikan gelip çykyşly ne
mesleriň populýasiýalarynyň gan
toparyny we bir hatar morfologiki
-
alamatlary kesgitleýän
alleleriň ýygylygy boýunça ähmiýetli tapawutlanýarlar.







55



Dankerler populýasiýasyna mahsus nesil
alamatlary(gulagyň aşaky böleginiň aýry we bile bolmagy,
uly barm
agyň çeýeligi, çep eliň işjeňligi).



Demirgazyk Amerikanyň indeýesleriniň arasynda albinizmiň
(reňksizlik) ýokary

ýygylygy duş gelýär. Şeýdip, Ýewropa populýasiýa
larynda
albinizmiň ýygylygy 1:20
000 deňdir. Gopi atly indeýeslerde
albinizm uly ýaýraýyşa

eýe boldy. Sebäbi gopi indeýesleriň
däp
-
dessur medeniýetinde albinoslar uly hormata eýe
bolupdyrlar. Erkek albinoslar aýallarda uly üstünliklerden
peýdalanypdyrlar, bu bolsa albinizm geni alýan nesliň sanynyň
köpelmegine getiripdir. Emma ýuwaş
-
ýuwaşdan al
binoslara

56

degişlilikde indeý populýasiýalarynda çokunmaklyk geçmişde
galýar we netijede olarda albinizm geny azalýar.




6.3.
Esaslandyryjynyň täsiri




Easlandyryjynyň täsiri


adamlaryň


uly bolmadyk topary
ata
-
ene populýasiýasyndan çykyp, täze ýerde
ornaşanlarynda
genleriň üýtgeýjiliginiň netijesi bolup durýar. Bu toparda bir
alleler düýbünden ýitip bilýär, beýlekileri bolsa indiwidleriň
köpüsinde duş gelip bilýär. “Esaslandyryjylaryň” täze
populýasiýasynda genleriň unikal
-
gaýtalanmaz ýygylygynyň
döre
megine esaslandyryjynyň täsiri diýilýär. Bu täsire Tristan
da Kunýa adasynda bir hatar nesle geçýän keselleriň üýtgeşik
paýlanylyşynda syn etmek bolýar.


Tristan da Kunýa 1506
-
njy ýylda açyldy. 1817
-
nji ýylda
Şotlandiýa gelip çykyşly adam öz maşgalasy
bilen adada
ornaşýar. Onuň maşgalasy aýalyndan, iki çagasyndan, iki
işgärlerinden we hyzmatkärden ybaratdy. Bu maşgala
döwrebap ilatyň easlandyryjysy hasaplanylýar. Soňky 130
ýylyň içinde ada birnäçe aýallar geldi. Adada gämi
heläkçiliklerinden halas bolan
lar hem düşleýärler. Şeýlelikde,
1946
-
njy ýylda adanyň 222 adamy 8 erkegiň we 9 aýalyň nesli
bolup, bir
-
birleri bilen garyndaşlyk arkaly baglanyşykly
bolupdyrlar. Tristan adasynda giň ýaýran nesle geçýän kesel
pigment retinit
y (gözüň rak keseli) döräpdir.



Ada gelen aýallaryň birinde bu keseli göterýän gen bolupdyr
diýip hasaplanylýar. Häzirki wagtda adanyň ilatynyň 1% bu
keseliň göterijileri hasaplanylýar. Tristan da Kunýa adasynyň
ilatynyň ýarysy astma
-
dem gysma keselinden ejir çekýärler we
bu kesel
nesilden
-
nesle geçýär.


Esaslandyryjynyň täsirine amişa taýpasynda hem syn etmek
bolýar. Amişalaryň populýasiýasy dini topar bolup durýar.

57

Amişalaryň başlangyç topary takmynan 200 adamdan ybarat
bolup, olar diňe özara nika edipdirler. Ýokary ýygylykly
nesle
geçýän keselleriň arasynda amişalarda kistoz fibrozy, bedeniň
ýokarky böleginiň myşsa gowşaklygy, gemolitiki anemiýa we
bir hatar nesle geçýän psihiki bozulmalar duş gelýär.
Amişalarda beýleki populýasiýalarda seýrek duş gelýän nesle
geçýän keseller
giňden ýaýrandyr. Kiçi boýlylygyň (karliklilik)
bir görnüşin
iň geny Lankoster amişalarynda

7% ýygylyk bilen
ýaýrandyr. Beýleki populýasiýalarda bolsa bu ýygylyk 0,1%
deňdir. Mundan başga
-
da görkezilen keseliň alamatlaryna
çaganyň dişli dogulmagy, polidakti
liýa we beýlekiler degişlidir.


Amişa taýpalarynda ýaýran Ellis
-
wan Kreweld sindromly
çaga.



6.4.
“Çüýşe bokurdajygy” täsiri



Eger
-
de populýasiýanyň möçberi çalt peselse, seýrek alleler
olaryň göterijileri aradan çykanda ýitip bilýär. Şeýdip, allel
köpdürliligiň peselmegi bolup geçýär. Galan populýasiýa
başlangyç populýasiýa garanyňda bir görnüşli genofonda eýe

58

bolýar. “Çüýşe bokurdajygyň” täsiri diýlip atlandyrylýan
hadysa bolup geçýär, ýagny, geljeki nesle alleleriň uly
bolmadyk mukdary geçirilýär.




b
aşlangyç



a b c d e f


populýasiýada


genyň 6 dürli alleli




c d

"çüýşe bokurdajygyndaky” wakalar








täze populýasiýada

cd cd cd


geniň diňe 4 alleli





“Çüýşe bokurdajygy” täsiriniň gurluşy.

“Çüýşe bokurdajygy” täsirini Gündogar Karolinanyň ada
zynjyry bol
an Pindžlep adasynyň mysalynda görkezmek bolar.


Adanyň ilatynyň arasynda 4
-
10%
-
de ahromatopsiýa sun
edilýär. Ol dürli reňklere körlügi, ýakyndan gowy görmekligi
we hataraktlary öz içine alýar. 1780
-
nji ýylda bolan güýçli
tupan adadaky ýaşaýjylaryň köpü
siniň ölümine getirdi, bu waka
bolsa adada keseliň ýokary ýygylykda ýaýramagynyň sebäbi
hasaplanylýar. “Çüýşe bokurdajygy” täsiri netijesinde
ahromatopsiýa genyň ýygylygy indiki nesilde ýokarlanýar.


6.5.
Genleriň akymy



Baý arheologiki miras gadymy pop
ulýasiýalarda adamlaryň
hereketlenişi barada maglumat berýär. Käbir migrasiýalar
durnuksyz bolup, uly bolmadyk toparlary öz içine alýardylar.

59

Käbirleri bolsa, ol ýa
-
da beýleki derejede durnukly bolup,
adamlaryň uly mukdaryny öz içine alýardylar. Uly göwrüm
li
migrasiýalar keseki populýasiýalara täze genetiki maglumaty
girizýärler. Migrasiýa ýoly bilen genleriň populýasiýalara
goşulmagyna genleriň akymy diýilýär.


Populýasiýalaryň arasyndaky gen çalşygy medesina
netijelerine eýe bolup biler. Soňky wagtlara
çenli täze doglan
bäbekleriň rezus
-
dartgynlyk keseli Hytaýda duş gelmeýärdi.
Ähli hytaý

aýallaryň rezusy položitel
-
oňaýlydyr
. Emma
amerikan immigrantlaryň Hytaýyň ilaty bilen milletara nikalary
hytaý pop
ulýasiýalaryna rezus
-
otrisatel
-
oňaýly däl

alleli
goşd
ular. Amerikan erkekleriň we hytaý aýallaryň birinji
neslinde rezus
-
dartgynlyk syn edilmeýär. Munuň gapma
-
garşysyna, rezus
-
otrisatel amerikan aýallaryň rezus
-
položitel
hytaý erkekleri bilen nikasy geljeki nesil üçin howp toparyny
döredýär. Hytaý kakaly çag
alaryň ählisi rezus
-
položitel bolup,
olaryň keseliň pidasy bolmak ähtimallygy ýokarydyr.


A we B populýasiýalaryň garyşmagy netijesinde döreýän C
populýasiýasyna bu populýasiýalaryň her biriniň goşýan
goşandyny indiki görnüşde bahalandyryp bolýar:





A populýasiýanyň goşandy:




B populýasiýanyň goşandy:



Bu ýerde:


a


C populýasiýa goşulan A
populýasiýadaky adamlaryň sany.


b


C populýasiýa goşulan B populýasiýanyň adam sany.


q


A populýasiýadaky genyň ýygylygy.


q


B populýasiý
ada genyň ýygylygy.


q


C populýasiýada genyň ýygylygy.




60


6.6.
Inbriding.



Inbriding
-
bu biologiki garyndaşlaryň arasyndaky nikalar
bolup durýar. Gan
-
garyndaşlyk nikada nesilde gomozigot
ýagdaýyň ähtimallygy ýokarlaný
ar. Şeýle nesle inbred nesil
diýilýär. Inbriding bolsa F inbridingiň koeffisiýenti
-
görkezijisi
bilen ölçenilýär. F ululygy haýsydyr bir tötänleýin saýlanan
autosom jeminiň gomozigotlylygynyň ähtimallygyny
görkezýär. Onuň aňlatmasy 0
-
1 aralykda bolýar. Indi
wid üçin F
inbridingiň görkezijisi nesil daragtyň kömegi bilen Mendeliň
kanunlary esasynda hasaplanyp bilner. Inbridingiň görkezijisi
ni

hasaplamagyň görkezilen çemeleşmesi orta asyrlarda monahlar
tarapyndan işlenildi. Olar garyndaşlary bilen nikalaşmaga
is
leýän baý adamlaryň “günä” derejesini kesgitlemek üçin bu
hasaplary ulanypdyrlar. Nika rugsat almak üçin, metjid
gaznasyna inbriding görkezijisine proporsional bolan pul
möçberini goýmalydy.


Inbriding derejesini beýan etmek üçin inbriding görkezijisi
bil
en bir hatarda garyndaşlyk görkezijisi düşünjesi ulanylýar.


Iki indiwidiň

garyndaşlyk görkezijisi
-
bu bir indiwide
degişli bolan, tötänleýin saýlanan genyň beýleki indiwidiň
genyna gabat gelmegidir.

Indiwidiň inbriding görkezijisi onuň ata
-
enesi
niň garyndaşlyk
görkezijisine deňdir.Garyndaşlyk görkezijisi
-
umumy ata
-
babalara eýe bolup bilýän iki indiwid üçin kesgitlenýär.
Inbriding görkezijisi bolsa bir indiwid üçin kesgitlenýär we
onuň ata
-
enesiniň arasyndaky genetiki derejesi bilen ölçenýär.
Inbr
iding görkezijisi (F) S.Raýtyň işlän seljermesi arkaly
kesgitläp bolýar. Bu usul genleriň geçýän döwürlerini
hasaplamaklykda esaslanýar. Bir nesilde genyň geçiş
ähtimallygy ½ deňdir, Şonuň üçin, F=r/2;


Bu ýerde r
-
garyndaşlyk derejesi. Gan
-
garyndaş ni
kalardan
bolan çagalarda umumy genleriň paýy 2r deňdir. Garyndaş

61

nikalaryň genetiki netijeleri Ýewropa we ABŞ
populýasiýalarynyň mysallarynda görkezmek bolýar. ABŞ
-
nyň
akýagyz ilatynyň diňe 0,05% garyndaş nikada ýaşaýar, ýöne
albinizmiň 18
-
24% hut şu nika
lardan ýüze çykýar. Ýöne ähli
populýasiýalarda inbriding täsiri oňaýsyz bolmaýar.
Hindistanyň, Ýaponiýanyň we Hytaýyň oba ilatynyň arasynda
gan
-
garyndaş nikalar giňden ýaýrandyr, ýöne olardan
garaşylýan oňaýsyz täsirler ýüze çykarylmady. Bu ýagdaýa
şeýle d
üşündiriş berilýär: eger
-
de Ýewropa ýurtlarynda we
Demirgazyk Amerikada gan
-
garyndaş nikalar gadagan edilýän
bolsa, Gündogar ýurtlarda olar goldanylýar. Köp ýyllaryň
dowamyndaky inbriding pes ýaşaýyş ukybyna eýe bolan
gomozigotalaryň dargamagyna getirip, ö
z genlerini täze nesle
gecmeýär. Şeýlelikde
,

inbred populýasiýalar köp asyrlaryň
dowamynda zyýanly genlerden saplanyp, şonuň üçin häzirki
wagtda bu populýasiýadaky är
-
aýalyň gan
-
garyndaşlygy
zyýanly genler boýunça gomozigotalaryň dargamagyna
getirmeýär.


Birnäçe nesil boýunça inbridingde ýaşaýan populýasiýalaryň
mysaly araplaryň taurek we hindileriň tamil populýasiýalary
bolup durýar. Olarda garyndaş nikalar goldanylýar. Käbir
populýasiýalarda, meselem, Ýaponiýa
da garyndaş nikalar
birnäçe sebä
pler esasynda

goldanylýar. Olary
ň

däbi boýunça,
ýigit bilen gelniň maşgalasy bir
-
birlerini tanamaly. Şeýle hem
,

bu maşgalalaryň gelip çykyşy bir ýerden bolmaly we sosio
-
ykdysady derejeleri gabat gelmeli. Gan
-
garyndaş nikalaryň
başga bir mysaly, Ýewropanyň ýokary gatlak
laryndaky nikalar
bolup durýar. Ol ýerde nikalaşýan jübütler birmeňzeş sosial
derejä eýe bolmalydyrlar. Ýokary gatlak wekilleriniň pes we
orta gatlaklaryň wekillerine garanyňda az bolmagy, garyndaş
maşgala agzalarynyň arasynda nikalaşma talabyny döredýär.
Meselem, Ýewropanyň şa daragtlary.




62


6.7.
Autbriding.


©Autbridingª adalgasy oba
-
hojalygyndan geldi, ol genetiki
taýdan daş bolan haýwanlary we ösümlikleri çaknyşdyrmagy
aňladýar. Adamlarda bu adalga bilen garyndaş däl nikalar
aňladylýar. Meselem: dürli
milletleriň arasyndaky nikalar.


Ewolýusiýanyň gidişinde autbridingiň kesgitli
artykmaçlyklary ýüze çykaryldy. 50 ýyl mundan ozal öňki
SSSR
-
de daşky nikalaryň biologiki seljermesi geçirilmeýärdi
(esasan diňe sebäpler boýunça), olaryň nesle täsiri b
olsa amatly
hasaplanylýardy. Şeýle nikalaryň oňaýly täsiri baradaky
pikirler ylmy barlaglaryň netijelerine esaslanmaýardy. Ol gen
garyndaşlygyň zyýanlydygy baradaky pikiriň logiki dowamy
bolup durýardy. Bu gara
ýyşy subut etmek üçin ylmy esas
-
genetiki maglu
matlar boldy. Bu maglumatlaryň görkezişi ýaly
,

garyndaş däl nikanyň nesillerinde zyýanly gowşak genler
geterozigot ýagdaýa geçip, genotipe täsir etmeýär.
Autbridingden garaşylýan ýene
-
de bir täsir
-
geterozisdir.
Geterozis
-
bu garyndaş däl çaknyşdyrmadan aln
an nesliň
ýaşaýyşa ýokary ukyplylygydyr.


6.8.
Nika assortatiwligi
-
saýlap
-
seçijiligi.


Nika jübütini saýlamaklyk adamyň durmuşynda wajyp
wakalaryň biri bolup durýar. Köp barlaglaryň netijeleri
nikalaryň tötänleýin däl gurulýandygyny görkezýärler. Adam

gyzyklanmalary, şahsy häsiýetleri, daş keşbi boýunça özüne
jübüt saýlap, gan topary we beýleki biohimiki alamatlara üns
bermeýär.


Nika jübüti saýlananda uly üns ýüz keşbe berilýär. Adamyň
ýüz keşbi ýaşaýyşyň dowamynda kemala gelýär we käbir
alymlar o
ňa ikinji jynsy alamat hökmünde garaýarlar.
Meselem: ýüz keşbiň assimetriýasy (gabat gelmekligi) ýüzüň

63

çep we sag tarapynyň degişli nokatlarynyň arasyndaky
assimetriýanyň derejesi boýunça öwrenilýär.






Ýüz keşbiň assimetriýasy ölçenilende ulanylýan bel
likler.



64



p beden alamatlary (barmaklar, bogunlar, gulaklar) jynsy
saýlawyň predmeti bolup durmaýar we ýüz keşbiň özüne

çekijiligine täsir etmeýär.


VII Bap. Adamzat

dürliligi



Meňzeş ýagdaýlarda dürli adamlar özlerini dürliçe alyp
barýarlar. Ke
sgitli şertlerde adamyň indiwidual
-
özboluşly
reaksiýasy nämä bagly? Bu soraga jogap tapmaga synanyşyp,
ylym bu ýolda ilkinji ädimleri edýär. Adamyň özüni alyp barşy
onuň daşky gurşawy kabul edişine we maglumaty gaýtadan
işleýişine baglydygy bellidir. Adaml
aryň özlerini alyp
baryşlarynyň dürliligine, görnüşiň biologiki köpdürliligini
seljermek arkaly düşünip bolýar. Adamlaryň düwünçek
içindäki dürliligi biologik gurluşyň ähli derejelerinde ýüze
çykýar: molekulýar
-
genetiki, fiziologo
-
biohimiki, morfologiki.
A
damlaryň medeni dürliligi has täsirlidir.


Adamlaryň populýasiýalarynda köp alamatlar boýunça
genetiki üýtgeýjilik syn edilýär: deriniň, gözüň, saçyň reňki,
boýy, agramy, gan topary we beýlekiler. Adamlar gylyk
-
häsiýeti, temperamenti, gyjyndyryjylara bo
lan jogap
reaksiýalary boýunça hem tapawutlanýarlar. Bu dürlilik
populýasiýa içindäki üýtgeýjiligi düzýär. Şeýle hem,
populýasiýalar arasyndaky dürlilik hem bellik

edilýär
. Aýry
-
aýry populýasiýalaryň arasyndaky tapawutlar reňkleri, ýüz
keşbiň gurluşy, bede
n gurluşy boýunça aýdyňlaşdyrylýar.


Ähli adamzady şertli ýagdaýda morfologiki alamatlar
boýunça tapawutlanýan toparlara
-
jynslara bölýärler. Adamlary
ol ýa
-
da beýleki jynsa degişli edýan birnäçe toparlar bar.
Linneý 4 sany görnüşi tapawutlandyrýar:

1.

Hom
o sapiens.

2.

Homo europaeus.

3.

Homo asiaticus.

4.

Homo amerikacanus.


65


Käbir ulgamlar birnäçe jynsy toparlary öz içine alýar.
Jynslara morfologiki alamatlar boýunça tapawutlanýan uly
populýasiýalar hökmünde garamak bolýar. Adatça 3 sany uly
jynsy tapawutlandyr
ýarlar: negroidler, mongoloidler we
ýewropeo
i
dler. “Jyns” adalgasy biologiki agrama eýedir. Eger
-
de topar bölünişig
ine

medeni we taryhy jähtler goşulsa, onda
etniki topar düşünjesini ulanýarlar. Genetiki taýdan bagly bolan
toparlar adatça, umumy medeniýete eýedirler. Şonuň üçin jynsy
we etniki topar
düşünjeleri biri
-
birini doldurýar. Jynslar
genofond boýunça tapawutlanýarlar. Köp genleriň allel dürliligi
dürli jynslaryň genofondynda meňzeş getirilendir, olarda diňe
alleleriň ýygylygy tapawutlanýar.


Jynslaryň kemala gelmegi adamlar toparlarynyň

ratynlaşdyrylmagy netijesinde mümkin boldy. Ol daşky
gurşawyň ýöriteleşen şertleriniň täsiri esasynda bolup geçdi:
howa, iýmitiň aýratynlyklary, keselleriň täsiri. Jyns
ewolýusiýasynyň esasy görkezijisi tebigy seçgi hasaplanyp, ol
populýasiýalary gurşawyň
kesgitli şertlerine uýgunlaşdyrýardy.
Ilkinji adamlaryň watany
-
Afrika

hasaplanylýar
. Olar Afrikadan
çykandan soňra, umumy ýowuz sowugy netijesinde Ýewraziýa
kontinentinde dörän buzlar ilkidurmuş adamlaryň ýaşaýan
territoriýasyny 3 bölege bölýär. Bu bolsa j
ynslaryň garaşsyz
ewolýusiýasy üçin şertleri döretdi: günbatarda ýewropeoid,
gündogarda mongoloid, günortada negroid.


Häzirki wagtda adamzat genofondynda onuň geçmiş taryhy,
şeýle hem döwrebap şertlere uýgunlaşmagyň yzlary şöhlelenýär
diýip hasaplanyl
ýar. Genofond baradaky maglumat halkyň
taryhyny takyklap bilýär, taryhy golýazmalar bolsa,
populýasiýanyň migrasiýasyny we seçginiň ugruny
kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Adamzat aratapawutlara syn
edip, alymlar onuň gelip çykyşyny düşündirmäge
synanyşýar
lar. Emma populýasiýada başga däl
-
de, şu alamatyň
näme üçin ýaýrandygyny hemişe düşündirip bolmaýar. Şeýdip,
köp üýtgemeler (mutasiýalar) bitarap bolup olaryň arasyndaky

66

tapawutlar seçgi bilen bagly däl bolup bilýär. Populýasiýalaryň
genofondy genleriň üýt
geýjiligi boýunça tapawutlanyp bilýär,
onuň netijesinde alamat öz uýgunlaşma ähmiýetine garaşsyz
ýaýraýar. Mundan başga
-
da adamyň öndürijilik işi netijesinde
daşky gurşawyň üýtgemegi örän çalt geçip, geçmişdäki
uýgunlaşma häsiýetli alamatlar täze şertlerde

bitarap ýa
-
da
zyýanly bolup bilýär. Adamlar tehnologiýany ulanyp, tebigy
seçgä gapma
-
garşy täsir edýärler. Adamda genler däl
-
de, esasan
medeniýet täze ýerde üstünlikli uýgunlaşmaga ýardam edýär.



7.1. Beden gurluşy


Adamyň bedeni öz daşky görnüşi boýunç
a köp tapawutlar bilen
häsiýetlenýär. Alymlaryň köpüsi beden gurluşyň görnüşlerini
toparlara bölmäge çalyşdylar. Olaryň iň bellisi E.Kreçmeriň we
U.Şeldonyň ulgamy bolup durýar. Kreçmer beden gurluşynyň 3
görnüşini tapawutlandyrýar:

1.

Piknik
-
giň, tegelek, kö
p ýag mukdarly.

2.

Leptosom
-
uzyn, inçe, süýri.

3.

Atletik
-
muskully,

giň eginli, inçe billi.













Beden gurluşyň görnüşleri (Kreçmer boýunça)

pikni
k
k

lep
t
oso
mmmm
mmm
m

a
t
let


67


Hakykatda bolsa başga görnüşler hem bolup, köplenç adamy
Kreçmeriň haýsydyr bir görnüşine degişli edip bolmaýar.

Şeldonyň ulgamy has kämil hasaplanylýar. Onuň ulgamy üç
esasy fiziki görnüşi ýüze çykarmaga esaslanýar: endomorf,
mezomorf we ektomorf. Beden gurluşyň
görnüşiniň
atlandyrylyşy indiwid
de düwünçek gatlaklarynyň haýsy biriniň
has agdyklyk edýändigi bilen bag
lanyşyklydyr. Endomorflarda
endodermal düwünçek gatlagyndan döreýän organlar has
kämildir. Endomorf beden gurluşly adamlaryň bedeni ýumşak
we tegelek bolýar. Olarda süňk
-
myşsa apparaty gowşak ösen,
iýmit siňdiriş organlary gowy kämilleşen bolýar.


Mezomorflar
-
bu uly agramly indiwidlerdir.Olarda süňk
-
myşsa apparaty doly kemala gelen bolýar.


Ektomorflar
-
hortaň, inçe süňkli, tekiz döşli, gowşak beden
gurluşyna eýedirler.


Agzalan düzüjileriň ösüş derejesi ball bilen görkezilýär.
Beden g
urluşyň görnüşi (somatip) üç sandan ybarat bolan
toplum arkaly beýan edilip, ol sanalan düzüjileriň her biriniň
ösüş derejesini häsiýetlendirýär. Dürli şertlerde ol ýa
-
da beýleki
somatip agdyklyk edip bilýär. Meselem, negr
-
nilotlaryň uzyn,
hor görnüşi yssy

howanyň şertlerinde fiziologik hyzmatlary
saklamak üçin kemala geldi.


Arktiki görnüş
-
pes boýly, uly ýag gorly bolup, sowuk
şertlere uýgunlaşmaga ýardam edýär.


Kesgitli beden gurluşly adamlaryň käbir kesellere ýykgyn
bolýandyklary bellik edildi
. Meselem, hor, uzyn
boýly
adamlaryň köpüsi, daýaw adamlara garanyňda inçekeselden
aradan çykýarlar.


Beden gurluşynyň psihiki keseller bilen hem arabaglanşygy
bellik edildi. Şeýdip, şizofreniýa köplenç ektomorf düzüjili
adamlarda duş gelýär. Isteriýa w
e sussypeslik (depressiýa)
mezomorf we endomorf görnüşlere has mahsusdyr.


68


IQ bahalarynda beýan edilýän akyl ösüşi beden gurluşy
bilen az derejede baglanyşyklydyr, ýöne temperament bilen
beden gurluşynyň arasynda aýdyň baglanyşyk ýüze çykaryldy.
Ş
eldon temperamenti hem beýan edende beden gurluşynda
ulanylan çemeleşmäni peýdalanýar. Temperamentiň düzüjileri
indiki atlara eýe boldy:


Wisserotoniýa
-
hereketde gowşaklylyk, aragatnaşykda we
duýgulary beýan etmekde ýeňillik.


Somatotoniýa
-
he
reketde ynamlylyk, duýgudaşlyga
ukypsyzlyk.


Serebrotoniýa
-
hereketde togtamalar, aragatnaşyga
meýilsizlik, duýgularyna erk edip bilmeklik.


Dürli beden gurluşly adamlaryň köplenç dürli hünärleri
saýlap alýandyklary hem bellik edildi. Ýörite b
arlaglaryň
görkezişi ýaly, hortaň, uzyn adamlar köplenç barlag
-
gözleg
işler bilen meşgullanýarlar. Tebigy we sosial ylymlary
öwrenýän amerikan talyplaryň köpüsi sungaty öwrenýän
talyplardan has atletiki beden gurluşy bilen tapawutlanýarlar.
Demirgazyk
-
Günd
ogar Afrika Ýer şaryndaky iň uzyn
adamlaryň watany hasaplanylýar. Maldarçylyk edýän nilot
taýpalarynda uzyn boý uýgunlaşdyryjy alamat bolup durýar,
ýagny uzyn, hortaň adamlaryň bedeniň ýokarky böleginiň
umumy göwrüme bolan gatnaşygy uly bolup, ol bedeniň
üstünden ýylylygyň has çalt we güýçli serpikd
irilmegine
ýardam edýär.


69


Nilot taýpasynyň wekili.



Döwrebap model gurşawynda uzyn bedenli, owadan
aýallaryň keşbi giňden ýaýrandyr. Şeýle adamlaryň keşbi
demirgazyk
-
günorta afrikan we günbatar
-
aziat h
em
-
de
ýewropeý genleriň toplumyny özünde jemleýär.







7.2. Ýüz keşbiň gurluşy




Ýüz keşbiň gurluşy maňlaýyň, burnuň, gözüň, äňiň we beýleki
alamatlaryň görnüşi bilen kesgitlenýär. Şeýle garaýyş bar: ýüz
keşbiň umumy gurluşy temperatura we çyglylyk ýa
ly howa
şertleriniň tä
sirinde ewolýusion kemala geldi. Erkin dem almak
üçin giň tegelek burun boşlukly burun ýollary has
uýgunlaşandyr (Afrikanyň garaýagyz ilatynyň alamatlary).

70

Emma sowuk, gurak şertlerde inçe burun ýollary uýgunlaşma
häsiýete eýe bolup b
iler (Ýewropanyň demirgazyk
-
günbatar
populýasiýalaryna mahsusdyr). Burun boşlugyň şeýle görnüşi
howa akymy üçin uly üsti döredýär we onuň çyglylygyny üpjün
edýär. Mongoloid ýüz keşbine mahsus bolan häsiý
etler


çekge
süňkleriň çykyp du
rmagy gysylan burun b
ilen utgaşyp, ýüzi
tekiz edýär. Gözüň içki burçuny ýapýan deri gasyny (epikant)
we galyň gabak kiçi gözleriň görnüşini döredýär.



Ýewropeoidyň, mongoloidyň kadaly gözleri we adamda
epikant (1).


Mongoloidlilik sowuk ýurtlarda has ýüze çykarylandyr


De
mirgazyk Hytaýda, Mongoliýada, Sibirde we az möçberde
Günorta


Gündogar we Merkezi Aziýada Uralda, Gimalaýda,
Demirgazyk we Günorta Amerikada. Amerikanyň halklarynda
ýüz keşbiň mongoloid gurluşy migrasiýanyň netijesinde
döreýär: demirgazyk Aziýanyň ýaşaýj
ylary Bering akymyň üsti
bilen Amerika geçýärler we ýuwaş
-
ýuwaşdan ilatlaşýarlar.
Netijede, olar öz anatomiki aýratynlyklaryny Günorta Amerika
çenli ýaýradýarlar.


Döwrebap populýasiýalar diş
-
äň apparatynyň kämilligi
boýunça tapawutlanýarlar. Tropiki Afri
kanyň ýaşaýjylary,
amerikan indeýesleri, awstraliýaly aborigenler dogry kemala
gelen sagdyn dişlere eýedirler. Olar gaty iýmite gowy
uýgunlaşandyrlar. Industrial
-
senagaty

ösen ýurtlarda diş
keselleri has ýaýrandyr. Ýokary ösen tehnologiýaly

71

stomotologiýa d

-
äň apparatynyň işleýişinde we gurluşynda
bozulmalary ýüze çykarýan mutasiýalaryň garşysyna
gönükdirilen seçgini doly bes etdi.


7.
3. Pigmentasiýa (deriniň reňki)



Jynslary tapawutlandyrýan has aýdyň alamat


deriniň reňki
bolup durýar. Adam derisini
ň reňki esasan melanin atly gara
pigmentiň deride jemlenişine baglydyr. Melanin deriniň
melanositam öýjügi arkaly sintezlenýär. Pigment uly möçberde
islendik deride bolýar
-
gara, sary we ak. Dermada aýlanýan gan
deriniň reňkine gyzyl öwüşgin goşýar. Epiderm
isiň inçe
ýerinde we kapillýarlaryň köp ýerinde, meselem, dodaklarda
deri has gülgüne bolýar. Melanositler epidermisyň aşaky
gatlagynda ýerleşýär. Melanositde sintezlenýän melaniniň iki
görnüşi bar: eumelanin
-
goňur ýa
-
da gara we flomelanin
-
sary.
Saryýagyz
adamlarda feomelanin sintezlenýär. Islendik jynsyň
uly adamynda takmynan 1mm
2
-
de 1000
-
2000 melanosit bar.


Ýer şaryndaky dürli halklaryň wekilleriniň derisiniň reňkleri
deňeşdirilende
,

olaryň köpdürliligi ýüze çykaryldy. Dürli
pigmentli jynslaryň ýer şa
ry boýunça paýlanyşygy
ultramelewşe şöhleleriň güýji bilen gabat gelýär.



Demirgazyk
-
günbatar Ýewropanyň ýaşaýjylary örän
akýagyzdyr. Has garaýagyz halklar tropiki Afrikanyň,
Aziýanyň, Awstraliýanyň we Ýuwaş ummanyň käbir
böleklerinde ýaşaýarlar.


Pigmentasiýanyň derejesi boýunça tapawutlar


ewolýusiýanyň gidişinde gün şöhlelendirilişiniň dürli güýjüne
jogap täsiri hökmünde döredi diýip hasaplanylýar.
Ultramelewşe şöhlelendiriş deriniň reňki boýunça seçijiligi
nähili amala aşyrýar? Çaklamalaryň bir
i indikiden ybarat:
deriniň ýokarky gatlaklarynda ýerleşýän melonin ultramelewşe
şöhleleri dargadýar we siňdirýär. Netijede, olar deriniň has çuň
gatlaklaryna geçmeýär. Ultramelewşe şöhleleriň dowamly täsiri

72

derä zeper ýetirýär. Mundan başga
-
da ultramelewş
e
şöhlelendiriş mutagen täsire eýe bolup, deriniň rak keselini
döredýär. Afrikanyň ýaşaýjylarynyň gara reňki derini
ultramelewşe şöhleleriň zyýanly täsirinden goraýar. Bu
çaklamanyň subutnamalary hökmünde


Günorta Afrikada
deriniň rak keseli bilen garaýag
yzlylara garanyňda
akýagyzlylaryň has köp keselleýändikleri görkezilýär.


Seçijiligiň beýleki mümkin bolan görkezijisi D witaminiň
sintezi bilen baglanyşyklydyr. Ol ultramelewşe şöhläniň
täsirinde deride öndürilýär. D witamini organizmde kalsiýniň
çalşygy
na gatnaşýar. Bu bolsa skeletiň kadaly ösüşi üçin
möhümdir. Bu witamin ýetmezçilik edende, çagada rahit keseli
(igleme) döreýär. Munuň bilen bir hatarda D witaminiň
kadadan ýokary bolmagy organizm üçin zäherlidir. Adam
populýasiýalarynda gözüň we saçyň reň
ki boýunça hem dürlilik
bar, ýöne ol az ýüze çykarylandyr. Ýer şarynyň adamlarynyň
köpüsi gara saçly we gara gözlüdir, diňe Ýewropanyň
demirgazyk
-
günbatarynda mawy gözli saryýagyz adamlar
ýaşaýar. Alamatlaryň başga toplumlary hem gabat gelýär


gara
saçlyl
ar mawy gözli we akýagyz bolup bilýär. Deriniň
reňkinden tapawutlylykda gözüň we saçyň reňk
paýlanyşygynyň uýgunlaşma ähmiýeti aýdyň däl. Gözüň reňki
dürli ýagtylandyrylyşa uýgunlaşma diýlip hasaplanylýar.
Gözüň reňki radužkada melaniniň mukdaryna baglydyr
.


7.4. Temperamentiň aýratynlyklary

we beýniniň elektrik
işjeňligi



Temperamentdaky jynsara tapawutlar indikilerden ybarat:
ýewropeoidler negroidlere garanyňda has sabyrsyz bolýar. Iň
asuda mongoloidler hasaplanylýar. Çagalaryň arasynda
negroidlere gara
nyňda mongoloidlerde

pes agressiwlilik
-
galjaňlyk we ýokary sosial uýgunlaşmaklyk syn edilýär.


73


Nerw öýjüklerdäki biolektriki hadysalar genomyň hyzmatyny
şöhlelendirýän biohimiki düzüjiler bilen baglanyşyklydyr.
Kelle beýniniň gabygy hemişe elektrik işjeň
lik ýagdaýynda
bolýar. Bu işjeňligiň sebäbi sinaptiki potensiallaryň we
impulslaryň aýry
-
aýry nerw öýjüklerinde jemlenmegi bolup
durýar. Beýniniň döredýän elektrik yrgyldylary kagyzda beýan
etmek bolýar. Munuň üçin kelläniň kesgitli nokatlaryna
elektrodlar

birikdirilýär we elektriki yrgyldylar
güýçlendirijilerden geçip elektroensefalogramma (EEG)
görnüşinde beýan edilýär. EEG köp düzüjilerden ybaratdyr:
ýygylyklaryň we amplitudalaryň paýlanyşy, tolkunlaryň
görnüşi. EEG gyşarmasynyň dürli düzüjileriniň toplu
my
köpdürlidir we olary deňeşdirip bolýar. EEG dürli ölçegleri
gowy beýan edilip, kelle beýniniň gabygynyň dürli
bölümleriniň ýagdaýyny bahalandyrmak üçin ulanylýar. Uly
adamda tolkunlaryň birnäçe görnüşi ýüze çykaryldy. Asuda
ýagdaýda uly
-
ýarym şarlaryň g
abygynda 1 sekuntda takmynan
8
-
13 yrgyldyly hemişelik ritm bellik edilýär. Oňa α
-
ritm
diýilýär. Populýasiýada takmynan 4% indiwidleriň EEG
-
sy
olaryň ýeňse bölüminde α
-
ritmiň doly ýitmekligi ýa
-
da gysga
wagtlaýyn ýüze çykmaklygy bilen häsiýetlenýär. Işjeň
ý
agdaýda α
-
ritm has ýygy yrgyldylar bilen çalyşýar (1 sekuntda
13
-
den gowrak yrgyldy) oňa β
-
ritm diýilýär. Uky ýagdaýynda
ol haýal yrgyldylara geçýär (sekuntda 0,5
-
3,5), oňa δ
-
ritm
diýilýär. Şeýle hem elektrofiziologlara y,Ө, μ
-
ritm we
beýlekiler bellidir.


EEG
-
nyň aýratynlyklary adamyň dürli psihofiziologiki we
psihologiki häsiýetnamalary bilen baglanyşyklydyr: nerw
ulgamyň häsiýetleri, temperamentiň aýratynlyklary, akyl ýetiriş
ukyplary we beýlekiler. Her bir adam hususy, diňe özüne
mahsus bolan EEG eýe
dir. EEG
-
nyň aýratynlyklary çagalykda
we ýetginjeklikde düzülýär. EEG
-
nyň keşbi takmynan 15
-
18
ýaşa çenli kemala gelýär we durmuş
-
ýaşaýşyň dowamynda
saklanýar. Ol diňe adaty däl ýagdaýlarda üýtgäp bilýär: agyr

74

psihiki kesellerinde, beýniniň çişlerinde, sur
nukmakda,
zäherlenmede.


Elektroensefalogrammanyň öwrenilmegi


özüňi alyp barşyň
genetiki dolandyrylyşynyň esasynda ýatýan düzüjilere
düşünmäge mümkinçilik berýär.



7.5. Derman serişdeleri
ne bolan duýgurlylygyň tapawudy



1902
-
nji ýylda iňlis lukmany

Arçibald Gerrod, genetiki
görkezijiler adamyň organizmindäki himiki öwrülişiklere jogap
berip, indiwidual tapawutlaryň esasynda ýatýar diýen pikiri
teklip edýär.


1957
-
nji ýylda Arno Motulski genotipiň aýratynlyklary bilen
derman serişdeleriň zyýanly tä
siriniň arasyndaky baglanyşygy
görkezýär. Genler bagyrdaky köp fermentleriň sintezine jogap
berýärler. Bu fermentleriň käbirleri bolsa organizmden derman
serişdesiniň çykarylmagynyň tizligine jogap berýärler. Şonuň
üçin ferment işjeňligi
ndäki tapawutlar ad
amlaryň derma
n
serişdelerine bolan dürli jogap täsirlerini kesgitleýärler.


Köplenç aýallar we erkekler şol bir mukdarda girizilen
dermana dürliçe jogap gaýtarýarlar. Genetiki derejesinde edilen
ilkinji açyşlaryň biri
-

käbir dermanlaryň çalşygyna gatna
şýan
N
-
asetil
-
transferaz fermentiniň populýasiýalar arasyndaky
tapawudy bolup durýar. Glutation
-
S
-
transferaz fermenti
zyýanly maddalaryň çykarylmagyna gatnaşýar. Berlen ferment
ýok adamlar rak keseliň dürli görnüşlerine ýykgyn bolýarlar.
ABŞ
-
nyň garaýagyz
ilatynyň arasynda glutation
-
S
-
transferaz
genyň ýygylygy takmynan 0,31 deňdir. Dürli Ýewropa
populýasiýalarda bu genyň ýygylygy 0,39
-
0,54 aralykda
bolýar. Berlen hadysa rak keseli bilen kesellemegiň
populýasiýa arasyndaky tapawutlaryny düşündirmek üçin
hyzm
at edip bilýär.


75


Käbir barlaglaryň görkezişi ýaly, adamlar diňe derman
serişdelerine däl
-
de, eýsem, genetiki tapawutlar esasynda iýmit
maddalaryna hem dürliçe jogap berýärler.


VIII Bap. Intellektual
-
akyl

tapawutlaryň genetiki esaslary




Adatça int
ellekt diýip pikirleniş ukybyna düşünýärler.
Adamyň intellektini ölçemeklige ylmy çemeleşme XlX asyryň
ikinji ýarymynda Angliýada başlanýar we Frensis Galtonyň ady
bilen baglanyşykly bolýar. Ol ilkinji bolup ulgamlaýyn maşgala
we ekizler barlaglaryny geçir
ýär, ogullyk alnan çagalary
öwrenýär we olaryň özlerini alyp baryş häsiýetnamalaryny
yzarlaýar. Galton tanymal, meşhur adamlaryň maşgalalarynyň
köpüsini seljerýär we olaryň garyndaşlarynyň arasynda
populýasiýa garanyňda zehinli şahsyýetleriň has köpdügini
ýüze çykardy. Meselem: Bahyň maşgalasynda beýik
sazandalar, Bernulliniň maşgalasynda tanymal matematikler,
Darwiniň n
esil daragtynda belli adamlar kö
pdür. Ýöne munuň
bilen bir hatarda Bethowen, Gauss we Franklin beýleki
garyndaşlarynyň arasynda öz şöhratla
rynyň beýikliginde ýeke
-
täk bolupdyr
lar
.


Galton indiki ýönekeýleşdirilen taglymatdan ugur alyp
intellekti öwrenmeklige gönükdirilen sowalnamany işläp
düzýär: ähli maglumat adama duýgy organlaryndan barýan
bolsa, onda iň akylly adamlarda duýgy organlar
y has
kämilleş
en bolmaly. Onuň sowalnamasynda

kabul edişe,
hereket işjeňligine we wagt reaksiýasyna degişli ýumuşlar
bolupdyr. Emma XX asyryň başlarynda şeýle çemeleşmäniň
ýönekeýligi we nätakyklygy ýüze çykaryldy.


Darwiniň talaplaryna jogap berip, fr
ansuz psihology Alfred
Bine 1904
-
nji ýylda intellekti ölçemekligiň birinji üstünlikli
sowalnamasyny işläp düzdi. Bine özüniň kärdeşi Teodor Simon
bilen umumy meýilnama boýunça geçirilýän sapaklardan
ýeterlik bilim almaýan çagalary ýüze çykarýan sowalnamany


76

işläp düzýärler. Sowalnama ýady we pikirlenmäni barlamaga
gönükdirilen birnäçe kiçi ýumuşlardan ybarat. Aýratyn üns
adamyň söz üsti ösüşine berildi. Stenford uniwersitetinden
Lýuis Termen Bine
-
Simon sowalnamasyny terjime edýär we
ABŞ
-
da uýgunlaşdyrýar. IQ

(intellegence quotient) ýa
-
da
intellekt
-
akyl görkezijisi diýen düşünje döreýär.


Işläp düzüjileriň pikiriçe, sowalnamalaryň kömegi bilen
öwredilmä we durmuş tejribesine bagly bolmadyk dogabitdi
akyl ukyplary bahalandyrylýar. Sowalnamalaryň ýumuşlary
sowal edilýänleriň ýaş aýratynlyklaryny hasaba almak bilen
toplanýar. Jynsyň täsirini aradan aýyrmak üçin oglanlaryň we
gyzlaryň dürli jogap berip bilýän soraglary sowalnama
goşulmaýar. Sowalnamanyň netijelerine dil tapawutlary täsir
etmez ýaly bolsa, söz

üsti däl sowalnamalar döredilýär.
Sowalnamada çaga utuklary (ballary) toplaýar we olar boýunça
“akyl ýaşy” kesgitlenýär. Bu “ýaşy” çaganyň hronologiki ýaşy
bilen deňeşdirip, onuň akyl ösüşiniň derejesini kesgitleýärler


togtadylanmy ýa
-
da öňe gidýärmi. B
erlen ýaş üçin nusga,
çagalaryň degişli ýaş toparynda toplan utuklarynyň ortaça
mukdary hasaplanylýar. Umumy intellekt özüniň dürli
düzüjilerinde dürlüçe şöhlelenýär, ýöne özi indiwidiň durnukly
häsiýeti bolup durýar diýip hasaplanylýar. IQ
-
nyň

dürli
düzüj
ileri (söz baýlygy, meňzeşlikleri tapmak, keşpleri
tanamak, söz üsti we söz üsti ýumuşlar) özaralarynda
tapawutlanýarlar.


Stenford
-
Binenyň testi 1916
-
njy ýylda çap edildi we ýarym
asyra golaý beýleki intellekti barlaýan testleriniň
-
sowalnamalarynyň

arasynda has meşhury bolupdyr.


ABŞ
-
n
a IQ sowalnamalaryň ýaýramagyna
-
1917
-
nji ýylda
Amerikanyň Birinji Jahan urşuna gir
işmegi itergi berýär.
Esgerlerde
sowalnama geçirmek zerurlygy söz üsti we söz üsti
däl ukyplary bahalandyrmak üçin toparlaýyn sowal
namalaryň
çalt kemala gelmegine getirdi. Bu ýagdaýdan amalyýet netijesi
gelip çykdy, ýagny, IQ sowalnamalary diňe çagalar üçin däl
-
de,

77

ulular üçin hem ähmiýetlidir we takykdyr. Sebäbi 2 milliona
golaý esgerleriň maglumatlary seljerildi. Soň
ra Dewid Weksler

öňki bir topar
sowalnamalaryň ýumuşlaryny birleşdirýär. Ol
lukmanlaryň


ilkinjisi bolup, adamyň psihiki häsiýetlerini
barlamak üçin IQ sowalnamalaryň maksadalaýyklygyny gördi.
Onuň pikiriçe, bu sowalnamalar islendik psihometriki abzallara
garanyňda has g
ymmatly maglumat berip bilýär. Şeýdip, söz
üsti IQ boýunça utuklaryň ýetmezçiligini çep ýarymşaryň
bozulmalary, keşp IQ boýunça utuklaryň ýetmezçiligini bolsa,
sag ýarymşaryň bozulmalary bilen düşündirmek bolýar.


IQ barlaglary bilen meşgullanan bell
i alymlaryň biri hem
Gans Aýzenk bolupdyr. Onuň barlaglarynyň görkezişi ýaly,
adamyň intellektiniň 70% nesle geçijilik we diňe 30% daşky
gurşaw bilen şertlenendir. Adam okuwda, hünärde we tutuş
sosial durmuşynda gazanan zatlaryň köpüsi onuň nesle
geçijilig
ine baglydyr.


1936
-
njy ýylda öňki SSSR
-
de genetikanyň ösüşi we akyl
ukyplarynyň sowalnamalarynyň geçirilmegi gadagan edilýär.
Takmynan, 1980
-
nji ýylda öňki SSSR
-
de IQ
sowalnamalarynyň geçirilmegine rugsat almaga moskwaly
alymlar synanyşýarlar. Olar
bir topar barlaglary ekizlerde
geçirip, IQ nesle geçýändigini kesgitleýärler.


8.1. So
walnamany geçirmegiň meseleleri



Sowalnamalaryň ulanylmagy bir hatar meseleler bilen
baglanyşyklydyr. Sowalnamanyň dogry ulanylmagy synag
geçirilýän adamyň öz degiş
li bolan toparynyň gymmatlyklar
ulgamy bilen tanyş bolmagy zerurdyr. Meselem: awstraliýaly
aborigenleri kagyzyň we galamyň kömegi bilen barlamak
manysyzdyr. Sebäbi olar bu predmetler bilen tanyş däl ýa
-
da
synag geçirilýän adam sowalnamalary düzen adamlaryň

käbir
sözlerini bilmeýär.


78


Mundan başga
-
da sowalnamalaryň netijeleri synag
geçirýäniň we synag geçirilýäniň şol bir sosial we etniki topara
degişliligine baglydyr. Intellekti medeniýetden we terbiýeden
aýratynlaşdyrmak kyn bolýar. Şonuň üçin sowalnama

geçirilende, ony düzen adamyň öz gymmatlyklaryny goşmagy
esasynda meseleler ýüze çykyp bilýär. Meselem, “Eger
-
de sen
kesekiniň zadyny döwseň, sen näme edersiň?” diýen soraga,
sowalnama boýunça “onuň nyrhyny tölärin” diýlen jogap dogry
hasaplanylýar. “Özü
mi günäkär duýýaryn” ýa
-
da “ony men
edendigimi boýun alaryn” ýaly jogaplar bolsa nädogry
hasaplanylýar. Bu meseleleriň hemmesini hasaba alyp,
psihologlar medeniýetiň aýratynlyklaryna bagly bolmadyk
“ilkinji” ýa
-
da “özeni” intellektiň gözleglerine uly üns
b
erýärler. Medeni görkezijileri bitaraplaşdyrmak üçin alymlar
medeniýete garaşly bolmadyk sowalnamalary döretmeklige
çalyşýarlar. Şeýle sowalnamalar bir medeniýetiň wekillerine
tanyş bolan, beýlekilerine bolsa, nätanyş bolan sözleri we
düşünjeleri özünde je
mlemeli däl. Sowalnama geçirmek
hadysasyny has obýektiw edýän ýene
-
de bir çemeleşme
-
medeni
taýdan biri
-
birine gabat gelýän toparlary deňeşdirmek bolup
durýar. Meselem, ene
-
atalary bir sosial
-
jemgyýet gatlaga
degişli we meňzeş hünärleri bolan dürli milletdä
ki çagalar.
Emma maşgalalarda birmeňzeş girdeýji we adaty durmuş
şertleri meňzeş bolsa
-
da, çagalary bir mekdepde okasalar
-
da,
olaryň we daş
-
töwerekdäkileriň bu çagalaryň dürli etniki
toparlara degişliligini aňlamaklyk täsir edýär. Milli gelip
çykyşy bilen
baglanyşykly durmuşy tejribedäki tapawutlar hem
sowalnamanyň netijelerine täsir edip bilýär.


IQ sowalnamalary boýunça alynýan intellektiň görkezijileri


birmeňzeş ýaşaýyş şertleri bolan, bir ýaşdaky adamlaryň
toparynda indiwidiň ornuny şöhlenendirý
är. Ýaşaýyş şertleriniň
üýtgemegi IQ indiwidual görkezijileriň peselmegine ýa
-
da
ýokarlanmagyna getirýär.


79


Intellekt derejesi ýokary bolan indiwidler adatça, ony hünär
işjeňliginde ýa
-
da sowalnama geçirilende ýüze çykarýarlar.
Adaty şertlerde olar beý
leki adamlardan tapawutlanman
bilýärler. Köplenç belli alymlarda IQ sowalnamalarynda
ýokary aňlatmalar ýüze çykarylmandyr. Şol bir wagtyň özünde
käbir žurnalistlerde, aktýorlarda IQ
-
nyň ýokary aňlatmalary
bellik edildi. Ýokary IQ bahalaryna eýe bolan adaml
ar adaty
durmuşa az uýgunlaşan bolmagy, şol bir wagtyň özünde pes IQ
görkezijili adamlar bolsa uly üstünliklere eýe bolýan
ýagdaýlaram duş gelýär.


8.2.
Intellektiň genetiki barlaglary



Ekizlerde geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, intellektiň
de
rejesi genotipe bagly, ýöne dürli barlaglarda alnan netijeler
hem dürlidir. Käbir işlerde görkezi
li
şi ýaly, monozigot
ekizleriň IQ görkezijileri boýunça ýaşlary ulaldygyça genetiki
maglumatyň täsiri güýçlenýär. Beýleki alymlaryň pikiri
boýunça bolsa, ýaşyň

ulaldygyça IQ boýunça tapawutlaryň
kemala gelmegine genotipiň täsiri peselýär. Intellekt
derejesiniň ähmiýetli peselmegini, adatça, gen ýa
-
da hromosom
üýtgeýjiligi (mutasiýa) bilen baglanyşdyrýarlar. Eger
-
de akyl
taýdan ösüşiň bozulmalarynda nesle geçijil
igiň orny düşnükli
bolsa, häzirki wagta çenli kadaly genotipli adamlaryň intellekt
derejeleriniň tapawutlarynyň gelip çykyşy belli däl. Akyl
ukyplaryny ýokarlandyrýan gen hem ýüze çykarylmandyr.


Intellektiň nesle geçijiliginiň genetiki düzüjilerini
düşündirýän birnäçe taglymatlar bar. Alymlaryň köpüsi nesle
geçijiligiň poligen görnüşine ýykgyn edýärler. Oňa laýyklykda,
intellektiň derejesine bir däl
-
de, köpdürli genler täsir edýär. Bu
taglymaty dürli IQ derejeli nikalardan bolan nesliň seljermesi
sub
ut edýär. Şeýle barlaglaryň birinde ene
-
atalar IQ ortaça
derejesi boýunça 6 topara bölünýärler: zehinli
-
IQ
-
122; kadaly
-

80

IQ
-
100 we dürli derejelerde beýlekiler
-
IQ
-
78; IQ
-
56; IQ
-
34 we
IQ
-
12.


IQ kesgitlenende


genetiki görkezijileriň ornuny
anyklamak ü
çin, garyndaşlyk derejesi boýunça tapawutlanýan
adamlary seljermek esasy usul bolup durýar.


XX asyryň 60
-
njy ýyllarynda ABŞ
-
da intellektiň giň
genetiki barlaglary geçirilýär. Dürli etniki we sosial toparlar
öwrenilýär. Netije bir görnüşli boldy


intellekt derejesiniň
nesle geçijiliginde genetiki täsiriň ähmiýeti uludyr. Intellekt
boýunça adamlaryň toparara tapawutlarynyň 50
-
80% genetiki
görkezijilere we 20
-
50% genetiki däl sebäpler bilen (terbiýäniň
aýratynlyklary, sosial orun we beýlekiler) şert
lenendigi ýüze
çykaryldy. Şeýlelikde, indiwidleriň intellektleriniň arasyndaky
tapawutlar


indiwidleriň arasyndaky genetiki tapawutlar hem
-
de ýaşaýyş şertleriniň dürliligi bilen kesgitlenýär. Eger
-
de
intellekt genetiki gözegçilikde bolýan bolsa, onda oňa
inbriding, seçgi ýaly genetiki hadysalar täsir etmelidir.
Beýniniň çal maddasynyň göwrümi bilen intellekt derejesiniň
arasynda oňaýly baglanyşyk ýüze çykaryldy.


IQ derejesine täsir edýän gurşaw görkezijilerine
iýmitlenişde witaminleriň we minera
llaryň bolmagy degişlidir.
Bu maddalar kabul edilenden soňra, IQ ortaça 4 utuga
ýokarlanýan ýagdaýlary bellik edildi, emma bu ýagdaý
görkezilen maddalary ýeterlik almaýan adamlara degişlidir.
Kadaly iýmitlenýän adamlarda bu ýagdaý syn edilmeýär.


Eger
-
de IQ sowalnamalar bolmasa, adamyň akyl
ukyplarynyň takmynan bahalandyrylyşyny neýrofiziologiki
görkezijiler berip bilýär. Meselem, elektroensefalogramma
(EEG). Barlaglaryň görkezişi ýaly, IQ derejesi ýokary bolan
adamlarda gyjyndyryjy berlenden soňra
, ensefalogrammadaky
tolkunlaryň görnüşi has çylşyrymly

bolýar.



81


Eşidiş we görüş gyjyndyryjylaryna dürli IQ derejeli
adamlaryň jogaplarynyň
elektroensefalogrammasy.


82

8.3.
Flinn täsiri



Täze nesil köne IQ sowalnamalaryny has gow
y ýerine
ýetirýär diýen garaýyş bütindünýäde bellik edilýär. Bu
hadysany ilkinji bolup Jeýms Flinn ýüze çykardy. Onuň
barlaglarynyň görkezişi ýaly, populýasiýada bir nesliň
dowamynda IQ takmynan 5
-
30 utuga, ýagny, bir ýylda 0,3
utuga ýokarlanýar. 1952
-
nji
ýylda 18 ýaşly esger
-
erkekler
barlagdan geçirilýär we olaryň 0,04%
-
niň IQ derejesi 150 we
ondan hem ýokary bolandygy ýüze çykarylýar. 1982
-
nji ýylda
şol bir derejeli adamlarda geçirilen barlaglar IQ derejesi 150 we
ondan ýokary bolan şahsyýetleriň 2,27% ýü
ze çykaryldy.
Geçen döwür bilen deňeşdirilende, bu 57:1 deň boldy. Muňa
garamazdan, IQ utuklarynyň ýokarlanmak hadysasy adamyň
tutuş taryhynyň dowamynda bolandygyny subut edýän
maglumatlar ýok.


Riçard Linnyň hödürlän çaklamasyna görä, soňky
döwü
rde iýmitlenişiň gowulanmagy boýuň we IQ utuklarynda
ölçenilýän intellektiň ýokarlanmagyna getirdi. Şeýdip, soňky
2000
-
nji ýyllyň içinde britan erkekleriň ortaça boýy 172 sm.
deň bolupdyr. 1930
-
njy ýylda dörän täze
kogortadan soňra
olaryň boýy uz
alyp başl
aýar. Diýmek, boýuň ulalmagy beýleki
antropometriki häsiýetnamalaryň, şol sanda kelle beýniniň
ölçegleriniň ulalmagyna, bu bolsa, öz gezegine intellektiň
ýokarlanmagyna getirdi.


Barlagçy Ketrin Koks 1450
-
nji ýyldan 1850
-
nji ýyllar
aralygynda dog
ulan 300 sany tanymal, zehinli adamlary
öwrenýär. Bu adamlaryň okan okuw edaralarynyň arhiw
maglumatlaryny, terjimehallaryny, gündeliklerini, çap edilen
işlerini we resmi gazanmalaryny öwrenip, Koks olaryň IQ
derejelerini takmynan kesgitlemäge synanşýar.






83



Zehinli, tanymal adamlaryň IQ (Koks boýunça we Flinniň
düzedişi bilen).


Taryhy şahsyýet

IQ (Koks
boýunça)

QI (Flinniň
düzedişi bilen)

Gýote

210

188

Paskal

195

173

Nýuton

190

168

Baýron

180

158

da Winçi

180

158

Gýugo

180

158

Mikelandželo

18
0

158

Spinoza

175

153

Ştrauss

170

148

Wagner

170

148

Bah

165

143

Bethowen

165

143

Darwin

165

143

Gaýdn

160

138

Molýeri

160

138

Balzak

155

133

R
embrand

155

133

Linkoln

150

128

Napoleon

145

125

Waşington

140

118

Kromwel

135

113



Şeýle

hem K
oks öwrenen adamlaryny hünärleri

boýunça
görnüşlere

bölýär we kesgitli kanunalaýyklyklary ýüze
çykarýar:




84


Hünär topary

IQ (Koks
boýunça)

QI (Flinniň
düzedişi bilen)

Filosoflar

180

158

Alymlar

175

153

Ýazyjylar (hyýaly
ýazyş ugurlardan
başgalar
y)

170

148

Dini ýolbaşçylar

170

148

Ýazyjylar
-
hyýalbentler

165

143

Özgerdiji
ýolbaşçylar

165

143

Döwlet işgärleri

165

143

Suratkeşler

160

138

Sazandalar

160

138

Harby işgärler

140

118


8.4. IQ
-
nyň populýasiýalar arasyndaky tapawudy.


Dürli etni
ki toparlaryň wekillerinde tejribe g
eçirmeklik
esasan ABŞ
-
da alnyp barylýar.
. Bu barlaglar diňe 2 dürli
ýagdaýda durnukly tapawutlary ýüze çykarýarlar: askenazi
ýewreýlerde olaryň arasynda ý
aşaýan ýewreý däl ilat bilen
deň
eşdirilende IQ
-
nyň ýokary ortaça
aňlatmalary ýüze
çykaryldy. Şeýle hem, Amerikanyň neg
-
garaýagyz

ilatynda
akýagyz ilat bilen deňeşdireniňde, IQ
-
nyň has pes ortaça
bahasy ýüze çykaryldy. Soňky maglumat köpsanly çekiş
meleri
döretdi, olar arassa gen

çäklerden çykyp, jemgyýetiň giň
gatlaklary
ny öz içine aldy.

IQ
-
nyň ortaça bahalary akýagyz we garaýagyz ilatyň
haýsy toparlarynda geçirilendigine garaşly üýtgeýändigi ýüze
çykaryldy. Şonuň bilen bir hatarda ähli ýagdaýlarda garaýagyz
ilatyň IQ
-
synyň ortaça görkezijisi, şol bir sosial ýagdaýly we

85

bilim derejeli akýagyz ilaty bilen deňeşdireniňde takmynan 15
birlik pes bolýardy. IQ utuklarynyň paýlanyş aýratynlyklary
indikilerden ybaratdyr: islendik etniki toparlaryň içindäki aýry
-
aýry indiwidleriň arasyndaky tapawutlar, toparlaryň arasyndaky
ortaça

tapawutlardan uludyr. Bu netijeler birnäçe gezek
barlanyldy we takyklygy ýüze çykaryldy. Emma çekişmelere
gatnaşýa
n adamlar IQ tapawutlarynyň sebä
plerini ara alyp
maslahatlaşanlarynda, iki topara bölünýärler. Olaryň käbirleri
akýagyz we garaýagyz ilatynyň

IQ arasyndaky tapawutlarynyň
sebäplerini genetiki, beýlekiler bolsa
,

ýaşaýyş şertleri bilen
şertlenen diýip hasaplaýarlar. Tapawutlaryň genetiki
tebigatynyň tarapdarlarynyň pikiriçe, akýagyz we garaýagyz
jynslaryň ewolýusion ösüş
i önümli däl, ýapyk ulgamd
a geçd
i.
Bu bolsa intellektiň kemala gelmegine gatnaşýan, beýniniň
funksional
-
hyzmat aýratynlyklarynyň ösüşine jogap berýän
genleriň ýygylyklarynyň tötänleýin üýtgemegine getirip bilýär.
Mundan başga
-
da, geçmişde adamlar toparlarynyň ýaşan daşky
gurşaw şer
tleri genler toplumyny saklamaklyga gönükdirilen
seçgini geçirýärler. Bu genler ýöriteleşen şertlere
uýgunlaşýarlar we özüni alyp baryş häsiýetleri kesgitleýärler.
Taglymat taýdan bu şeýledir, ýöne ony barlamak mümkin däl,
sebäbi häzirki wagta çenli haýsy
we näçe sany genleriň kadaly
intellekti kemala getirýändigi belli däldir.

Dürli etniki toparlarda geçirilen barlaglaryň görkezişi
ýaly, ähli halklarda IQ görkezijileriniň nesle geçijiligi 80%
çäklerde bolýar. Bu maglumatlar esasynda


toparlaryň
arasyndaky

IQ tapawutlary genetiki sebäpler bilen şertlenendir
diýen nädogry netije çykaryldy. Şeýle düşündiriliş usulyýet
jähtden nädogrydyr, sebäbi nesle geçijilik
-
bu topar içindäki
häsiýetnama bolup, bu görkezijiniň ululygy näçe bolsa
-
da, ol
toparara tapawutlar b
arada maglumat bermeýär.

Tapawutlaryň gurşaw tebigatynyň tarapdarlary bolsa,
amerikan negrlaryň IQ görkezijileriniň pesligi, olaryň
hukuklarynyň kemsidilmegi, akýagyzlylar ýaly bilim

86

almaklyga mümkinçilikleriň bolmazlygy bilen baglanyşyklydyr
diýip hasapl
aýarlar. Muňa gapma
-
garşy garaýyş hökmünde
indiki subutnamalar getirilýär: Amerikada diňe
garaýagyzlylaryň

däl
-
de, beýleki etniki toparlaryň wekilleriniň
hukuklary hem kemsidildi, ýöne olar bilen akýagyz
ýewropalylaryň nesilleri arasynda IQ ululyklarynda u
ly
tapawutlar bellik edilmedi. Genetiki däl sebäpleriň tarapdarlary
barlag usulyýetine degişli subutnamalary hem getirýärler.
Olaryň pikiriçe, garaýagyzlylar akýagyzlylar ýaly iňlis dilini
gowy bilmeýärler we akýagyzlylaryň düzen sowalnamalarynyň
olardan t
alap edýän zatlaryny düşünmeýärler. Netijede
akýagyzlylaryň we garaýagyzlylaryň IQ görkezijileri
tapawutlanýarlar. Muňa gapma
-
garşy subutnamalar çykyş
edýär, ýagny, akýagyzlylar we garaýagyzlylaryň arasyndaky
tapawutlar söz üsti däl
-
de, hereketleri ýerine
ýetirmek
ýumuşlarynda ýüze çykýar. Mundan başga
-
da, sowalnamalarda
amerikan garaýagyz adamlaryň ýöriteleşen dilleri ulanylanda
-
da, IQ tapawutlary aradan aýrylmaýar.

Garaýagyzlylaryň pes netijelerini psihologiki sebäpler
bilen hem düşündirmäge synanyşýarla
r. Akýagyz tejribeçiler
tarapyndan geçirilýän barlaglar garaýagyz çagalary
aladalandyryp, bu sowalnamanyň netijelerine oňaýsyz täsir
edýär diýip hasaplaýarlar. Bu garaýyşy barlamak üçin şol bir
etniki topardan bolan tejribeçileri saýlap alýarlar. Bu ýagdaý
da
akýagyzlylar bilen garaýagyzlylaryň IQ görkezijileriniň
aratapawudy örän ähmiýetsiz kiçelýär.

Elbetde, adamyň akyl ösüşiniň derejesi ýaşaýyş
şertlerine baglydyr. Akýagyz amerikanlylaryň ýaşaýyş şertleri
bolsa, garaýagyzlylara garanyňda örän ýokarydyr. O
rtaça
alnanda bolsa, oňaýly şertlerde ýaşaýan akýagyz hem
garaýagyz çagalaryň IQ ululygy, girdeýjili maşgalalaryň
çagalaryna garanyňda ýokarydyr.

IQ utuklarynda garaýagyzlylaryň we akýagyzlylaryň
tapawutlaryna öz wagtynda uly üns berilýärdi. Bu utuklar ada
m

87

tebigatynyň haýsydyr bir wajyp tarapyny şöhlelendirýär diýip
hasaplanylýardy. Syn etmeleriň görkezişi ýaly, sowalnamalaryň
oňaýsyz ýerine ýetirilmegine we mekdepdäki gowşak
üstünliklere garamazdan garaýagyz çagalar gündeki durmuşy
ýagdaýlarynda ýiti akyl
y ýüze çykarýarlar. Psihologlar bu
tapawutlary akyl işiniň iki derejesiniň barlygy bilen
düşündirýärler. Birinji derejede maglumat gös
-
göni usul bilen
gaýtadan işlenilýär. Ol gündeki maksatlar üçin ýeterlikdir.
Ikinji derejede bolsa maglumat abstrakt

sowa

pikirlenme üçin
zerur bolan usul bilen gaýtadan işlenilýär. Garaýagyzlylarda IQ
görkezijileriniň peselmegi ikinji derejä degişlidir. Şonuň üçin
sowalnamanyň netijeleri düşündirilende, intellekt barada däl
-
de, kesgitli sowalnamalarda alnan utuklar barada g
ürrüň
etmeklik dogrydyr.

Häzirki wagtda IQ görkezijileriniň toparara
tapawutlarynyň sebäpleri baradaky mesele öz ýitiligini ýitirdi.
Alymlar toparara tapawutlaryň sebäplerini bilmeklik


bilim
maksatlaryna täsir etmeli däl diýen netijä geldiler.


IX Bap.

Ş
ahsy aýratynlyklaryň genetikasy



Haýsydyr bir tanyş adamy häsiýetlendire
ni
mizde, biz oňa
degişlilikde şahsyýetini has doly beýän edýän sypatlary
ulanmaga çalyşýarys. Meselem: öz diýenli, hoşniý
etli, aladaçyl
we ş
.
m.

Psihologlar bularyň ählisini şahs
y häsiýetler hökmünde
kesgitleýärler we olary şahsyýetiň seljermesi üçin ulanýarlar.
Şahsy häsiýetler adamyň kabul edişini we onuň kesgitli durmuş
hadysalaryna gatnaşygyny häsiýetlendirýärler.


Şahsy bozulmalar


kesgitli şahsy häsiýetiň çäkden çykmagy
hökmünde ýüze çykýar. Bu ýagdaýda beýleki häsiýetler
kadanyň çäklerinde galyp bilýär. Şahsy bozulmalara jemgyýete
garşy gönükdirilen özüňi alyp baryş, şizoid ýagdaýlary, beýleki
adamlardan gaça durmak we olara garaşly bolmak, yzarlaýjy
ýagdaýlar we beýleki
ler degişlidir.


88


9.1. Şahsyýetiň häsiýetnamalary
nyň ekizler barlaglary



Alymlaryň köpüsi şahsy we akyl ýetiriş aýratynlyklaryň
genetiki seljermesi bilen içgin işleýärler. Esasy usul ekizler
seljermesi bolup durýardy. Ekizler barlaglary bilen
meşgullan
ýan Tomas Buşar öz saýlawynda çagalykda aýra
düşen monozigot ekizleriň arasynda özara me
ňzeş bolan
jübütleri tapýar. Şeý
le jübütleriň arasynda “Jim ekizler”
-
Jim
Lýus we Jim Springer bardy. Olar irki çagalykda biri
-
birinden
aýrylyşyp, 39 ýyldan soň duşuşýar
lar. Ikisinde hem Tou

atly
itleri bardy, ikisi hem şe
rifiň kömekçisi bolup işleýärdi, bir
görnüşli çilim çekýärdiler we öz öýleriniň ýanynda agajyň
daşyna tegelek oturgyç ýasapdyrlar.


Daş keşbi we özüni alyp barşy boýunça meňzeş, ýöne dürli
ykbally m
onozigot ekizleriň mysaly hökmünde MakKýusik
doganlary görkezmek bolýar. Wiktor MakKýusik medisina
genetikasynyň atasy hasaplanyp, ähli belli bolan nesle geçýän
adamzat keselleriň toplumyny döredýär we 1997
-
nji ýylda öz
ylmy işleri üçin Albert Lasker baýra
gyna eýe bolýar. Winsent
MakKýusik bolsa hukuk ýoly boýunça gidýär. Ol hem öz
ugrunda uly at
-
abraýa eýe bolýar.


Adamyň dürli ýagdaýlara bolan gatnaşygy durmuş
-
ýaşaýyşyň dowamynda kemala gelýär diýip hasaplanylýar,
ýöne ýörite barlaglaryň görkezişi ýal
y, şeýle ýagdaýlar genetiki
düzüjilerine eýedirler. Ekizlerde geçirilen barlaglaryň netijeleri
deňeşdirilip, öwrenilen 30 gyzyklanmalaryň, 26
-
sy üçin
genetiki düzüji ýüze çykaryldy. Meselem: kitap okamak, sport
bilen meşgullanmak we beýlekiler.


Genler

bilen şahsy häsiýetleriň arasyndaky gös
-
göni
baglanyşygyň ähtimallygy pesdir. Şahsy häsiýetleriň adamyň
durmuşy ýagdaýlara bolan gatnaşygyny kesgitlemegi mümkin.
Meselem: dogabitdi fiziki taýdan güýçli adam, gowşak fiziki
ýagdaýly adama garanyňda sportda
has uly üstünliklere eýe

89

bolup biler. Şonuň üçin ol sporta has oňaýly garaýar.









9.2. Dermatoglifika we şahsyýet.



1993
-
nji ýylda Noel Žaken el yzlary bilen adamyň
häsiýetiniň arasyndaky baglanyşygy öwrenip başlaýar. Köplenç
şeýle seljerme üçin
meşhur, belli adamlaryň saklanyp g
alan el
yzlary ulanylýar
.



Wladimir Maýakowskiýniň barmaklarynyň yzlary.






90



Albert Eýnşteýnyň el aýasynyň yzlary.



Žakenden soňra dermatoglifika bilen adamyň şahsy we akyl
ýetiriş häsiýetnamalarynyň arasyndaky b
aglanyşyklary köp
alymlar öwrenip başlaýar, hususanda Beril Hatçinson. Ol ilkinji
bolup psihologiki meseleler bilen baglanyşykda
dermatoglifikanyň çuňlaşdyrylan barlaglaryny geçirýär. 1967
-
nji ýylda Beril Hatçinson dermatoglifika bilen baglanyşykly
şah
sy h
äsiýetler nesilden nesle geç
ýär diýen pikiri aýdyp
geçýär.


9.3. Şahsyýetiň molek
ulýar
-
genetiki barlaglary



Temperamentiň we şahsyýetiň molekulýar
-
genetiki
esaslaryny öwrenmeklik, psihiki häsiýetnamalaryň kemala
gelmegine gatnaşýan genleri tapmaklyga
gönükdirilendir. Bu
gurşawda gazanylan üstünlikler bardyr: beýniniň biohimiki
hadysalaryna gatnaşýan beloklary belgileýän (kodirleýän)
genler açyldy. Mundan başga
-
da serotoninyň, dofaminyň,
noradrenalinyň neýromediatrlaryna gözegçilik edýän genler

91

bellidir
. Olaryň kömegi bilen signal bir nerw öýjüginden
beýlekisine geçirilýär. Häzirki wagtda bu genlere
temperamentiň genlerine “dalaşgär” hökmünde garalýar.


Nesle geçijiligi 30
-
60% deň bolan temperament gowşak
täsirli köp genleriň täsirine garaşly diýlip

hasaplanylýar. Bu
genleri kesgitlemek mümkin, ýöne munuň üçin nerw
ulgamynyň hereketlenişine täsir edýän biohimiki hadysalar
belli bolmalydyr. Psihofiziologiki barlaglaryň görkezişi ýaly,
ýyly, mähirli şahsyýetara gatnaşyklary kemala getirmek
ýykgynlygy,
duýgurlylyk noradrenaliň ulgamyna baglydyr.
Temperamentiň aladaçyllyk, utanjaňlyk, ýadawlyk, näbelliligiň
öňünde gorky ýaly häsiýetleri beýniniň serotonin ulgamy bilen
baglanyşdyrýarlar. Serotonin agressiw
-
gaharjaň özüňi alyp
barşy togtadýar. Bu neýromedia
tor sinaptiki ysa çykarylyp, ol
ýerde serotonin başga bir neýronyň üstüne täsir edýär we nerw
impulsyny döredýär. Soňra serotonin belok
-
geçirijiniň kömegi
bilen yzyna öýjüge geçirilýär. Häzirki wagtda serotonin belok
-
geçirijiniň gurluşyny belgileýän gen be
llidir. Ol 17
-
nji
hromosomada ýerleşendir. Bu genyň iki allel görnüşi ýüze
çykaryldy. Olar nukliotid yzygiderliligi boýunça biri
-
birinden
tapawutlanýarlar. Monoaminoksidaz (MAO) fermenti
serotonini dargadýar. MAO fermentini belgileýän genyna (X
-
hromosomad
a ýerleşýär) “agressiwlik
-
gaharjaňlyk” genyna
“dalaşgär” hökmünde garalýar.


Impulsiwlik, gyjyndyryjylyk, düzgünleri bozmaklyga
ýykgynlyk dofanin ulgamy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu
häsiýetnamalar aýdyň ýüze çykarylan adamlarda DRD 4 genyň
alleli h
as uzyn bolýar.








92


9.4. Nesle geçijilik we hünär.



Işiň ol ýa
-
da beýleki görnüşine ýykgynlygyň näme bilen
şertlenýändigi baradaky sorag diňe amalyýet ähmiýetine eýedir.
Häzirki wagtda işiň ol ýa
-
da beýleki görnüşine genetiki
ýykgynlygy kesgitlemek

mümkinçiligi we ony hasaba almak
usullary aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi döwrebap hünärler
işgäriň indiwiduallygyna
-
özboluşlygyna ýokary talaplary
bildirýär. Käbir mysallar kesgitli hünäre nesle geçýän
ýykgynlygy barada maglumat berýän ýaly görünýär.
Ant
ropologlar ýüzlerçe maşgalalaryň birnäçe nesilleri
dowamynda nesil daragytlaryny öwrenýärler we olaryň
käbi
rleriniň zehinli nesil bermändigini
, käbirlerinde bolsa

köp
sanly

zehinli nesilleriň
barlygy ýüze çykarylypdyr
. Şeýdip,
Bahyň nesliniň bäş arkasynda
16 saz düzüji (kompozitor) we
29 ussat sazandalar bolupdyr. Tisianyň garyndaşlarynyň
arasynda 8 suratkeş bolupdyr.


Üstünlikli hünär işi biologiki öňünden berilmelere baglydygy
pedagoglara gündelik tejribeden bellidir. Adamzat işjeňliginiň
sosial jemgy
ýet şertlenmesi barada taglymatçylar aýtsalar
-
da,
çagalary ýöriteleşen mekdeplere (sport, surat, saz, tans we
beýlekiler) saýlamaklyk olaryň biologiki öňünden berilmeleri
boýunça alnyp barylýar. Köpçülikleýin hünärler barada
aýdylanda bolsa, başga ýagdaý d
öreýär. Sebäbi hasapçy,
mugallym, şepagat uýasy ýaly hünärler üçin talap edilýän
psihiki aýratynlyklar aýdyň däl we olaryň nesle geçijilik esasy
belli däldir. Muňa garamazdan köpçülikleýin hünärler
saýlanylanda biologiki berilmeleri hem hasaba alynmalydyr.

Hünäri saýlamakda aýgytlaýjy orny tutýan zatlara dürli
taglymy garaýyşlar bolup biler. Olaryň biri: islendik hünär
saýlawda deň ähtimallylygy, beýlekisi bolsa


takyk nesle
geçijilik sebäp ýöňkemekligi göz öňünde tutýar. Üçünji nukdaý
hakykata has laýyk h
asaplanylýar. Bu garaýyşa görä, adamyň

93

hünär saýlawyna hem nesle geçijilik, hem gurşaw görkezijileri
täsir edýär. Birinjilere, beden gurluşy, temperamentiň
aýratynlyklary, ýörite ukyplar, ikinjilerine bolsa, bilim almaga
maddy mümkinçiligi, okuw jaýlaryň b
arlagy we beýlekiler
degişlidir. her bir adam üçin käbir hünärleriň beýlekilere
garanyňda saýlawy has ähtimaldyr.


Ýörite ukyplaryň kemala gelişin genetiki düzüjiniň
gatnaşýandygyny köpsanly syn etmeler subut edýär. Meselem
:
sazandalar nesli. Ýöne gurşa
w
yň täsirini hem ýatdan çykarmaly
däl. Saza ukyply adam saz medeniýeti kemala gelmedik
jemgyýetde ýaşasa, bu ukyplaryny ýüze çykaryp bilmeýär.
Eger
-
de saz ukyplarynyň düzüjileri barada gürrüň edilse, onda
olaryň arasynda ses yrgyldylaryň ýygylygyny tapawut
landyryp
bilmek mümkinçiliginiň uly ähmiýete eýedigini bellemek
gerek. Ol eşidiş analizatoryň gurluşy bilen baglanyşyklydyr.
Aýdym aýtmak (wokal) ukyby hem tebigat tarapyndan berilýär,
ýagny, genetiki taýdan şertlenen bolýar. Geçirilen barlagyň
görkezişi ý
aly, erkeklerde (bas, bariton, we tenor) we aý
allarda
ses tapawutlary (soprano
, messo
-
soprang we alt) genleriň bir
jübüti tarapyndan gözegçilikde bolýar. Has giçki barlaglar
seslerdäki tapawutlaryň nesle geçýän köp sanly
görkezijilere

garaşlydygyny görkezdi
.


9.5. Jemgyýete garşy gönükdirilen (antisosial) we
jenaýatçylykly özüňi alyp baryş




Genetiki nukdaýdan has öwrenilen bozulmalaryň biri
jemgyýete garşy gönükdirilen we jenaýatçylykly özüňi alyp
baryş bolup durýar. Onuň esasynda agressiwlik (gaharj
aňlyk)
ýaly şahsy häsiýet ýatyr.


Köp ýyllaryň dowamynda alymlar jenaýatçylykly özüňi alyp
baryş genetiki şertlenen bolup durýarmy ýa
-
da oňa daşky
gurşaw we beýleki daşky görkezijiler täsir edýärmi diýen
soragy öwrenýärler. Häzirki wagta çenli jenaýatçy
lykly özüňi

94

alyp barşa itekleýän birnäçe görkezijiler ýüze çykaryldy.
Jemgyýete garşy gönükdirilen we jenaýatçylykly özüňi alyp
baryş birnäçe görkezijileriň täsiri bolup durýar.


Antropolog Çezare Lombrozo Darwiniň “Adamyň gelip
çykyşy” atly işinden ugu
r alyp, öz taglymatyny kemala
getirýär. Onuň pikiriçe, käbir adamlar genetiki taýdan öz
ýönekeý ata
-
babalaryna ýakyn bolup, şol sebäpli olar
jemgyýete garşy gönükdirilen we jenaýatçylykly özüňi alyp
barşa içki ýykgynlygy bilen dogulýarlar. Lombrozowyň
piki
riçe, jenaýatçy
-
bu mutasiýalaryň netijesinde “kadaly”
adama öwrülmedik aýratyn görnüş bolup durýar. Ol
subutnamalary hem toplaýar. Onuň saýlawyna italýan
jenaýatçylary we harby işgärleri girizilipdir. Ol jenaýatçylaryň
fiziki häsiýetleri adaty adamlaryňkyd
an tapawutlanýar diýen
netijä gelýär. Şeýdip, jenaýatçylaryň arasynda tekiz ýüzli, uly
gulakly, uly dodakly, aşaky äňi iri bolan adamlar agdyklyk
edýär. Bu adamlar zulum oýunlara ýykgynlyk edip, öz aýratyn
dillerinde gürleşýärler. Görkezilen alamatlar jena
ýatçylary
ösüşiň pes basgançagyna geçirýär. Emma Lombrozowyň
beýanyna jenaýatçylaryň takmynan ⅓ bölegi gabat gelýärdi,
galan ⅔ bölegi ol düşündirip bilmedi.


Has giçki barlaglar adamyň boýy, agramy, fiziki güýji bilen
jenaýatçylykly özüňi alyp barşyň
arasynda baglanyşygy ýüze
çykarmaýar. Tersine, käbir işlerde ortaça jenaýatçylaryň boý
-
agram görkezijileriniň kanuny bozmaýan raýatlaryň
görkezijilerinden aşakda bolýandygyny görkezdi.


Barlagçylar jenaýatçylykly özüňi alyp barşyň genetiki
esaslaryny ö
wrenmek üçin köplenç jenaýatçylar köp bolan we
düýbünden jenaýatçy bolmadyk maşgalalaryň nesil daragtyny
öwrenýärler. Soňra şeýle nesil daragtlar mukdarlaýyn
seljerilende, jenaýatçy maşgalada ogullaryň 40%, jenaýatçy däl
maşgalada bolsa, 13% golaý jenaýatç
y bolup ýetişýändikleri
ýüze çykaryldy. Şeýdip, subutnama hökmünde ABŞ
-
ly
Dýukleriň maşgalasynyň nesil daragty getirilýär. Bu nesliň

95

1

200 maşgala agzalarynyň 140
-
sy jenaýatçy bolupdyr. Başga
bir mysal Edwardslaryň maşgalasy bolup durýar. I. Edwardsyň
nes
linde jenaýatçy bolmandyr. Ol molla bolupdyr. ABŞ
-
nyň bir
prezidenti, ýazyjylar we dini işgärler bu nesilden bolupdyr. Bu
maglumatlar jenaýat işine ýykgynlygyň genetiki esasyny
görkezýär. Emma soňra Edwardsyň ata
-
babalarynyň içinde
jenaýatçylar ýüze çykary
ldy. Diýmek, genealogiýanyň ýönekeý
deňeşdirmesi, jenaýatçylykly özüni alyp baryşynyň nesle
gejiçilige baglylygy barada az maglumat berýär.


XX asyryň birinji ýarymynda geçirilen ekizler barlaglary
jenaýatçylykly özüni alyp baryşyna belli bir genetik
i
ýykgynlygy resmi ýagdaýda ýüze çykardylar. Şeýdip,
monozigot ekizlerde jenaýatçylyk boýunça gatnaşyk ortaça
0,75
-
e, dizigotlarda bolsa diňe 0,24
-
e deň bolupdyr. Emma irki
barlaglarda saýlawyň sany uly bolmandyr. Mundan başga
-
da,
ol döwür ekizleriň zigotl
ylygy diňe daşky keşbiň meňzeşligi
boýunça kesgitlenipdir. Has giçki barlaglarda, zigotlylyk
ýokary ähtimallyk bilen kesgitlenip, jenaýatçylykly özüni alyp
baryşyna ýokary genetiki ýykgynlylyk ýüze çykaryldy.
Jenaýatçylykly özüni alyp baryşyna ýykgynlyk et
meklige diňe
genetiki däl
-
de, gurşaw görkezijileri hem täsir edýändigi
bellidi. Mundan başga
-
da, ekizler barlaglary käbir kemçiliklere
eýedir. Meselem: köplenç ekizleriň ikisi hem meňzeş gurşawda
ýaşaýar we tersine, ekizler biri
-
birine meňzemejek bolup, ýö
rite
özlerini bir
-
birlerinden tapawutly alyp barypdyrlar.


Ogullyk alnan çagalaryň we olaryň biologiki ata
-
eneleriň
barlaglarynyň görkezişi ýaly, jenaýatçylykly özüňi alyp barşyň
kemala gelmegine hem gurşaw, hem nesle geçijilik täsir edýär.
Bu barlaglar
da indiki netijeler alyndy:






96



Jenaýatçylykly özüňi alyp barşyň genetiki esaslaryny Gaus
Aýzenk has içgin öwrenýär. Ol jenaýatçylykly özüňi alyp barşy
düşündirýän psihologiki taglyma
ty hödürleýär. Aýzenkyň
pikiriçe, jenaýatçylykly özüňi alyp baryş hem biologiki, hem
sosial görkezijileriň önümi bolup durýar. Ol şahsyýetiň esasy 3
düzüjisini ýüze çykarýar


ekstrawersiýa, psihotizm we
neýrotizm. Aýzenk, çagalar şertli refleksi kemala ge
tirmek
arkaly antisosial özüňi alyp barşy aňly dolandyrmak ukybyna
eýe diýip hasaplaýar. On
uň pikiriçe, şertli refleksiň iş
leniliş
tizligi adamyň şahsy häsiýetlerine bagly. Onuň taglymatyna
laýyklykda, ekstrawersiýa we neýrotizm aňlatmalary ýokary
bolan ad
amlarda şertli refleksler haýal kemala gelýär.
Neýrotizm dartgynly ýagdaýlara fiziologiki jogap bermekligiň
dogabitdi, bologiki ýykgynlygyny şöhlelendirýär.


Aýzenkyň hasaplamalary boýunça, populýasiýada adamlaryň
16% ekstrawert, 16% introwert bolup, 68
% aralyk orny
eýeleýär. Ekstrawert aňlatmalary ýokary bolan adamlaryň uly
-
ýarym şarlarynyň gabygy ýeterlik däl oýanma ýagdaýynda
bolýar diýip hasaplanylýar. Şonuň üçin şeýle adamlar gabygy
oýandyrýan stimullaryň gözleginde bolýar. Şeýlelikde,
ekstrowertler

impulsiw
-
ýüzinugra adamlar bolup durýar.
Introwertlerde, tersine, gabyk ýokary oýanjylyk ýagdaýynda
bolýar. Şonuň üçin olar stimullardan gaça durýarlar. Şeýle

B
i
ologiki ata
-
eneler


Ogullyk alnan ata
-
eneler


Ogullyk alnan
erkekleriň arasynda
jenaýatçylaryň %


Jenaýatçylar


Kanuny
bozmaýan


20


Kanuny
bozmaýan


Kanuny
bozmaýan


14


Jena
ýatçylar


Jenaýatçylar


25


Kanuny
bozmaýan


Jenaýatçylar


15


97

adamlar asuda bolýar. Neýrotizm aňlatmalary ýokary bolan
adamlarda wegetatiw nerw ulgamy durnuks
yz işleýär. Şeýle
adamlarda keýpiň durnuksyzlygy we galagoply ýagdaýlar
mahsusdyr.


Genetikler jenaýatçylygyň genetiki seljermäniň dersi bolup
bilmeýändigine düşünýärler. Adamy jenaýatçylar derejesine
degişli etmeklik kanun tarapyndan kesgitlenýär we ka
zyýetiň
çözgüdine baglydyr. Kanunyň üýtgemegi adamy jenaýatçylar
hataryndan çykaryp bilýär. Şeýle ýagdaýda genetiki
seljermäniň mümkin däldigi aýdyňdyr.


Jenaýatçylyk
-
genetiki däl
-
de, sosiologiki seljermäniň
dersidir. Adamyň dogabitdi jenaýatçylykl
y meýilnamasy
baradaky pikir geçmişde galdy. Häzirki wagtda “jenaýat
genleri” we “nesle geçýän jenaýat meýilnamasy” barada
gürrüň edilmeýär. Genlerde organiki molekulalaryň gurluşy
barada maglumat saklanýar, olaryň özaratäsiri organizmiň
ösüşini we kemala

gelşini üpjün edýär, nerw ulgamy
psihikanyň aýratynlyklary
ny kemala getirýär. Alamat öz
ösüşinde genden näçe daş bolsa, şonça
-
da ol daşky gurşawyň
täsirine duçar bolýar. Genetiki seljerme diňe indiwidiň ilkinji
tebigy häsiýetlerinde ulanylyp bilner. Mesel
em, agressiwlik
-
gaharjaňlyk.


9.6. Agressiwligiň (gaharjaňlygyň) genetiki esaslary.



Psihologlar agressiwligiň dürli görnüşlerini ýüze
çykarýarlar. Ýörite sowalnamalaryň kömegi bilen adamyň
gaharjaňlyk derejesini ölçemek bolýar. Gaharjaňlygyň ýüz
e
çykyş derejesi boýunça adamlar örän tapawutlanýarlar.
Garyndaşlaryň arasyndaky tapawudy ýüze çykarmaklyga
esaslanýan genetiki seljerme, şeýle hem ekizleriň seljermesi
agressiwligiň nesle geçijiligini bahalandyrmaga mümkinçilik
berýär. Agressiw
-
gaharjaň ö
züni alyp baryşyň nesle geçijiligi
takmynan 40
-
54% deňdigi kesgitlendi. Bu maglumatlar

98

agressiwlik
-
gaharjaňlyk boýunça tapawutlaryň takmynan
ýarysy nesle geçýän aýratynlyklary we ýarysy daşky gurşaw
sebäpleri bilen şertlenendigini subut edýär.


Nesle g
eçijilik bilen gurşawyň gatnaşygy agressiwligiň
-
gaharjaňlygyň dürli görnüşleri üçin deň däldir. Şeýdip, göni
fiziki agressiwligiň
-
gaharjaňlygyň (adamlara degişlilikde) nesle
geçijiligi
-
0,47, göni däl fiziki agressiwligiň
-
gaharjaňlygyň
(predmetlere, zatlara

degişlilikde) nesle geçijilig
i bolsa
-
0,40

we söz üsti agressiwligiň
-
gaharjaňlygyň (haýbatlar)
-
0,28 nesle
geçýändir. Agressiwligiň
-
gaharjaňlygyň dürli ýüze çykmalary
umumy genleriň täsiri özarabaglanyşyklydyr. Seljermäniň
görkezişi ýaly, agressiw özüňi al
yp barşyň dürli görnüşleriniň
umumy genetiki gözegçiligi bar. Agressiw özüňi alyp barşyň
ýüze çykyşynda nesle geçijiligiň we gurşawyň gatnaşygy
ýaşaýyş
-
durmuşyň dowamynda üýtgemän saklanýar. Çagalarda
ýaşlary ulaldygyça
,

agressiwligiň derejesine genetiki
g
örkezijileriň täsiri güýçlenip, gurşawyň täsiri peselýär.


Fiziki agressiwligi öwrenmeklik aýratyn ähmiýete eýedir.
Sebäbi agressiwligiň hut şu görnüşi daş
-
töwerekdäkiler üçin
howplydyr. Köplenç fiziki agressiwlik 2
-
3 ýaşda ýüze çykýar.
Sebäbi çaga bu ý
aş aralykda esasy hereket endiklerine
(ýöremek, ylgamak, tutmak, iteklemek, zatlary zyňmak) eýe
bolýar. Bu ýaşda dil ukyplary hereket ukyplaryndan pes ösen
bolup, çaga gowy gören oýnawajyny soranyndan, alanyny
amatly görýär. Şuňa meňzeş ýagdaýlar çaga agre
ssiwligi we
fiziki güýji ulanmaklygy “öwredýär”. Şol bir wagtyň özünde
jogap täsiri bolup geçýär


zadyň eýesi bolan başga bir çaganyň
tarapyndan agressiw hereket. Çagalaryň köpüsinde belli bir
wagtdan soň şertli refleks döreýär. Olar agressiw herekete
agr
essiw jogap täsiri gaýtaryljakdygyna düşünýärler. Uly
adamlar hem çagalaryň agressiw özüni alyp barşyny
goldamaýarlar. Wagtyň geçmegi bilen çagada garaşmaklyk
(oýnawaç berilýänçä) ukyby işlenilýär. Soňky ýyllarda çagalar
agressiw özüňi alyp barşyň görnüşle
rine meňzeş bolan özüňi

99

alyp baryş görnüşlerini saýlaýarlar. Emma çagalaryň takmynan
4%
-
de giçki jahyllyk döwrüne çenli fiziki agressiwligiň ýokary
derejesi syn edilýär. Şeýle çagalarda dowamly fiziki
agressiwlik ýagdaýy bellik edilýär. Alymlar dowamly fiz
iki
agressiwlige ýykgynlyk döredýän birnäçe görkezijileri ýüze
çykardylar. Olaryň arasynda genetiki we gurşaw görkezijileri
hem bar. Şeýle görkezijileriň esasy 3 topary bellidir:
indiwidual
-
özboluşly aýratynlyklar, fiziki gurşaw, sosial
gurşaw. Indiwidual
aýratynlyklara nesil bozulmalary, genetiki
nesle geçýän alamatlary degişlidir (bedeniň agramy, jynsy,
milleti, temperament we beýlekiler). Fiziki görkezijilere nerw
işjeňligiň kemala gelşini togtadýan zyýanly maddalaryň köpüsi
degişlidir. Meselem: çilim çe
kmek, içgi. Sosial görkezijilere
bolsa, ata
-
ene tarapyndan çaga degişlilikde bolan gatnaşygyň
we özüňi alyp baryş görnüşleriniň bozulmalary degişlidir.


X Bap. Özüňi alyp baryş b
ozulmalarynyň genetiki esaslary



Özüňi alyp baryş köpsanly aýratynlyklar bil
en
häsiýetlenýär. Şonuň üçin adamlary aýdyň tapawutlanýan özüňi
alyp baryş toparlaryna bölmeklik kyndyr. Özüňi alyp baryş
üýtgeýjiligi üznüksiz häsiýete eýe bolmagyna garamazdan,
düzgün bolşy ýaly, adamlar köpçüliginden tapawutlanýan özüňi
alyp baryşly ind
iwidleri görkezmek bolýar. Garaşylýan özüňi
alyp baryşdan aýdyň tapawutlanýan özüňi alyp barşa dewiant
(gyşarylan) özüňi alyp baryş diýilýär. Dewiasiýa düşünjesi
medeni köklere eýedir. Şol bir hereket bir jemgyýetde kada,
beýlekisinde jenaýat bolup biler.

Esasy mesele dewiant özüňi alyp barşyň ol ýa
-
da
beýleki görnüşiniň sebäplerini anyklamak bolup durýar


patalogiki
-
bozulma nesle geçijilik ýa
-
da durmuş
-
ýaşaýyş
şertleri. Bu meseläniň çözülmegi amalyýet ähmiýetine eýedir.
Köplenç jenaýat jogapkärçiligine ç
ekilen adamlary psihiatriki
barlagdan geçirýärler we ony kazyýete ýa
-
da keselhana

100

ibermek baradaky soragy çözýärler. Şeýdip, agyr jenaýaty
eden adamda artykmaç hromosomanyň ýüze çykarylmagy,
onuň soňky ykbalyny düýpgöter üýtgedip bilýär. Dewiant özüňi
aly
p barşyň sebäplerine düşünmeklik onuň profilaktikasy
-
öňüni
alyş çäresi üçin wajypdyr. Meselem: arakhorluk kesel
hasaplanylmaýan döwründe, bu hadysa bilen diňe sosial çäreler
arkaly göreşipdirler, “gury kanuny” girizipdirler. Arakhorlary
terbiýeläpdirler, j
erime beripdirler, ýöne bejermändirler.
Gadymy döwürlerde psihiki näsag adamlaryň kellesinden
jynlary çykarmak üçin kelle çanagyň trepa
nasiýasyny
geçiripdirler
.


Jynlary çykarmak maksady bilen geçirilen kelle
çanagyň trepanasiýasy.


Ýewropada gadymy döwür
lerde psihiki näsaglary
şeýtan eýeläpdir diýip hasaplanyp, olar zynjyrda saklanypdyr.
Häzirki wagtda agzalan özüňi alyp barşyň bozulma
görnüşlerine garaýyş has ynsanperwer boldy. Bu ösüşler köp
derejede genetika baglydyr. Ol adamzat özüni alyp barşynyň
dür
li görnüşleriniň nesle geçijilik esasyny ýüze çykardy.


10.1. Psihik
i keselleriň genetiki tebigaty


Gyşarylan özüňi alyp barşyň bir görnüşi psihiki keseller
bolup durýar. Psihiki bozulmaly adamlar näsag bolup
durýandyklary baradaky garaýyş takmynan 200 ýy
l mundan

101

ozal kemala geldi. Emma keseliň sebäpleri daşky şertlere bagly
diýip hasaplapdyrlar. Diňe soňky on ýyllyklarda psihiki
bozulmalaryň genetiki esasy bar diýen düşünje kemala geldi.

Dürli usullar bilen geçirilen barlaglar psihiki kesellere
nesle geç
iji ýykgynlygyň dürli
-
dürli bolup bilýändigini
görkezdiler.

Genetikleri hemişe bir sorag gyzyklandyrýardy. Näme
üçin psihiki näsaglaryň pes uýgunlaşmagyna garamazdan,
psihozlar ähli adamzat populýasiýalarynda giňden ýaýrapdyr.

Populýasiýalarda psihozlaryň

ýokary ýygylygyny
düşündirmek üçin ewolýusion
-
genetiki çaklama öňe sürülýär.
Bu çaklama laýyklykda, psihiki keseller adamyň haýwandan
galan mirasy bolup durýar. Olaryň ýaýramagy bolsa, olary
kemala getirýän genleriň az mukdary ähmiýetli bolup, şol
sebäpli

populýasiýada saklanýar diýip düşündirilýär. Belli
bolşy ýaly, pes ösen haýwanlaryň özüni alyp barşy genetiki
meýilleşdirilen reaksiýalardan düzülip, ýokary ösen
haýwanlaryň, aýratyn hem, süýdemdirijileriň özüni alyp barşy
bolsa, genetiki meýilnama bilen
az derejede kesgitlenip,
öwrenilmäniň netijesi bolup durýar. Özüňi alyp barşyň
ewolýusiýasy öňki reaksiýalaryň doly ýitmek we täzelenmek
ýoly bilen däl
-
de, birinjileri gizlin ýagdaýa geçirmek ýoly bilen
amala aşyrylýar diýip hasaplanylýar. Seçginiň, dartgy
nly
ýagdaýlaryň, gibridleşdirilmäniň netijesinde filogenetiki
gadymy reaksiýalaryň ýüze çykmagy üçin şertler döräp bilýär.
Eger
-
de haýsydyr bir sebäpler boýunça jogap bermek bosogasy
peselýän bolsa, onda reaksiýalar diňe ýöriteleşen däl
-
de, bitarap
gyjyndy
ryjylara hem döräp bil
ýär. Şeýle ýagdaýda olar kada
gabat gelmän, özüňi alyp baryşyň
bozulmagyna getirýär.

Haýwanlarda gorag hökmünde ewolýusion kemala
gelen nerw reaksiýalaryň üç görnüşi beýan edilýär:
epileptiform, katatoniki we affektiw. Adamlarda bol
sa
psihozlaryň üç topary bellidir: epilepsiýa, şizofreniýa we
affektiw psihoz. Adamlaryň we haýwanlaryň bu ýagdaýlarynyň

102

meňzeşligi, adamlaryň psihiki keselleri haýwanlaryň gorag
hereketlerinden ewolýusion gelip çykdy diýmäge esas döretdi:
epilepsiýa epile
ptiform reaksiýalardan, affektiw psihozlar
affektiw reaksiýadan we şizofreniýa katatoniki reaksiýadan
gelip çykdy. Adamda jogap bermek bosagasynyň peselmegi
sebäpli, bu reaksiýalar öz uýgunlaşma häsiýetini ýitirip,
patogen
-
bozulma dörediji görnüşe eýe bolý
arlar. Şeýlelikde,
epilepsiýanyň, şizofreniýanyň we maniakal
-
depressiw
psihozlaryň esaslarynda biologiki taýdan gadymy gorag
reaksiýalary ýatyr.

Epileptiki tutgaý
-
bu göreşe ýa
-
da howpdan gaçmaga
taýýarlygyň gorag hereket täsiridir. Bu ýagdaýda nerw
dok
umasy üçin howply bolan ýokary dartgynlykdan
saplamaklyk bolup geçýär.

Şizofreniýa
-
katatoniki reaksiýanyň bosogasynyň örän
pesligi bilen häsiýetlenýär. Katatoniki reaksiýalary
(haýwanlaryň gipnoz hadysasy) kadaly uýgunlaşma
reaksiýalara degişlidir. Düzgün

bolşy ýaly, ýyrtyjylar
hereketlenýän zatlara üns berýärler, hereketsiz “doňmaklyk”
(katatoniýa) bolsa, pidany görünmeýän edýär. Munda
katatoniki reaksiýalaryň uýgunlaşma häsiýeti jemlenendir.
Şeýle reaksiýalaryň ýokary derejede ýüze çykmagy
bozulmalara ge
tirýär. Katatoniki ýagdaýlar biologiki taýdan az
uýgunlaşan, pes sosial derejeli alakalarda duş gelýär.
Şizofreniýa bilen katatoniki reaksiýanyň arasyndaky
baglanyşygy hereket işjeňliginiň meňzeşligi görkezýär.
“Şizofreniki keşbe” hem özüňi alyp baryşyň bo
zulmalary
mahsusdyr. Munuň sebäbi


hereketiň katatoniki
bozulmalarynyň aýdyň ýüze çykmagydyr, ýagny,
“doňmaklygyň” we ýokary derejedäki işjeňligiň utgaşyp
gitmegidir. Ähli psihozlardan, katatoniýa hut şizofreniýa üçin
häsiýetlidir. Näsag şizofrenikleriň k
öpüsinde, onuň ähli
görnüşlerinde mikrokatatoniki alamatlar syn edilýär.

103

Mikrokatatoniki alamatlar

bu myşsa togtamasy, hereketleriň
kütelmegi we stereotipi
ki işjeňlik bolup durýar
.

Affektiw psihozlar emosional adamlarda ýüze çykýar.
Şonuň üçin olara emos
ional reaksiýalaryň patalogiki pes
bosogasynyň ýüze çykmalary hökmünde garaýarlar.

Psihiki kesellere jogap berýän genleriň az mukdarda
bolmagy adamlara nähili artykmaçlyklary berip

bilýär? Bu
soraga jogap tapmak üçin geçirilen tejribede gyzykly
maglumatla
r alyndy. Şizofreniýa keselli aýallarda saza we
surata ýokary ukyply bolan zehinli çagalaryň uly göterimi ýüze
çykarylýar. Çalt jogap täsirine eýe bolan uçarmanlarda köplenç
elektroensefalogrammasynda (EEG) epileptiform görnüşinde
gabat gelýän üýtgemeler s
yn edilýär. Haýwanlarda geçirilen
tejribeleriň görkezişi ýaly, indiwidual häsiýetnamalar ýokary
oýanyjylykda has aýdyň ýüze çykýar.


10.2. Serhetleýin psihik
i ýagdaýlaryň sosial
alamatlary



Adamlaryň psihiki aýratynlyklary dürli medeniýetlerde
birmeňzeş
gymmatlyga eýe däldir. Industrial (senagaty ösen)
ýurtlarda psihiki bozulmaly adamlar näsag hasaplanylýar. Däp
-
dessur boýunça ýaşaýan jemgyýetde bolsa, psihiki bozulmaly
adamlar wajyp sosial orny eýeläp bilýärler. Meselem: şamanlar.
Awçylyk bilen meşgullan
ýan döwrebap halklarda şaman
-
bu
dini ynançda esasy adam bolup durýar. Şamançylyk
jemgyýetde gurluşdyryjy we durnuklaşdyryjy hyzmaty ýerine
ýetirýär. Şaman dini dessurlara ýolbaşçylyk edýär. Awçylaryň
we toplaýjylaryň ynançlaryna görä, adaty adam ruhlar bil
en
gös
-
göni aragatnaşyk saklap bilmeýär. Bu hyzmaty diňe şaman
ýerine ýetirip bilýär. Ol adamlar we ruhlar dünýäsiniň arasynda
durýar. Däp
-
dessurly jemgyýetleri öwrenen antropologlaryň
pikiriçe, adam öz islegi boýunça şaman bolup bilmeýär. Ol öz
erki boýun
ça däl, käwagt mejbur edilen ýagdaýda şaman

104

bolýar. Adatça jynsy kämillik döwründe geljekde şaman boljak
adamda duýdansyz ýiti nerw keseli başlanýar. Ol tutgaýlar,
özünden gitmeler, göz öňüne gelmeler (gallýusinasiýalar) bilen
utgaşýar. Tutgaýlaryň birinde

adama “ruh howandar” gelýär we
oňa şaman bolmaga “buýruk” berýär we oňa öz kömegini hem
hödürleýär. Adatça näsag närazy bolýar, ikirjeňlenýär, ýöne
soňra boýun bolýar we özüniň ruh
-
howandary bilen ylalaşyga
girýär. Mundan soňra tutgaýlar geçýär, näsag sag
alýar we
şamanyň hyzmatyny ýerine ýetirmäge başlaýar. Şamanyň öz
taýpadaşlarynyň psihikasyna täsiri örän uly bolup, olar
şamanlyk wagtynda şamanyň özüniň görýän
gallýusinasiýalaryny görýärler. Lukmanlar we antropologlar bu
hadysany öwrenip, indiki netijä g
eldiler: aýratyn kesel gurluşy
bilen tapawutlanýan adamlar şaman bolýar. Olar örän
oýandyryjy, tutgaýlara we gallýusinasiýalaryň dürli
görnüşlerine ýykgyn bolan indiwidlerdir. Şamanlaryň
köpüsiniň nesil daragtlarynda ata
-
babalaryň haýsy hem bolsa
biri şama
n bolupdyr. Maşgala maglumatlary seljeril
ende
garyndaşlaryň arasyndaky me
ňzeşligiň näme bilen
şertlenendigi baradaky mesele ýüze çykýar


genleriň
umumylygy ýa
-
da maşgala gurşawynyň umumylygy. Berlen
ýagdaýda şamanlyk baradaky sorag maşgala hünäri hökmünde

ýüze çykýar. Ýörite barlagl
aryň görkezişi ýaly “şamançylyga

öwrenip” bolmaýar. Bu bolsa berlen alamatyň sosial taýdan
geçirilmegi, medeni mirasy baradaky pikiri aradan aýyrýar.
Şamanyň şahsyýetiniň kemala gelmegine


öwredilme
netijesinde hünäre eýe bolma
klyk däl
-
de, özüňi alyp barşyň
kesgitli görnüşine genetiki ýykgynlygyň durmuşa geçirilmegi
hökmünde garaýarlar.

Getirilen mysal adamzat psihikasynyň dürli
görnüşleriniň çenden gymmatlygy barada habar berýär.





105


10.3. Şizofreniýa



Psihikanyň agyr

hroniki bozulmalar toparyny ş
izofreniýa
degişli edýärler. Olar pikirlenmäniň, emosiýa
-
duýgylaryň we
özüňi alyp baryşyň bozulmalarynda ýüze çykýar. Şizofreniýa
kliniki polimorfizm bilen häsiýetlenýär. Käbir näsaglar
üznüksiz gülýärler, käbirleri wagtyň köp

bölegini hereketsiz
oturýarlar, käbirlerinde bolsa agressiw
-
gaharjaň özüňi alyp
baryş döwürleri syn edilýär. Käbir näsaglaryň ýagdaýy çalt
gowulanýar, beýlekilerinde bolsa, ýyllaryň dowamynda aňyň
“öçmegi” syn edilýär.



Şizofrenigiň çep eliniň yzy.



saglaryň bir görnüşi ünsi jemlemek we maglumaty
logiki jemlemek ukybyny ýitirýärler, beýlekilerinde bolsa,
käbir durmuşy ýagdaýlarynda aýdyň ýüze çykarylan logiki
pikirlenme syn edilýär. Ýöne ol örän ýönekeý sebäpleriň täsir
etmegi netijesinde ýitýär. Käbi
r näsaglar uzak wagtyň
dowamynda kadaly ýaşamaga we üstünlikli işlemäge ukyply

106

bolýarlar. Olar diňe wagtal
-
wagtal ugrukmakda agyr ýagdaýa
düşýärler.

Populýasiýalarda şizofreniýa takmynan 0,85% ýygylyk
bilen duş gelýär. Ol senagaty ösen, şeýle hem ösýän ýur
tlarda
-
da ýüze çykarylýar. Demirgazyk Amerikada şizofreniýanyň
ýaýraýyşy 1000 ilata 2,3
-
40 ýagdaýa deňdir. Ýewropanyň
demirgazygynda 0,048
-
15, Aziýada 1,8
-
3,8, Afrikada 6
-
11,5
deňdir. Uly şäherlerde şizofreniýa ilatyň
köplenç
pes
gatlaklarynda duş gelýär.
Bu şizofreniýa ýykgyn bolan
adamlaryň, akyl we erk ýetmezçilikleri sebäpli, sosial
basgançagyň has pes derejesine düşmegi bilen baglanyşykly
bolmagy mümkindir. Bu ýagdaýda şizofrenikleriň we sagdyn
indiwidleriň atalary sosial orunlary boýunça
tapawutlandyr
maýarlar.

Şizofreniýany döredýän infeksion agentyň
-
bakteriýanyň
ýa
-
da wirusyň barlygy barada çaklama öňe sürüldi. Şeýle
infeksiýa haýsydyr bir garyndaşdan geçip, uzak wagtyň
dowamynda beýniniň dokumasynda gizlin ýagdaýda saklanyp
bilýär. Häzirki wagtda be
ýni infeksiýalaryny oýandyrýan
wiruslar bellidir. Nesle geçýän görkezijiniň işi, onuň adamlaryň
käbirlerini bu infeksiýa has duýgur etmeginden ybarat bolup
biler. Näsag şizofrenikleriň käbirleriniň beýni
-
ýilik
suwuklygynda sitomegalowirusyň infeksiýasynyň
alamatlary
ýüze çykaryldy.

Genealogiki barlaglaryň görkezişi ýaly, näsagyň
garyndaşlarynda şizofreniýa, umumy populýasiýa garanyňda,
has köp duş gelýär. Köplenç olaryň arasynda kadadan çykýan
şahsyýetiň görnüşi syn edilýär. Ol şizoid hökmünde topara
bölün
ýär. Şizofreniýanyň diňe kemala gelişi däl
-
de, onuň
görnüşleri hem nesilden
-
nesle geçýär. Garyndaşlarda
şizofreniýanyň dürli görnüşleriniň barlygy, bu keseliň dürli
görnüşleriniň genetiki garyndaşlygy dogrusynda maglumat
berýär.



107

10.4.

Ontogenezde psihiki

bozulmalar


Käbir psihiki bozulmalar çagalykda, beýlekileri bolsa,
durmuş
-
ýaşaýyşyň ilkinji ýyllarynda başlanýar. Ontogenez
bozulmalaryna, haçan
-
da çaganyň IQ görkezijisi 70 utukdan
uly bolmadyk ýagdaýynda, akyl taýdan yza galmaklyk
degişlidir.

Akyl taýd
an yza galmaklyg
yň sebäpleri Daun sindromy,
alko
gol sindromy, Teýa
-
Saks keseli we beýlekiler bolup biler.
Ontogenetiki bozulmalar autizmi hem öz içine alýar. Berlen
keseller toparyna okadylmadaky, aragatnaşykdaky we hereket
endiklerindäki bozulmalar degiş
lidir. Çagalykda ontogeneziň
bozulmalaryny başdan geçiren tanymal adamlaryň köpüsi
bellidir. Meselem, Albert Enşteýn, Toma
s Edison, Wudro
Wilson, Nelson R
okfel
ler, U
inston Çerçil, Çarlz Darwin, Jonn
Kennedi we beýlekiler.

Genetiki nukdaýdan has öwrenilen

ontogenetiki
bozulmalara seredip geçeliň.


1. Autizm.

Autizm üçin daş
-
töwerekdäki adamlaryň
barlygyny we olaryň duýgularyny aňlamazlyk häsiýetlidir.
Autizmli adamlar öz sosial ornuna düşünmeýärler we ony
ýalnyş kabul edýärler, olar dostlaşmaga
we duýgudaşlyk
bildirmäge ukypsyz bolýarlar. Berlen keselli näsaglarda söz üsti
we söz üsti däl aragatnaşyk bozulan, hyýallary düýbünden ýok

bolýar
. Autizmli sözleýiş manysyz bolýar, köplenç sözler we
sözlemler gaýtalanýar. Olar az gürleýärler, söhbetdeşli
gi
başlamaga başarmaýarlar we gepleşikde eholaliýalar syn
edilýär. Meselem, “Seniň adyň näme?” diýen sorag berlende,
olar soňky

sözi

gaýtalaýarlar “näme?, näme?, ...”. Näsag
çagalar öz atlaryna seslenmeýärler, olary ezizlänlerinde,
gujaklanlarynda hiç
-
hili

emosiýa
-
duýgy

ýüze çykarmaýarlar,
erbet ýatýarlar we olarda gorky duýgusy kemala gelýär.
Autizmli adamlaryň 66
-
75%
-
inde IQ 70 utuga deňdir.


108


Populýasiýada autizm 10

000 adama 2
-
5 adam ýygylyk
bilen ýaýrandyr. Ol erkeklerde aýallara garanyňda 3
-
4 esse köp

duş gelýär. Tapawutlar ýaş toparlaryna hem degişlidir: şeýdip,
autizm 7
-
9 ýaşly çagalarda 10

000
-
e 12,6 ýygylyk bilen, 18
-
20
ýaşly uly adamlaryň arasynda 10

000:0,4 ýygylyk bilen
ýaýrandyr. Bu uly adamlaryň dürli anyklaýyş derejeleri we
ýagdaýlarynyň g
owulaşmagy bilen düşündirilýär.
Hakykatdanam, ýaş boýunça autizm alamatlaryň azalmagy syn
edilýär. Şeýdip, IQ görkezijisi ýokary bolan autizm keselli
näsaglaryň arasynda geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly,
erkekleriň 80% we aýallaryň 100% sosial we araga
tnaşyk
başarnyklary kämilleşýär, 50% aýallarda hem erkeklerde bolsa,
hereketleriň gaýtalanmagy azalýar.


Biologiki gatnaşykda autizmda ýa
-
da emosiýa
duýgulara jogap berýän, kelle beýniniň limbiki ulgamy pes
ösendir diýip hasaplanylýar. Autizmli çagalaryň

köpüsinde
tutgaýlar bellik edilýär. Bir barlagda autizmli adamlarda kelle
beýniniň ölçegleriň ulalýandygy ýüze çykaryldy. Bu düwünçek
içindäki ösüşde däl
-
de, posnatal döwürde, ýaşaýyşyň 1
-
3
-
nji
ýyllarynda bolup geçýär.



2.
Sözleýişiň kemala gelş
iniň we o
kadylmanyň bozulmalary

Kadaly
y gürläp, ýazyp we okap bilmeklik
-
aragatnaşygyň wajyp şertleridir.

Sözleýiş adamyň gaýtalanmaz häsiýeti bolup durýar. Alymlar
iki ýaşly ekizleri öwrenip, çagalarda sözleý
i
şiň togtamagynda
gurşaw däl
-
de, genetiki görkezijiler e
sasy orun tutýar diýen
netijä geldiler. Çagalaryň sözleýiş endiklerini öwrenmek üçin
olaryň ene
-
atalaryna 100 sany has ýaýran sözlerden ybarat
bolan sanawy berýärler. Olardan ekizleriň ulanýan sözlerini
bellik etmelidi. Netijeleriň aratapawudy örän uly bo
lupdyr:
käbir çagalar 100 sözüň hemmesini, beýlekileri bolsa, bir sözi
hem ulanmandyrlar. Sanaw boýunça gaýtadan dikeldilýän

109

sözleriň ortaç
a mukdary 48
-
e deň bolupdyr. Yz
a galýan çagalar
üçin bolsa, ol diňe 4,2 sözden ybarat bolupdyr.


Dizigot hem
-
de monoz
igot ekizler örän meňzeş sözleýiş
ösüşine eýedikleri ýüze çykaryldy. Emma sözleýişde yza
galýan toparyň netijeleri ähmiýetli tapawutlanýardy. Şeýdip,
eger
-
de monozigot ekiz jübütinde çagalaryň biri yza galýan
bolsa, onuň jübütiniň şol topara goşulmak ähtim
allygy 81% deň
bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde dizigot ekiz jübütleri üçin bu
ululyk 42% deň bolupdyr.


Agzalanlaryň ählisi sözleýişde yza galýan çagalarda
genetiki düzüjiniň ähmiýeti barada aýdýar. Yza galmaýan
çagalar üçin bolsa, daşky gurşaw esasy görke
ziji bolup durýar.


Häzirki wagta sözleýişiň togtamagynda jynsy
tapawutlara uly üns berilýär


oglanlar gyzlara garanyňda, bu
mesele bilen has köp gabat gelýärler. Şeýlelikde, erkek jynsyna
degişlilik


sözleýiş ösüşiniň bozulmagynyň ýokary howpynyň
görke
zijisi bolup durýar.


3
. Disleksiýa



okamak ukybynyň ýöriteleşen we aýdyň
bozulmasydyr. Ony intellektiň, okamak ukybyna eýe
bolmaklygyň, motiwasiýanyň
-
meýiliň peselmegi ýa
-
da sensor
-
duýgy bozulmalary bilen düşündirip bolmaýar. Disleksiýa
çagalykda bellik

edilýän bozulmalaryň biri bolup durýar. Ol uly
bilim beriş we sosial meseläni döredýär. Disleksiýa bozulma
bolmagyna garamazdan, disleksikler köplenç akyl ösüşiniň
ýokary görkezijilerine eýedirler. Disleksiýa keselli çagalaryň
arasynda oglanlar 80% golaýy

tutýar. Disleksiýaly adamlaryň
60%
-
inde garyndaşlarynyň arasynda sözleýişiň togtamalary
bellik edilýär. Disleksiýa nesle geçýän alamat bolup
durýandygy kesgitlendi.


4. Ünsüň ýetmezçiligi we ýokary işjeňlik alamaty.

Ýokary işjeňlikli çagalar bir ýerde

durup we haýsydyr bir
ýumuşda ünsüni jemläp bilmeýärler. Olar işiň bir görnüşinden
beýleki görnüşine aňsat geçýärler we hiç zady soňuna çenli
ýetirmeýärler. Olar köp gürleýärler, ünsleri dagynlyk ýagdaýda

110

bolýar. Bu alamat çagalaryň 3
-
9% duş gelýär. Olary
ň arasynda
oglanlar has köp gabat gelýär. Ýokary işjeňlikli çagalar köplenç
haýsydyr bir psihiki bozulmasy bolan maşgalalardan gelip
çykýarlar. Olaryň takmynan 40%
-
de ata
-
eneleriň haýsy hem
bolsa biri ýa
-
da ikisi hem psihiki bozulma eýedir. Köplenç
şeýle ç
agalaryň ata
-
eneleri arakhorlar bolýar.


10.5. Beýniniň organiki bozulmalary.

Alsgeýmer keseli



Alsgeýmer keseli 1907
-
nji ýylda nemes lukmany
Alsgeýmer tarapyndan beýan edilýär. ABŞ
-
da 65 ýaşdan soňra
adamlaryň 5% we 85 ýaşdan soňra 25% bu kesel bilen
ke
selleýärler. Häzirki wagtda käbir maşgalalarda Alsgeýmer
keseliň nesle geçiji esasy ýüze çykaryldy, ýöne olaryň diňe 5%
bellik edildi. Alsgeýmer keseli takmynan 60 ýaşdan başlap
kemala gelýär. Köplenç bu kesel bilen aýallar keselleýärler.
Alsgeýmer keseli
ýuwaş
-
ýuwaşdan başlanýar. Birinji alamatlar
döräninden soňra, akyl hyzmaty 3
-
10 ýylyň dowamynda
gowşaýar. Näsaglar köplenç özlerini ýitirýärler we dürli
ýerlerde maksatsyz aýlanyp bilýärler. Hereket endikleri ýuwaş
-
ýuwaşdan ýitýär we ýadyň bozulmalary döre
ýär. Näsaglar öz
garyndaşlarynyň atlaryny ýatlaryna düşürip bilmeýärler, öz
ýaşlaryny, hünärlerini bilmeýärler we sözleýişiň manysyna
düşünmeýärler. Olarda üns gowşaýar, daşky zatlara parhsyzlyk
döreýär. Keseliň soňky döwürlerinde näsaglar gürläp we
iýmitl
enip bilmeýärler, olar kömege mätäç bolýarlar.


Patologoanatomiki barlagda kelle beýniniň gabygynyň
bozulmalary bellik ediýär. Gistologiki seljermede bolsa, nerw
öýjükleriň täzeden ýag döremeleri we üý
tgemeleri ýüze
çykaryldy
.


111


Alsgeýmer keselinde beýnin
iň üýtgemeleri (neýronlaryň
ölmeginiň hasabyna beýniniň aşgazanjyklarynyň we
joýalarynyň ulalmagy).



Gen inženeriýanyň usullary adamyň Alsgeýmer keseliniň
genini syçanlaryň genomyna goşmak mümkinçiligini berýär.
Şeýle syçanlarda hem adamlardaky ýaly beýni
niň ýat we
öwredilme böleklerinde bozulmalar döräp başlaýar.


Parkinson keseli.


Parkinson keseli ilkinji gezek 1817
-
nji ýylda iňlis
lukmany Jeýms Parkinson tarapyndan beýan edilýär. Parkinson
keseli merkezi nerw ulgamyň ýuwaş
-
ýuwaşdan özgerýän keseli
bo
lup dyrýar. Ol aýallarda hem erkeklerde takmynan deň
derejede duş gelýär. Ýewropeoidler beýleki jynslaryň
wekillerine garanyňda Parkinson keselinden has köp ejir
çekýärler. Parkinson keseli 65 ýaşdan uly populýasiýanyň 1%
-
inde we 40 ýaş töweregi populýasiý
anyň 0,4%
-
inde duş gelýär.

Berlen kesel birnäçe alamatlary öz içine alýar, olaryň
arasynda tremor (titremeklik), myşsa dartgynlylygy,
gipokeneziýa (hereketleriň haýallaşmagy), demensiýa (akyl
ukyplarynyň ýitmegi), sussypeslik, ys alyşyň peselmegi we

11
2

ýürek

ritminiň, gan basyşynyň bozulmagy has aýdyň ýüze
çykarylandyr. Adatça kesel “köpükleri sanamak” görnüşindäki
elleriň titremegi we ýöreýişiň bozulmagy bilen başlanýar. Ol
haýalladylan ädimler, bedeniň öňe eg
ilmegi görnüşinde bolýar
.


Parkinson keselinde b
eden tutulyşynyň bozulmalary.



Sesiň gatylygy
peselýär, sözleýiş haýal we
birsydyrgyn
-
mon
oton bolýar, ýüz keşbi köplenç doňan nikaby
(maskany) ýatladýar.

Parkinson kesel
l
i adamlarda hereket işjeňligi
ni
ň köp
görnüşlerinde meseleler ýüze çykýar. Has adaty
däl meseleleriň
birini 1903
-
nji ýylda Arnold Pih ýüze çykarýar. Ol Parkinson
keseli döremezden öň we soň näsag adamlaryň hatlarynyň
nusgalaryny deňeşdirýär. Käbir ýagdaýlarda ol harplaryň
ähmiýetli kiçelýändigini bellik ediýär. Ol bu hadysany
“mikrografiýa
” diýip atlandyrýar. Grekçeden terjime edilende
“kiçi
hat” diýmekligi aňladýar
.


113






Parkinson keselinde hatyň üýtgeýişi.









Parkinson keselinde kelle beýniniň gara suwuklygynyň
öýjüklerine zeper ýetýär. Berlen bölegiň öýjükler
iniň 80
-
85%
ölenden soňra, kesele häsiýetli bolan alamatlar ýüze çykýar.
Parkinson keseli beýnide sintezlenýän dofominyň ýetmezçiligi
sebäpli ýüze çykýar.

Parkinson keseliň birnäçe görnüşi bar. Olaryň iki
görnüşi


irki we giçki görnüşleri has wajypdyr. I
rki görnüşi 50
ýaşa çenli başlaýar we ýagdaýlaryň 5
-
10%
-
ni düzýär. Giçki
görnüşi bolsa, 50 ýaşdan soň başlanyp, ähli ýagdaýlaryň 90
-
95%
-
ni tutýar.

Parkinson keseli maşgala häsiýetine eýedir. Keseliň
kemala gelmegine hem genler, hem gurşaw täsir edýär.
Eki
zlerde geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, 50 ýaşa çenli
döreýän Parkinson keseli genetiki düzüjisine eýedir, 50 ýaşdan
soň kemala gelýän kesel bolsa, gurşaw tarapyndan şertlenendir.
Çilim çekmeklik we kofe içmeklik Parkinson keseliniň kemala
gelmek howp
yny azaldýar. Käbir alymlaryň pikiriçe, çilimde
we kofede käbir gorag maddalar bar. Beýleki alymlaryň
pikiriçe bolsa, berlen maddalaryň özleri hiç hili ähmiýete däl
-
de, haýsydyr bir maddalara ýykgynlygy bolan adamlar kelle
beýnisine ýöriteleşen biohimiki h
adysalar mahsus bolup, olar
Parkinson keseline has durnukly bolýarlar. Häzirki wagtda
keselden
öň


keselden soň



114

Parkinson keseliniň esasy bejergisi dofaminy girizmeklik bolup
durýar. Käbir ýagdaýlarda näsaglaryň zeper ýeten beýniniň
bölegini transplantirleýärler
-
göçürýärler.


F
ell
ing keseli (fenilketonuriýa)


Felling keseli ýa
-
da fenilketonuriýa (FKU) 1934
-
nji
ýylda norwegiýaly alym Felling tarapyndan açyldy. Bu kesel
12
-
nji hromosomada ýerleşen autosom genyň mutasiýasy
-
üýtgeýjiligi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu genyň
40
-
dan gowrak mutasiýasy açyldy.

FKU
-
fenilalaniniň aminokislotasynda madda
çalşygynyň bozulmalary bilen baglanyşykly bolan keseldir. Bu
kesel ýaşaýyş
-
durmuşyň ilkinji aýlarynda ýüze çykyp, psihiki
we hereket ösüşiň togtamalary bilen utgaşýar. Keseliň sebäbi
-
enäniň süýdi bilen çaganyň organizmine düşýän fenilalanin
aminokislotasynyň özleşdirilmeginiň mümkin däldigi bolup
durýar. Fenilketonuriýada ganda madda çalşygynyň zäheli
önümleri toplanýar. Olar nerw öýjüklerine zeper ýetirýär. Bu
bolsa akyl taýdan yza g
almaklyk alamatlarynyň ýuwaş
-
ýuwaş
dan köpelmegine getirýär
.


Fenilketonuriýaly çaga.


115




Eger
-
de öz wagtynda degişli çäreler geçirilmese, çaga
aradan çykýar. Genetiki kemçiligine eýe bolan çagalar ýaşaýyş
-
durmuşynyň ilkinji günlerinden başlap berhiz tutýar
lar. Olar
fenilalaniniň az mukdary bolan iýmit bilen iýmitlenýärler.
Çagalar takmynan 8 ýaşa çenli berhiz tutsalar, sagdyn ösýärler.


Teýa
-
Saks keseli


Teýa
-
Saks keseli
-
madda çalşygynyň nesle geçýän
bozulmasydyr. Şeýle keseli çagalar seýrek bäş ýaşa çenli

ýaşaýarlar. Bu kesel iňlis lukmany Morren Teýanyň we
amerikan newropatology Bernard Saksyň atlary bilen
baglanyşyklydyr. 1881
-
nji ýylda Teý näsagyň gözleriniň
üýtgemelerini beýan edýär, Saki bolsa öýjüklerde howply
üýtgemeleriň bolup geçýändigini we onuň
sebäbi nesle
geçijiligiň bolup durýandygyny düşünýär. Teýa
-
Saks keseli
autosom
-
resesiw görnüş boýunça nesilden nesle geçýär. Adatça
geterozigot göterijilerde keseliň alamatlary ýüze çykmaýar. Bu
kesel öz gelip çykyşyny Merkezi we Günorta Ýewropadan alyp
ga
ýdýan ýewreýleriň (aşkenazi) nesilleriniň arasynda has
ýaýrandyr. Aşkenazi ýewreýleriň takmynan 25
-
den 1
-
i göteriji
bolup durýar. Başga populýasiýalarda bu gatnaşyk 1:250
deňdir.

Teýa
-
Saks keselli çagalar ýaşaýyşyň ilkinji 6 aýlarynda
kadaly ösýärler. Soň
ra olar galmagala örän duýgur bolýarlar we
olaryň görüşi ýuwaş
-
ýuwaşdan peselip başlaýar. Takmynan 1
ýaşa golaý olarda epileptomorf häsiýetli tutgaýlar başlanýar,
muskullary gowşaýar, hereketleriň ugrukmasy bozulýar,
ýuwutmaklyk kynçylyk bilen geçýär, öýke
nler öz hyzmatyny
ýerine ýetirip bilmeýärler. Takmynan bäş ýaşa golaý letal
-
ölüm

soňy bolup geçýär. Sebäbi şol pursada çenli nerw ulgamy doly
dargaýar.


116


10.6. Öz
-
özüňe

gözegçilik etmegiň bozulmalary



Öz
-
özüňe gözegçilik etmegiň impulsiw bozulmalary
-
öz
islegleriňi dolandyryp bilmek ukybynyň bozulmalarynda ýüze
çykýar. Öz
-
özüňe gözegçiligi bozulan adamlar duýdansyz
hereket edip, özlerine zyýan ýetirýärler. Impulsiw özüňi alyp
barşyň özi howply däl we adamlaryň köpüsi duýdansyz islegiň
täsirinde hereket ed
ýärler. Emma bir hatar ýagdaýlarda
impulsiw özüňi alyp barmak betbagtçylyga eltip bilýär. Indiki
mysallara ýüzlenmek bolar: maddy üpjünçiligi pes bolan erkek
kişi gymmat ulagy almaga isleýär. Ol bu maksada ýetmek üçin
ähli zada taýýar (ogurlyk, adam janyna

kast etmeklik we howp
bilen baglanyşykly beýleki hereketler).


Öz
-
özüňe gözegçilik etmegiň bozulmalarynyň arasynda
kleptomaniýany (ogurlykdan saklanyp bilmezli
k
), gemblingy
(humarly oýunlara ýykgynlyk), trihotillomaniýany (öz
saçlaryňy goparmak), piromani
ýany (otlamaga ýykgynlyk)
tapawutlandyrmak bolýar.

Öz
-
özüňe gözegçilik etmegiň bozulmalarynyň aýratyn
toparyna iýmitlenişiň

bozulmalary



anoreksiýa (iýmiti inkär
etmeklik) we bulimiýa (örän köp mukdarda iýmeklik)
degişlidir.


Gembling


Gembling (iňlis d
ilinden terjime edilende “gample”


humarly oýun)


bu humarly oýunlara ýykgynlykdyr. Bütin
dünýäde patologiki gembling ýagdaýlarynyň ýygylygy
ýokarlanýar. Bu bolsa ýiti duýmalary başdan geçirmäge gowy
görýän adamlary özüne çekýän edaralaryň resmileşdirilm
egi
bilen baglanyşyklydyr: kazino, at çapyşyklary, dürli oýun
awtomatlary we beýlekiler. Öz
-
özüňe gözegçilik etmegiň ähli
bozulmalarynyň takmynan 25% gemblinge degişlidir.


117

Gemblinge ilatyň dürli gatlaklary goşulýarlar. Häzirki
wagtda ad
a
mlaryň 3% golaýy b
u garaşlylykdan ejir çekýärler.
Aýallara garanyňda erkekleriň arasynda gemblerler has köpdür.
Patologiki gemblengiň kemala gelmeginiň 2 döwri beýan
edilýär. Birinji döwrüň dowamynda gembler eýforiýany
(keýpiň ýokary göterilişini) duýýar. Ol utulsa
-
da, öz
ü
stünliklerine guwanýar we geljekde dörejek meseleleri inkär
edýär. Adam oýuna goşulyp ýuwaş
-
ýuwaşdan ösüşi togtaýar,
onuň gyzyklanmalar topary daralýar, psihikasy bozulýar. Ikinji
döwür arzuwlaryň aldanmagy bilen utgaşýar. Bu döwürde öz
janyňa kast etmek ý
agdaýlary köpelýär.

ABŞ
-
da patologiki gembleriň 25%
-
ne golaýy işsiz
adamlar bolup durýar. Gemblerleriň arasynda jenaýatçylygyň
sany ýokarydyr.

Gemblingiň ilkinji öňüni alyş çäresi üçin howp toparyny
kesgitlemek zerurdyr. Psihologlaryň belläp geçişi ýaly,

gembler
çagalar irki ýaşda ýokary aragatnaşyga meýillilik, utanjaňlygyň
ýoklugy bilen tapawutlanýarlar. Adatça, betbagt maşgalalardan
ýa
-
da ata
-
enesi oýunçy maşgalalardan bolan çagalarda oýuna
ýykgynlyk bellik edilýär.

Gembler çaga hemişe dartgynlyk ýagd
aýynda bolýar.
Bu ýagdaý neşekeşligiň kemala gelmegi üçin amatly toprak
bolup durýar. Oýun awtomatlary bilen meşgullanýan çagalara
temmi bermeli däl
-
de, olary bejermeli.

Uly ýaşly erkek gemblerleriň şahsy häsiýetnamalaryna
beýleki adamlaryň

üstünden


küm sürmek ymtylyşy,
gaharjaňlyk, aldawçylyk, jogapkärçiliksiz degişlidir. Aýal
gemblerlere bolsa, adaty garaşlylyk, tabyn bolmaklyk we işjeň
däl gaharjaňlyk, üstünlige adaty däl usullar bilen ymtylmaklyk
mahsusdyr. Patologiki gembling öz genetiki tebigaty

boýunça
multifaktorial we poligen kesellere degişlidir. Dofamin
neýromediator agyry duýgysynyň, oňaýly we oňaýsyz
emosiýalaryň kemala gelmegine gatnaşýar, şeýle hem,
“sylaglanma duýgysy” bilen berk baglanyşyklydyr.

118

Gemblerlere ýöriteleşen dofamin nerw ýol
larynyň işleýşiniň
bozulmagy netijesinde “ýeterlik däl sylaglanma duýgysy”
mahsus diýip hasaplaýarlar. Hut şonuň üçin bu adamlar ýeterlik
bolmadyk fiziologiki “sylaglanmany” humarly oýunyň üsti
bilen öwezini dolmaga çalyşýarlar. Şeýle ýagdaýda
gemblerlerde

beýnidäki biohimiki hadysalaryň güýji we ugry
üýtgeýär we olar lezzet alýarlar.


10.7. Iýmitlenişiň bo
zulmalary


Iýmitiň psihologik ähmiýeti onuň iýmit hökmünde
gymmatlygynyň çäklerinden çykýar. Adatça adamlar iýmitiň
taýýarlanyşyna we saçagyň bezegine k
öp wagt sarp edýärler.
Adam iýmitden diňe fiziki däl
-
de, emosional taýdan hem
garaşlydyr. Aç adam gaharly, gyjyndyrylan bolýar. Käbir
adamlar üçin iýmit örän uly ähmiýete eýe bolup, olar iýmite
degişlilikde adaty däl däpleriň “gullary” bolýarlar. Iýmitleni
şi
bozulan adamlar hemişe öz islegleri bilen göreşde bolýarlar.

Iýmitlenişiň anoreksiýa we bulimiýa görnüşleri has
içgin öwrenilendir. Köplenç iýmitiň bozulmalary maşgalalarda
syn edilýär.





Anoreksiýa


Anoreksiýa
-
döwrebap jemgyýetiň döredýän talaplary
na
eýermek netijesinde aýalyň özi tarapyndan döredilýän kesel
hasaplanylýar. Bu ýerde hortaňlyga uly üns berilýär.
Anoreksiýany diňe psihologiki serişdeler bilen bejermek kyn,
sebäbi, onuň esasynda biologiki sebäpler hem bar.

Anoreksiýa keselinde adamlar
aňlanylan ýagdaýda
iýmitden ýüz öwürýärler we öz bedenleriniň kadaly agramynyň

119

15% ýitirýärler. Adatça anoreksiýa jynsy kämillik döwründe
başlaýar we düzgün bolşy ýaly, orta ýa
-
da ýokary gatlakdaky
ýewropaly aýallaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Käbir
popul
ýasiýalarda anoreksiýanyň ýygylygy uly däl (0,1
-
0,7%),
käbirlerinde bolsa ýokarydyr (1
-
3%). Ähli näsaglaryň 95%
-
ni
aýallar düzýändir. Şeýdip, anoreksiýa ABŞ
-
da 8 million
adamda ýüze çykaryldy (populýasiýanyň 3%
-
ne golaý), olaryň
7 milliona golaýy aýallardy
r.

Göni manyda ano
reksiýa sözi “işdäsiz” diýmekligi
aňladýar. Anoreksiklerde açlygyň ähli alamatlary ýüze çykýar:
pes gan basyşy, ýürek urgusynyň haýallamagy, sowuklyk
duýgusy we beýlekiler. Anoreksiýanyň 15
-
den 21% çenli
ýagdaýlary letal
-
ölüm bilen tamam
lanýar.

Anoreksiýany kemala getirýän daşky täsirlerine


owadan bedene ýykgynlyk degişlidir. Mundan başga
-
da, ata
-
eneleriň öz çagalaryň daşky keşbi we agramy dogrusyndaky
üznüksiz aladalary hem iýmitlenişiň bozulmagyna getirip
bilýär. Özüňi alyp baryşyň ş
eýle görnüşi orta we ýokary
gatlaklara mahsusdyr. Alakalarda geçirilen tejribeler
de


haýwanlaryň anoreksiki özüň
i alyp baryşy bilen, dokluk
merkezi diýip atlandyrylýan , gipotalamus böleginde döreýän
bozulmalarynyň arasynda baglanyşyk ýüze çykaryldy.
Görk
ezilen bölegiň bölekleýin bozulmagy, adrenalin
neýromediatorynyň oňa edýän täsirini gowşadýar. Iýmiti az
mukdarda özleşdirmeklige ýuwaş
-
ýuwaşdan uýgunlaşma bolup
geçýär. Sebäbi iýmitiň örän az mukdarynda
-
da dokluk duýgysy
döräp başlaýar. Alakalaryň dokluk
merkeziniň töwereginde
serotoninyň derejesiniň ýokarlanmagynda iýmitiň ulanylyşy
bes edilýär we açlyk başlanýar. Neýromediatorlaryň täsirleri
alakalarda we adamlarda birmeňzeşdir. Serotonin
neýromediatry 1950
-
nji ýyllarda açyldy. Ol özüňi alyp baryş
ýüze ç
ykmalarynyň köpüsine täsir edýär: açlyk, uky, jynsy
jogap, gaharjaňlyk, sussypeslik, aladaçyllyk we kabul ediş.
Janyna kast etmek ýykgynlykly, gaharjaň we sussypes

120

adamlarda serotoniniň pes derejesi ýüze çykaryldy. Hemişe
aladaçyllyk ýagdaýynda bolan, ukys
yzlykdan ejir çekýän
adamlarda bolsa, serotoniniň ýokary derejesi bellik edildi.
Anoreksiýaly adamlarda serotonin maddasynyň täsiriniň
ýokarlanmagy bir hatar psihologik häsiýetnamalar bilen
utgaşýar


kämillige we tertibe ymtylyş, nerwoz ýagdaýy,
ýaşyň ula
lmagyndan gorky, öz
-
özüňi pes bahalandyryş we
beýlekiler. Şeýle adamlar üçin açlyk bu oňaýsyz ýagdaýlardan
sapl
anmagyň synanşygy bolmagy mümkin
dir. Anoreksiýaly
adamlarda beýniniň kortizol gormonynyň derejesi ýokary
bolýar. Adatça, bu madda dartgynly ýagda
ýlara jogap täsiri
hökmünde bölünip çykýar. Anoreksiýa ýykgynlyk poligen
häsiýete eýe diýen garaýyş bar. Häzirki wagtda anoreksiýa
ýykgynlygyň genlerynyň biri ýüze çykarylypdyr. Ol birinji
hromosomanyň gysga egninde ýerleşendir.

Bulimiýa

Bulimiýa aýallary
ň 1
-
3%
-
inde we erkekleriň 0,2%
-
inde
duş gelýär. Keseliň käbir alamatlary has uly sana häsiýetlidir
-
5
-
15%. Esasan bu ýetginjek gyzlar we ýaş aýallardyr.
Bulimiýanyň alamatlary adatça ýetginjeklik döwründe
başlanýar. Bulimiýaly näsaglar iýmiti köp mukdarda
ö
zleşdirenlerinden soňra, iýen zatlaryny sportyň, yzyna
gaýtarmagyň üsti bilen organizmden çykarmaga çalyşýarlar.

Ekizlerde geçirilen barlaglar bulimiýanyň nesle
geçijiligi 83%
-
e deňdigi ýüze çykaryldy. Bu ýerde bir gen däl
-
de, birnäçe gen barada gürrüň edi
lýär, ýagny, bu poligen
gözegçilige eýedir. Bulimiýanyň kemala gelmegine getirýän
gurşaw görkezijilerine sosial meseleler, psihologiki şikesler we
şahsy gatnaşyklardaky kynçylyklar degişlidir. Alymlar
sussypeslige ýykgynlygyň we iýmitlenişiň bozulmagynyň
g
enleriniň arasynda arabaglanyşygy göz öňünde tutýarlar.

Bulimiýanyň kemala gelmeginde serotonin täsiriň
peselmeginiň orny aýratyn bellik edilýär. Serotonin keýpiň
dolandyrylyşyna gatnaşýanlygy sebäpli, berlen neýromediatryň

121

işjeňliginiň bozulmagy kämillik

baradaky aladaçyllygy we
yzarlaýjy pikirleri döredýär, işdäniň gözegçiligine täsir edýär
we şeýlelikde bulimiýa bolan ýykgynlygy ýokarlandyrýar.
Bulimiýaly adamlar köplenç özlerini kömege mätäç duýýarlar,
özlerini pes bahalandyrýarlar. Bulimiýaly aýallar
köplenç öz
bedenleri barada nädogry garaýyşda bolýarlar. Olara alkogol
ýa
-
da neşekeşlik garaşlylygy utgaşyp biler. Bulimiýaly
näsaglaryň bejergisinden soňra, seroto
nin işjeňligiň
üýtgemeleriniň ýi
tmeýändigi bellik edildi. Şonuň üçin
bulimiýanyň alamatlary
hem doly ýitmeýär.


10.8. Himiki garaşlylyk



Arakhorlygyň genetikasy


Arakhorlygyň kemala gelmegi üçin zerur şert alkogolyň
elýeterliligi bolup durýar. Alkogol gadymy döwürlerden bäri
bellidir. B.e.öň X we V asyrlaryň arasynda ekerançylygyň ýüze
çykmagy
bilen, köp populýasiýalarda alkogoly ulgamlaýyn
öndürilmegi mümkin boldy. Alkogoly ulanmaga onuň
psihotropiki täsirleri itergi bermegi mümkin. Olar adama gorky
duýgysyny ýeňip geçmäge kömek edýär. Alkogol özüniň hut şu
häsiýeti üçin örän irki dini däplerin
e girizilen bolmagy
mümkindir. Alkogoly arassalamak usuly takmynan, b.e.öň X
asyrynda ýüze çykdy. Şol döwürden başlap, konsentrirlenen
alkogol içgilerini öndürip başlaýarlar. Xlll we XlV asyrlaryň
dowamynda bu tehnologiýa Ýewropada ýaýrap, arakhorlyga
başl
angyç berýär.

Arakhorluk
-
spirtli içgileri ulanmaklyga gözegçilik
etmegiň bozulmalarynda döreýän kesel bolup durýar.
Populýasion
-
genetiki barlaglaryň görkezişi ýaly, arakhorluk
ortaça adamlaryň 3
-
4%
-
inde kemala gelýär. Erkekler aý
a
llara
garanyňda 10 esse k
öp keselleýärler.


122

Özüniň himiki tebigaty boýunça alkogol uglewodlara
degişli bolup, ony uly mukdarda özleşdirýän adamlar üçin
energiýanyň çeşmesi bolup durýar. Güýçli arakhorlar üçin
berlen madda olaryň energetiki talaplaryň ýarysyny düzýär.
Alkogol aç öd
e içilenden soňra, ol 5
-
10 minudyň dowamynda
aşgazana siňýär. Alkogolyň täsiri birnäçe sagat dowam edýär
we adamyň bedeniniň agramyna baglydyr. Hut şol sebäpli
alkogolyň birmeňzeş mukdary düzgün bolşy ýaly, erkeklere
garanyňda aýallara has güýçli täsir edý
är. Arakhorlyk maşgala
toplumyny ýüze çykarýar. Maşgala toplumynyň sebäpleri nesle
geçijilik we medeni aýratynlyklar bolup bilýär. Şeýdip, eger
-
de
adamyň birinji garyndaşlyk derejeli garyndaşy arakhorlukdan
ejir çekýän bolsa, onuň özünde arakhorlygyň kemal
a gelmek
howpy 4 esse ýokarlanýar.

Fiziologlar endogen we ekzogen alkogoly
tapawutlandyrýarlar. Endogen alkogol
-
bu maddalaryň tebigy
çalşygynyň önümidir. Ekzogen alkogol
-
bu içgidir. Adamda
endogen alkogolyň derejesi madda çalşygynyň aýratynlyklary
bilen k
esgitlenýär we genotipiň gözegçiliginde bolýar.
Alkogolyň madda çalşygy


arakhorlyga ýykgyn etmeklige
täsir edýän biologiki sebäpleriň biri bolup durýar. Dürli
jynslaryň wekilleriniň alkogola birmeňzeş jogap berýändikleri
bellik edildi. Ýewropanyň ýaşaýjy
lary, aýratyn hem
slawýanlar, mongoloid jynsdan tapawutlylykda alkogoly köp
mukdarda özleşdirselerde, hemişe arakhorlar bolmaýarlar. Öňki
SSSR
-
iň territoriýasynda ýaşan kiçi demirgazyk halklar rus
medeniýetiň “içgili” däplerine gabat gelenlerinde gyrylmany
ň
çäklerinde bolupdyrlar. Awçylar we balykçylar hiç haçan spirtli
içgileri taýýarlamaklyga gatnaşmandyrlar. Sebäbi olaryň
gazaply klimatynda zerur şertler ýokdy. Şonuň üçin ewolýusiýa
bu adamlarda alkogoly gaýtadan işläp çykarmak üçin zerur
bolan ferment u
lgamlary kemala getirmändir. Haçan
-
da kiçi
halklaryň wekilleri öz zähmetiň önümlerini spirtli içgiler bilen
alyş
-
çalyş edip, bu içgiler çäksiz mukdarda elýeter bolanyndan

123

soňra, olaryň köpüsiniň birnäçe aýyň dowamynda
arakhorlykdan aradan çykýandyklary bel
lik edildi. Dürli
halklaryň wekilleri ösümlik gelip çykyşly beýleki neşe
serişdelerine hem birmeňzeş durnuklylyga we duýgurlylyga eýe
däldirler.





Neşekeşligiň genetikasy

Neşe serişdeleriň giň elýeterliligi sebäpli häzirki wagtda
neşekeşlik uly sosial m
esele bolup durýar. Ekizler
barlaglarynyň görkezişi ýaly, neşekeşligiň nesle geçijiligi 30%
deňdir. Dürli neşe serişdelerine ýykgynlyk birmeňzeş genetiki
düzüjisine eýe däldir. Geroin neşekeşligine 50%, psihodeliki
serişdelerine bolsa ýykgynlyk 26%
-
e deňdi
r. Psihodeliki
serişdeleriň ulanylmagyna ýokary derejede (53%) maşgaladan
daşarky gurşaw täsir edýär. Neşekeşlige ýykgynlygyň wajyp
görkezijileriniň biri adamyň täzeçilligi gözlemek ýaly
psihologik häsiýeti bolup durýar. Daşky gurşaw adamy neşäni
dadyp gör
meklige itekleýär, genler bolsa ony kesgitli neşä
“oturdýarlar”.

Kofein resmi rugsat berlen, has elýeter neşe
serişdelerine degişlidir. Ol ýeňil oýandyryjylara degişlidir. Bu
maddanyň köp mukdary ukydan oýarýar, örän köp mukdary
bolsa eşidiş we görüş gall
ýusinasiýalary
-
göz öňüne gelmeleri
döredip bilýär. Kofein ýürek urgylaryň ýygylygyny we gan
basyşyny ýokarlandyrýar, dem alyşy çaltlandyrýar. Kofein
kofeniň ýa
-
da koka
-
kola içginiň üsti bilen organizme köp
mukdarda düşüp bilýär. Oýandyryjy täsir üçin kofei
nyň 200mg
ýa
-
da iki käse kofe ýeterlikdir. Kofeinyň 10g golaýy (100 käse
güýçli kofe) içilenden soňra, ölüme eltýän ýagdaýlar hem bellik
edilýär. Düwünçek içine täsir edýän kofeinyň ýokary mukdary
bäbegiň bedeniniň ölçeglerine täsir edýär. Eger
-
de aýal

124

göw
relilik döwründe kofe ýa
-
da koka
-
kola köp içýän bolsa,
onda olarda çagany ýitirmek howpy 2 esse ýokarlanýar. Sebäbi
kofein dem alyş merkezlerini oýandyrýar we ol ýetmezçilik
edende, düwünçegiň dem alyşy kynlaşýar.

Marihuanna rugsat berilmedik, has köp ula
nylýan neşe
serişdesi bolup durýar. Marihuannanyň işjeň düzüjisi
tetragidr
okannabinol bolup durýar
.


Tetragidrokannabinolyň molekulasy


Marihuannanyň täsiri 1
-
4 sagat dowam edýär. Onuň
täsirinde adam rahatlanýar.
Neşekeşler

mari
huanany
çekenlerinden soňr
a, reň
kler we sesler has güýçli kabul edilýär,
olar durmuşa we beýleki adamlara has oňyn gatnaşykda
bolýarlar. Olar has sabyrly we duýgydaş bolýarlar, käbirlerinde
döredijilige ukyp ýüze çykýar. Şol bir wagtyň özünde
marihuan
n
a gysga wagtyň içinde adamyň ü
nsi jemläp bilmek
ukybyny peseldýär we reaksiýanyň wagtyny azaldýar. Şonuň
üçin ol ýol
-
ulag betbagtçylyklarynda howp görkezijisi bolup
durýar.


Çilimkeşligiň genetikasy


125

Çilimkeşlik netijesinde örän köp adam aradan çykýar.
Çilimleriň işjeň maddasy nikotin
bolup durýar. Ýykgynlyk
derejesi boýunça nikotin geroin bilen meňzeşdir, ýöne
populýasiýanyň saglygyna onuň zyýanly täsiri has ýokarydyr.
Nikotin oýandyryjy we galagoplylygy, aladaçyllygy peseldiji
serişde bolup durýar. Nikotin öýkenden beýnä birnäçe sekun
tda
ýetýär, ýöne organizm üçin onuň täsiri 30 minuda golaý dowam
edýär. Çilimi gaýtalap çekmeklik sussypesligi we ýadawlygy
döredýär. Şonuň üçin çilimkeş has köp çilim talap edýär.
Çilimiň tüssesiniň düzüminde dürli gazlar bar. Nikotinden
başga
-
da çilimde
gurum hem bardyr. Ol rak keseli döredýär.
Çilim çekýän enelerde kemli çagalaryň dogulmak ähtimallygy
uludyr.




EDEBIÝAT


1.

Berdimuhamedow Gurbanguly. Ösüşiň täze
belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 1
-
nji tom.


Aşgabat, 2008.

2.

Berdimuhamedow Gurban
guly. Ösüşiň täze
belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 2
-
nji tom.


Aşgabat, 2009.

3.

Berdimuhamedow Gurbanguly. Ahalteke bedewi


biziň buýsanjymyz we şöhratymyz.


Aşgabat, 2009.

4.

Berdimuhamedow Gurbanguly. Döwlet adam üçindir.


Aşgabat, 2008.

5.

Berdim
uhamedow Gurbanguly. Türkmenistan


sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy.
-

Aşgabat, 2007.

6.

Berdimuhamedow

Gurbanguly
.
T
ü
rkmenistanda

saglygy

gora
ýş
y

ö
sd
ü
rmegi
ň
ylmy

esaslary
.
-

A
ş
gabat
,
2007.


126

7.

Berdimuhamedow

Gurbanguly
.
Gara
ş
syzlyga

guwanmak
,
Watany
,
halky

s
öý
mek
.


bagtdyr
.
-

A
ş
gabat
, 2007.

8.

Berdimuhamedow Gurbanguly. Eserler ýygyndysy. I
tom
-

Aşgabat, 2007.

9.

Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. A., 2001.

10.


Айала Ф., Кайгер Дж. ©Современная генетикаª. Т.1
М.:Мир, 1987.

11.


Айала Ф., Кайгер Дж. ©Современная генет
икаª. Т.2
М.:Мир, 1988.

12.


Айала Ф., Кайгер Дж. ©Современная генетикаª. Т 3
М.:Мир, 1988.

13.


Бердышев Г.Д., Криворучко И.Ф. ©Генетика
человекаª. Киев, 1979.

14.


Малиновский А.А. ©Физиология и одарѐнностьª.
Природа,1979, №9.

15.


Инге
-
Вечтомов С.Г. ©Генетика с осн
овами
селекцииª М.:Высшая школа, 1989.

16.


Ниль Дж.,

Шелл У. ©Наследственность человекаª.
М: ИЛ, 1958.

17.


Трут Л.Н. ©Очерки по генетике поведенияª
Новосибирск: Наука,СО.1978.

18.


Штерн К. ©Основы генетики человекаª. М: ИЛ,
1965.

19.


Эфроимсон В.П. ©Введение в меди
цинскую
генетикуª М.:Медицина,1968.

20.


Эрман Л., Парсонс П. ©Генетика поведения и
эволюцияª М.:Мир,1984.








127


Mazmuny

Giriş.
.......................................................
.........................7

Bap I. Psihogenetikanyň dersi we
wezipeleri

1.1.
Psihogenetikanyň dersi, ýüze çykyşy
we ösüşi……… .9

1.2. Psihologiýada indiwiduallyk
-
özboluşlylyk meselesi
…..
11

1.3. Psihogenetikanyň usullary...........................................
...15

Bap II. Jandarlaryň öýjük gurluşy

2.1. Öýjük taglymaty barada düşü
nje.................................
...17

2.2.Öýjük organoidleri we olaryň häsiýetnamasy............
......20

2.3.Öýjük merkezi we hromoso
malar……………………....22

III Bap. Nesle geçijiligiň maddy göterijileri

3.1. Genli mutasiýalar we dogabitd
i kemçilikler......
.............27

3.2. Autosom we jynsy hromosomalaryň alamatlary.............
29

3.3. Kabul edişiň genetiki gözegçiligi...................................
.34

IV Bap. Adamyň genetikasynda ekizler

4.1. Ekizleriň öwreniliş taryhy................................
............
...37

4.2. Ekizleriň görnüşleri.....................
................................... 39

4.3. Ekizleriň dogulmak ýygylygy.............
........................... 43

4.4. Ekizleriň maşgalalary..................................................
.
...44

V Bap. Jynsy we gender tapawutlar

5.1. Jynsyň hromosom kesgitlenilişi....
............................... 45

5.2. Akyl ýetirişiň we şahsy häsiýetleriň

gender tapawutlary
..
.............................................................. 48

5.3. Gende
r tapawutlarda daşky gurşawyň täsiri...................

49

5.4. Terbiýe we jynsy
-
orun gönükmeleri
...............................50

VI Bap. Populýasiýanyň (ýaýraýyşyň) gurluşy we genetiki
hadysalar

6.1. Alleleriň ýygylygyny tapmak...........................
............
....51

6.2. Genleriň üýtgeýjiligi........................
........................... .... 53

6.3. Esaslandyryjynyň täsiri............................................
........5
6

6.4. “Çüýşe bokurdajygy” täsiri...............
......................
.........5
7

6.5. Genleriň akymy.....................................
..........................5
8

6.6. Inbriding............................................................
..............60


128

6.7. Autbriding.....................................................
....
............62

6.8. Nika assortatiwligi
-
saýlap
-
seçijilig
i..............................62

VII Bap. Adamzat dürliligi


7.1. Beden gurluşy..................................
..............................64

7.2. Ýüz keşbiň gurluşy..........................
.
.............................69

7.3. Pigmentasiýa (deriniň reňki).............
............................71

7.4. Temperamentiň aýratynlyklary we

beýniniň elektrik işjeňligi
....................................................72

7.5. Derman serişdelerine
b
olan duýgurlylygyň

tapawudy............................................................................. 74

VIII Bap. Intellektual
-
akyl tapawutlaryň genetiki esaslary

8.1. Sowalnamany geçirmegiň meselel
eri...........................77

8.2. Intellektiň ge
netiki barlaglary...........................
............79

8.3. Flinn täsiri......................................
...............................82

8.4. IQ
-
nyň populýasiýalar arasyndaky tapawudy.
..............84

IX Bap. Şahsy aýratynlyklaryň genetikasy

9.1
. Şahsyýetiň häsiýetnamalarynyň ekizler barlaglary.....
...88

9.2. Dermatoglifika we şahsyýet..........
.................................89

9.3. Şahsyýetiň molekulýar
-
genetiki

barlaglary....................90

9.4. Nesle geçijilik we hünär....................
...
..........................92

9.5. Jemgyýete garşy gönükdirilen (antisosial) we
jenaýatçylykly özüňi


alyp baryş.....
................................................................. 93

9.6. Agressiwligiň (gaharjaňlygyň)
genetiki esaslary.........
..97


X Bap. Özüňi alyp baryş bozulmalarynyň genetiki esaslary
.

10.1. Psihiki keselleriň genetiki tebigaty........................
..... 100

10.2. Serhetleýin psihiki ýagdaý
laryň sosial alamatlary.......103

10.3.
Şizofreniýa.................................
................................
... 104

10.4. Ontogenezde psihiki bozulmalar.....
..............................1
0
6

10.5. Beýniniň organiki bozulmalary.....
................................110

10.6. Öz
-
özüňe gözegçilik etmegiň

bozulmalary...................1
16

10.7. Iýmitlenişiň bozulmalary.....
.........................................118

10.8. Himiki garaşlylyk......................................

..................121


Edebiýat
...............................................................................1
25


Приложенные файлы

  • pdf 19153036
    Размер файла: 2 MB Загрузок: 9

Добавить комментарий